GAN BASYŞYNYŇ ÝOKARLANMA KESELI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.59 (17 Ses)

Gan basyşynyň ýokarlanma keseli (arterial gipertoniýa) – ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň içinde iň giňden ýaýran görnüşidir. Bu kesel arterial gan basyşynyň kadaly ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýär. Gan basyşynyň ýokarlanmagynyň esasynda  arteriýa damarlarynyň we olaryň has ownuk şahalary bolan arteriollaryň gysylmagy  ýa-da olaryň diwarlarynyň galňamagy we içiniň daralmagy netijesinde gan akymynyň kynlyk bilen geçme ýagdaýy ýatandyr. Gan akymyny gysylan we daralan damarlardan geçirmek üçin ýüregiň işi has hem çaltlaşyp, damar ulgamyna gan akymynyň has uly bölegi zyňylýandyr. Bu ýagdaýlaryň döremeginde süýri beýnide ýerleşýän gan basyşy kadalaşdyryjy merkeziň işiniň bozulmalary hem esasy orny eýeleýändir.

Biziň ýurdumyzda uly ýaşly ilatyň takmynan 40%-i ýokarlanan arterial gan basyşy bilen ýaşaýandyr. Şolardan, erkek adamlaryň diňe 37%-iň we aýallaryň 58%-iň öz damar ulgamynda näsazlyklaryň barlygyndan habarly bolsa-da, olardan diňe erkekleriň 22%-i we aýallaryň 46%-i kadaly bejergi çärelerini geçirýändirler. Diňe erkek adamlaryň 5,7%-i we aýallaryň 17,5%-i öz gan basyşlaryna kada laýyk gözegçilik edýändirler.

Gan basyşyň ýokarlanma keseli dowamly häsiýete eýe bolup, ol arterial gan basyşyň kadaly çäginden ýokarlanmagy bilen ýüze çykýandyr. (Sistoliki basyş 139 mm. simap sütüninden, diastoliki basyş 89 mm. simap sütüninden ýokary görkezijiler).

On näsagdan birinde gan basyşynyň ýokarlanmagy bedeniň haýsy hem bolsa bir  agzasynyň işiniň bozulmalary bilen ýüze çykýandyr. Şeýle ýagdaýlarda ikilenç (simptomatiki) gan basyşynyň ýokarlanmagy barada gürrüň edýärler. Näsaglaryň 90%-i başlangyç (essensial) ýokary gan basyşdan ejir çekýändirler. Ýöne gan basyşyň ujypsyz derejede galmagy keseliň ýüze çykýanlygyndan habar berýän däldir. Eger bu ýagdaýda degişli töwekgelçilik faktorlary anyklanylmasa hem-de beden agzalary tarapyndan zeperlenmeler ýüze çykarylmasa, keseliň bu tapgyrda öňüni almak mümkindir.

Ýöne adamyň islegi we kadaly gözegçiligi bolmasa, gan basyşy peseldip bolmaz.

Öz-özünden sorag ýüze çykýar: "Men özümi kanagatlanarly duýýan hem bolsam bu kesele çynlakaý çemeleşmelimikä?"

Wagtynda bejerilmedik keseliň yzydider, duýdansyz ýokarlanma (gipertoniki kriz) ýagdaýlaryna, ýüregiň infarktyna, beýnä gan inmelere (insult), ýürek we böwrek ýetmezçiliklerine, uly gan damary bolan aortanyň giňelip gatlaklara bölünme ýaly agyr gaýraüzülmelere getirýänligini ýatlasak, bu soraga: "Elbetde, çynlakaý çemeleşmeli" diýip jogap bersek, ýalňyş bolmaz.

Arterial gan basyşy näme?

Uly adamynyň damar ulgamynda takmynan 4,5-6 litr göwrümde gan hereket edýändir.

Ýürek gysylanda gan damarlardan hereket edip, onuň diwarlaryna basyş edýär we şol basyş "arterial basyşy" diýip atlandyrylýar.

Arterial gan basyşynyň iki görkezijisini kesgitleýärler:

Gan basyşynyň iki görkezijisi hem simap sütüniniň mm görkezijisinde ölçelýär.

Gan basyşyny nädip dögry ölçemeli?

Gan basyşyny ýörite "tonometr“ abzalynyň kömegi bilen özbaşdak ölçäp bolýandyr.

Gan basyşyny öý şertlerinde ölçemek, kadaly gözegçiligi amala aşyrmaga we edilýän bejerginiň netijeliligini bilmäge ýardam berýändir.

Barlag wagty dogry görkezijileri alyp, netijeleriň ýoýulmazlygy üçin birnäçe düzgünleri berjaý etmek peýdaly bolar:

Gan basyşy iki elde hem ölçemelidir.

Ýokary gan basyşy haýsy sebäplere görä döreýär?

Näsaglaryň 90-95%-de gan basyşynyň ýokarlanma keseli näbelli sebäplere görä ýüze çykyp, diňe 5-10% ýagdaýlarda ol belli bir beden bozulmalarynyň netijesinde döräp biler.

Ikilenç ýüze çykýan gan basyşyň ýokarlanma keseli glomerulonefrit (böwrek zeperlenmesi), böwrek arteriýalarynyň daralmasynda, aortanyň dogabitdi daralmasynda, böwreküsti mäziň täze döremelerinde, galkan şekilli mäziň işiniň ýokarlanmalarynda (tireotoksikoz) keseliň alamaty hökmünde döräp biler.

Şeýle hem, gan basyşynyň ýokarlanmasy etanolyň (çakyr spirtiniň) günde 60 ml-den köp içilmegi, käbir derman serişdeleriniň (gormon serişdeleri, ruhy gamgynlylyga garşy ulanylýan serişdeler, kokain we başgalar) kabul edilmegi netijesinde ýüze çykyp biler.

Bellik. Gartaşan adamlarda damarlaryň çeýeliginiň peselmegi netijesinde köplenç diňe sistoliki gan basyşyň ýokarlanma ýagdaýlary duş gelip biler. (Sistoliki gan basyşy 140 mm. sim. süt.  ýokary, diastoliki basyşy bolsa 90 mm. sim. süt. pes).

Keseli döredýän töwekgelçilik faktorlary

Töwekgelçilik faktorlary üýtgedip boljak hem-de üýtgedip bolmajak toparlara bölünýärler:

Üýtgedip bolmajak faktorlar:

Üýtgedip boljak faktorlar:

Ateroskleroza getirip biljek ýaglary saklaýan iýmit kabul edip, nädogry iýmitlenmek hem damarlaryň üýtgemegine, şonuň ýaly hem semizligiň döremegine getirip biler. Şonuň ýaly ýaramsyz ýaglar mal ýaglarynda, etde, ylaýta-da doňuz we goýun etinde köp saklanýandyr.

Soňky ýyllarda hemme erkekleri we köp aýallary köseýän ukuda  hor çekmek ýagdaýynyň  hem  gan basyşyň ýokarlanma keseline getirip biljekdigi subut edildi. Kadaly ukuda hor çekmek ýagdaýy döşde we garyn boşlugynda basyşyň ýokarlanmagyna getirip, damarlaryň gysylmagynyň hem sebäbi bolýandyr. Bu bolsa ýokary arterial basyşyň döremegine getirip biler.

Keseliň alamatlary

Wagtal-wagtal baş aýlanmalar, kellagyrylar, ysgynsyzlyk ýagdaýy ýüze çyksa hem, näsaglar köp ýyllar kesele üns bermän ýokary ýaşaýyş işjeňligini saklap ýaşap bilerler.

Gan basyşyň ýokarlanma keselinde aşakdaky alamatlar has aýdyň ýüze çykyp biler:

Keseliň bejergisi

Bejeriş çäreleri ýokarda bellenip geçilen, üýtgedip bolýan töwekgelçilik faktorlry aradan aýyrmak we lukmanyň gözegçiligi astynda derman serişdelerini kadaly kabul etmekden ybaratdyr.

Gan basyşyň ýokarlanma keseliniň bejergisinde esasy derman serişdeleriniň aşakdaky toparlary ulanylýar:

  1. Peşew bölüp çykaryjy serişdeler (furasemid, uregit, weroşperon).
  2. B-adrenoreseptorlary togtadyjylar (atenolol, konkor, egilok).
  3. Kalsiý garşydaş serişdeler  (werapamil, korinfar, amlodipin).
  4. Angiotenzine öwrüji fermenti togtadyjy serişdeler (kaptopril, enalapril, monopril).
  5. Alfa- adrenoreseptorlary togtadyjy serişdeler (prazozin).
  6. Imidazolin reseptorlaryň işjeňligini togtadyjy serişdeler (fiziotenz).

Lukmanyň geçiren barlaglaryndan soň bellenilen bejergi kadaly gözegçilik netijesinde alnyp barylmalydyr. Bejergini derman serişdeleriň pes mukdaryndan başlap, doly netijeliligi gazanmak maksady bilen mukdary ýokarlandyryp bolýandyr. Derman serişdeler görkezme boýunça saýlanyp, ol gije-gündüziň dowamynda netijeliligi bilen tapawutlanmalydyr  we näsag tarapdan gowy geçirilmelidir. Bir derman bilen bejergi netijesiz bolsa, gan basyşy peseldip, gaýraüzülmeleriň öňüni almak üçin dermanlaryň utgaşmasyny ulanmalydyr.

Gan basyşyň kadaly derejesini saklap, beden agzalaryň bozulmalarynyň öňüni almak üçin serişdeleri uzak wagt (köplenç bütin ömrüňe) kabul etmek maslahat berilýär.