TEŇŇELI DEMREWIŇ ALAMATLARY WE BEJERGI USULLARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.70 (10 Ses)

"Käwagtlar men özümi, öz derimi ýigrenýärin..."

"Ýene bejergi almagyň nämä geregi bar? Köp serişdeler ulanylyp görüldi, emma kesel ýene gaýdyp gelýär. Men ýadadym."

"Men gysga ýeňli köýnekleri hem geýip bilemok..."

"Häzirki zaman lukmançylygy peýdaly bejergini tapyp bilmeýärmikä?"

Şeýle jümleleri lukman teňňeli demrew (psoriaz) keselinden ejir çekýän näsaglardan köp gezek eşidýär.

Bedeniň hemme ýerine ýaýraýan teňňeli demrew tümmejikleri, keseliň ýygy-ýygydan gaýtalanyp durmagy näsaglaryň umumy ýagdaýyny ýaramazlaşdyryp, onuň sosial işjeňligini pese gaçyrýar.

Teňňeli demrew – dowamly deri keseli bolup, deriniň, dyrnaklaryň, bogunlaryň zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýändir. Bu kesel üçin deriniň üstünden galyp duran gury, gyzyl menekleriň emele gelmegi mahsusdyr. Bu menekleri psoriaz tümmekleri diýip hem atlandyrýarlar.

Tümmekler deriniň buýnuzlaşdyryjy öýjükleriniň (keratinositler) aşa köpelmegi we deride limfositleriň, makrofaglaryň (immun ulgamynyň goraýjy öýjükleri) ýygnanmagy netijesinde emele gelip, onuň galňamagyna, onda gatan parafine meňzeş solgun çalymtyk ýa-da kümüşsow menekleriň emele gelmegine sebäp bolýar. Bu menekler birleşip "parafin köljagazlaryny" emele getirip bilýärler. Teňňeli demrewiň tümmekleri birinji gezek köplenç köp sürtülmä we basyşa sezewar bolýan ýerlerde-tirsek we dyz epinlerinde, ýanbaşda peýda bolýar. Şeýle-de olar deriniň islendik ýerinde, şol sanda kelläniň saçly böleginde, elleriň aýasynda, dabanyň aşagynda, daşky jyns agzalarynda döräp biler. Tirsek we dyz bogunlarynyň içki ýüzüni zeperlendirýän ekzema keselindäki örgünlerden tapawutlylykda, teňňeli demrewiň tümmejikleri bogunlaryň daş tarapynda ýerleşýärler.

Teňňeli demrew bejergi çäreleri netijesinde gowşap, käbir ýaramaz daşky täsirleriň (alkogol içgileri, nerw dartgynlylygy, ýokanç keselleriň birleşmesi) netijesinde ýene beterleşip biler.

Keseliň geçiş görnüşi uly bolmadyk deri zeperlenmelerinden, bütin bedene ýaýraýan teňňeli demrewiň örgünleri bilen tapawutlanyp biler. Köp ýagdaýlarda (kadaly bejergi geçirilmese) keseliň geçişiniň agyrlaşmagy, beterleme döwürleriniň ýygylaşmagy, deride zeperlenme meýdanynyň köpelmegi bolup biler. Köplenç aýaklaryň ýa-da elleriň (ýa-da bile) dyrnaklarynyň şikeslenmegi ýüze çykyp, kä halatlarda ol deridäki üýtgeşmelersiz hem döräp biler. Teňňeli demrew bogunlaryň sowuklamagyna (psoriaz artriti) hem getirip, bu kesele ýolugan näsaglaryň 10-15%-i bogun şikeslenmelerinden ejir çekýändir.

Teňňeli demrew agyrlyk derejesi boýunça ýeňil (deriniň 3%-den az meýdanynyň zeperlenmegi), orta (deriniň 3-10% böleginiň zeperlenmegi) we agyr (10%-den köp zeperlenme meýdany) görnüşlere bölünýändir.

Bogunlaryň teňňeli demrewli şikeslenmesi agyr derejeli geçişe degişli edilýändir. Ondan başga-da, keseliň agyrlyk derejesi kesgitlenende diňe zeperlenen meýdanyň göwrümi göz öňüne tutulman, eýsem teňňeli demrewiň tümmekleriň çişginlilik ýagdaýyna, deri gijilewügine, deriniň galňama derejesine, onuň soýulma ýagdaýyna, bogunlaryň çişginliligine we agyrysyna, ganyň derňewine hem baha berilýändir.

Teňňeli demrew köp görnüşlerde ýüze çykyp bilýär. Onuň aýry görnüşleriniň üstünde gysgaça durup geçeliň.

Ýöne çäkli dörän teňňeli demrewli eritrodermiýa keseliň birinji alamaty bolup, soňundan adaty teňňeli demrew görnüşinde galyp biler.

Teňňeli demrew deri örtüklere, şol sanda daşky keşbe zeper ýetirip, adamda ruhy kynçylyklaryň döremegine sebäp bolup biler. Teňňeli demrewe uçran näsaglar öz daşky keşbine köp üns berip, göwniçökgün bolýarlar, jemgyýetde şahsyýet hökmünde kabul edilmezlikden, jynsy gatnaşyklarda ýüze çykjak kynçylyklardan howsala düşüp, ruhy gamgynlylyk ýagdaýlaryna sezewar bolup bilerler. Bu ýagdaý bolsa olary deri keseller lukmany bilen bilelikde psihoterapewt lukmanyň maslahatyna hem mätäç edip biler.

Häzirki wagtda teňňeli demrewiň döremegine getirýän sebäpler entek doly anyklanan däldir. Bu kesel köp sebäplere baglydyr. Barlagçylaryň köpüsi deri öýjükleriniň islendik şikeslenmesine jogap hökmünde immun ulgamanyň işjeňleginiň çenden aşa artmagy bilen baglydyr diýen immunologiki çaklamany öňe sürýärler. Käbir barlagçylar bolsa, bedeniň endokrin ulgamynyň üýtgemeleriniň hem (galkan şekilli mäziň işiniň peselmegi, ösmek gormonynyň, prolaktiniň  derejesiniň köpelmegi, jyns gormonlarynyň ýetmezçiligi) teňňeli demrewiň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýändigini nygtaýarlar.

Häzirki wagtda ylymda teňňeli demrewiň döremegine jogapkär gen toplumynyň hem bardygy bellidir. Ýöne ol gen toplumynyň keseli döretmekde özara arabaglanşygy doly öwrenilen däldir. Deriniň goramak häsiýetine zeper ýetirýän (deriniň şikeslenmeleri, sürtülmegi, himiki eredijileriň, spirt saklaýan erginleriň, sabynyň, ýuwujy serişdeleriň täsiri) faktorlar, deriniň ýokançlyklary, allergiki täsirliligi hem teňňeli demrewiň döremegine itergi berip biler. Geçirilen barlaglar we synlar şeýle  näsaglarda esasan dört sany üýtgemeleriň bardygyny belleýärler: bedeniň alyş-çalyş ýagdaýynyň bozulmagy, immun ulgamynyň ýetmezçiligi, endokrin bozulmalar we ýokançlyklaryň täsiri.

2008-nji ýylda teňňeli demrewyň bejergisinde täze üç sany usul tassyklanyldy:

  1. Takloneks- kelläniň saçly böleginiň teňňeli demrewi üçin ýerli bejergi serişdesi;
  2. Ýokary kuwwatly ultramelewşe şöhlelenmeleri goýberýän eksimer-lazer ulgamy. Orta agyrlykda we agyr derejeli teňňeli demrewiň bejergisinde ulanylýar;
  3. Biologiki derman bolan adalimumab antitela öýjükler toplumy. Orta agyrlykda we agyr derejede, şonuň ýaly-da teňňeli demrewli artritde ulanmaga maslahat berilýär.

Bejerginiň başynda näsaga zeperlenen ýerlere krem, melhem, ergin görnüşde derman çalmak maslahat berilýär. Eger ýerli bejergi netije bermese, derini ultramelewşe şöhleleriniň täsirine sezewar edýärler.

Häzirki wagtda lazer şöhleleri bilen bejergi, sowuk howa akymynyň täsirini (krioterapiýa) ulanmak ýaly usullar hem kämilleşdirilýär.

Lukmançylyk edebiýatynda teňňeli demrewiň bejergisinde naftalan nebitiniň peýdalylygy barada hem maglumatlar bar.

Teňňeli demrewiň bejergisinde adatça antibiotikler ulanylmaýar. Ýöne antibiotikler teňňeli demrew örgünleriniň ýokançlyklarynda ýa-da käbir ýokançlyklaryň bu keseli beterletme töwekgelligine getirýän halatlarynda ulanylyp bilner.

Deri gijilewügini aýyrmak üçin häzirki zaman allergiýa garşy serişdeler, meselem, setirizin  ulanylyp bilner.

Türkiýäniň we beýleki käbir ýurtlarda açyk suw çeşmeli kurortlarynda ihtioterapiýa (balyklaryň täsiri bilen bejergi) ulanylýar. Şol çeşmelerde ýaşaýan, Garra rufa maşgalasyndan bolan balyjaklar sag derä degmezden, deridäki teňňeli demrewiň tümmeklerini iýýärler. Şunuň ýaly "bejergiden" soň, näsagyň ýagdaýy uzak wagtlyk kadalaşýar.

Ýokarda belleýşimiz ýaly, teňňeli demrew dowamly kesel bolup, öz wagtynda we doly göwrümde alnan bejergi gaýraüzülmeleriň öňüni alyp, näsagyň ýaşaýşynyň hilini gowlandyryp biler, ýöne keseliň sebäbini doly aradan aýryp bilmeýär.