KELLAGYRY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.18 (39 Ses)

Öz ömründe kellagyrydan ejir çekmedik adamyny tapaýmak kyn bolsa gerek. Duýdansyz ýüze çykýan ýa-da dowamly, barha güýjeýän, sorkuldaýan, gysýan, çekýän ýaly  bolup duýulýan kellagyrylary bilen biziň hemmämiz tanyş ahyryn. Kelläniň belli bir böleginde ýüze çykýan ýa-da tutuş kelläni sämedýän agyrylara öwrenşip, gezip ýören hem bolsak, gürsüldäp, gözüňi çykaryp barýan agyrylarda adam özüni nirä urjagyny hem bilmeýär.

Agyryny kabul ediji nerw süýümleriniň uçlary beýniň gaty gabygynda, damarlaryň diwarynda ýerleşendir. Şolaryň gyjyndyrylmagy netijesinde döreýän signallar beýniň uly ýarym şarlaryna ýetende agyry döreýändir.

Nerw keseller milli institutynyň (ABŞ) hünärmen toparynyň kesgitlemegine görä, kellagyry diýip, gaşlardan ýokarda, ýeňsä çenli bolan bölekde dörän islendik ýakymsyz duýgular atlandyrylýandyr. Käbir awtorlar oňa ýüzde döreýän agyrylary hem degişli edýärler.

Angliýanyň birnäçe şäheriniň ilatyna anketirlenme geçirlende, kellagyrydan haçan hem bolsa, erkek adamlaryň 73%-iniň, aýallaryň 81%-iniň ejir çekengini görkezdi. Kellagyry diňe medisina kynçylygy bolman, ol önümçilikde hem bökdençlik döredýändir. Ýarawsyzlyk sebäpli, önümçilikde müňlerçe zähmet günleri ýitirilýär. Galyberse-de, kellagyry bilen işleýän adamynyň öndürijiliginiň pes boljagy belli.

Kellagyry 45-e golaý kesellerde ýeke-täk ýa-da esasy alamat bolup bilýändir: newrozlar, gipertoniýa keseli, arterial gipotoniýa, böwrek we endokrin keselleri, nerw ulgamynyň keselleri, gulagyň, bokurdagyň, burnuň, gözüň keselleri.

Kellagyrynyň iki görnüşi has ýaýrandyr – çakyza (25%) we dartgynlylyk sebäpli döreýän kellagyry (70%).

Esasan, kellagyrylar gelip çykyşy boýunça birnäçe toparlara bölünýändir.

  1. Beýniniň organiki kesellerinde ýüze çykýan agyrylar. Olara aşakdakylar degişlidir:
  1. Damarlaryň   işiniň bozulmagy netijesinde döreýän kellagyrylar:
  1. Psiho-emosianal dartgynlylykda ýüze çykýan agyrylar. Kellagyrynyň iň köp ýaýran görnüşidir. Ol ýiti we dowamly stressleriň getirýän nerw dartgynlylygy netijesinde ýüze çykýar. Köplenç howsalaly, lapykeç adamlarda duş gelýär. Bu agyrylar basyjy, gysyjy, çekiji häsiýetli bolup, hemişe kelläniň bir böleginde bolýandyr. Ol fiziki işden soň güýjemeýär. Adamlar bu agyryny häsiýetlendirip, şeýle diýýärler: “kelläm demir halka bilen gysylýan ýaly“ ýa-da “kelläme gum dykylan ýaly“.
  2. Beýni bilen bagly bolmadyk sebäpler bilen  döreýän kellagyry:

Kellagyrydan ejir çekýän adam doly lukmançylyk barlagyndan geçip, agyrynyň sebäbini  anyklamalydyr. Barlagsyz yzygider kabul edilýän agyrsyzlandyryjy demanlaryň sizde allergiki  täsirleri, aşgazanyň ýaralaryny döretjekdigini ýatdan çykarmaň. Bejergini size lukman bellese ýerlikli bolar.

Kellagyrynyň sebäplerini anyklamak üçin aşakdaky medisina barlaglary geçirilip bilner: