GANAZLYLYK: DOGRY IÝMITLENMÄNIŇ ÄHMIÝETI WE DERMAN SERIŞDELERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.64 (33 Ses)

Ganazlylyk (anemiýa) – ganda gemoglobiniň mukdarynyň peselmegi bilen häsiýetlendirilýän keseldir.

Gyzyl gan öýjükleri bolan eritrositlerde saklanýan gemoglobin belogy, ýaşaýyş hadysalary üçin wajyp bolan kislorody bedeniň ähli agzalaryna we dokumalaryna ýetirýändir. Gemoglobiniň mukdary peselende beden öýjükleri kislorod ýetmezçiligini duýýarlar. Bu bolsa bedeniň işine ýaramaz täsir edýär. Ganazlylyk özbaşdak kesel ýa-da beýleki keselleriň alamaty höküminde hem ýüze çykyp bilýändir.

Ganazlylygyň sebäpleri

Ganazlylygyň sebäpleri dürli faktorlara bagly bolup, şoňa laýyklykda onuň birnäçe görnüşleri hem kesgitlenilýändir.

1. Demir ýetmezçilikli ganazlylyk, ganazlylyk ýagdaýlarynyň 90%-ni düzüp, ol has ýygy duş gelýändir. Onuň sebäpleri aşakdaky ýagdaýlara bagly bolup biler:

► bedende ýüze çykan ýiti we dowamly ganakmalar;

► iýmitde demir ýetmezçiligi;

► aşgazan-içege ulgamyň işiniň bozulmalary;

► göwrelilik we çaga emdirilýän döwründe hem-de ýetginjeklik döwrüne mahsus beden ösüşiniň tizleşme döwründe demriň köp sarp edilmegi.

2. Foliý turşulygy ýetmezçilikli ganazlylygyň sebäpleri:

► iýmitde witaminleriň ýetmezçiligi;

► aşgazanyň keselleri;

► inçe içegäniň keselleri;

► bagyr keselleri;

► göwrelilik we çagalyk döwründe witaminlere bolan ýokary isleg;

► gelmintoz keseli.

Ganazlylyk ýatgynyň, aşgazanyň, ýogyn içegäniň, böwregiň, gan ulgamynyň howply täze döremelerinde hem esasy alamatlaryň biri höküminde ýüze çykyp biler.

Ganazlylygyň alamatlary

Ganazlylygyň ähli görnüşlerine mahsus umumy alamatlara deriniň solgunlylygy, başaýlanma, umumy gowşaklyk, kadaly fiziki agram salnanda demgysmanyň ýüze çykmagy, ýüregiň çalt urmagy degişli edilip bilner.

Demir ýetmezçilikli we foliý ýetmezçilikli ganazlylykda umumy alamatlardan başga-da, bu görnüşe mahsus özboluşly alamatlar synlanyp bilner:

► dyrnaklaryň döwülmegi we olaryň şekiliniň üýtgemegi;

► saçyň düşmegi;

► deriniň guraklygy;

► dilde alawlama hadysasynyň (glossit) döremegi;

► tagam duýujylygyň üýtgemegi.

Bedende howply täze döremeler netijesinde döreýän ganazlylygyň alamatlaryna deriniň saralmagy, dalagyň ulalmagy, diş etiniň ganjarmagy, burundan gan akmalar, deride döreýän gan öýmeler degişli edilip bilner.

Ganyň umumy barlaglarynyň netijeleri gemoglobiniň bolmaly möçberinden pesligini görkezen halatynda, lukmana ýüz tutup, ganazlygyň sebäbini anyklamak we degişli bejergini almak hökmandyr.

Anyklaýyş çäreleri

Ganazlylyga şübhe dörände şu anyklaýyş barlaglardan geçmek wajypdyr:

► ganyň umumy giňişleýin barlagy;

► gandaky demriň derejesiniň barlagy;

► süňk ýiliginiň düzüm böleginiň barlagy.

Ganazlylygyň sebäbi bolup biljek ýa-da onuň bilen utgaşykda geçýän keselleri anyklamak üçin goşmaça barlaglary geçirmelidir:

► aşgazanyň we içegeleriň endoskopiýa barlagy;

► garyn boşlugyndaky agzalaryň ultrases barlagy.

Ganazlylygyň bejergisi

Ýygy duş gelýän ganazlylygyň bejergisi gan ýitirmegiň sebäbini aradan aýyrma, demir ýetmezçiliginiň öwezini dolup biljek iýmit bilen iýmitlenme, demir saklaýan derman serişdeleriniň we witaminleriň toplumynyň bellenilmegi ýaly çäreleri jemläp biler. Gan ýitirmegiň çeşmesini adaty usullar bilen bejerip bolmadyk ýagdaýynda, hirurgik usullar ulanylýandyr.

Ganazlylykda maslahat berilýän berhiz

Demir ýetmezçilikli ganazlylygyň bejergisi üçin düzümi ýeňil özleşdirilýän demire, beloga, C witaminine baý bolan ýokumly iýmit zerurdyr. Şeýle iýmite ilki bilen et we et önümleri degişli edilýändir. Ösümlikleriň düzüminde hem demir az bolmasa-da, ol içegelerden gana doly mukdarda geçmäge ukyply däldir. Miwelerden almany, armydy iýmek maslahat berilýändir. Süýt önümleri demre baý däldirler.

Berhiz saklananda, süýjüligiň çeşmesi höküminde ary balyny ulanmak peýdalydyr. Ak üzüm şerabynyň, demriň içegelerden gana siňmegine oňaýly täsir edýändigini hem bellemelidir. Esasy naharlaryň ýany bilen et we et önümlerini iýmek maslahat berilýär. Olar düzümi demre baý bolan ýer almasy, çörek, dänelilerden taýynlanan tagamlar ýaly önümlerdäki demriň oňat özleşdirilmegine ýardam berýändir. Sitrus miweleri, turşumtyk miweler we iýmişler, itburunyň demlemesi hem şeýle häsiýete eýedir.

Berhiz bellenilende çaý içmezlik maslahat berilýär. Çaýyň düzümindäki tanin, ondan başga-da, düzümi şäwel turşulykly ýa-da aşgarlaýjy maddaly ysmanak, şäwel, yşgyn, behi, kizil, hurma, şokolad, kakao ýaly iýmit önümleri demiriň özleşdirilmegini peseldýärler. Şol sebäpli irimçik üwelen we kepek garylan undan taýýarlanan çöregi hem az iýmek maslahat berilýändir.

Berhiz iýmitiňiziň düzüminde belogyň mukdary, etiň we balygyň hasabyna 10-20% artdyrylmalydyr. Ýagyň dürli görnüşleri bolsa 5-10% azaldylmalydyr. Bir gije-gündiziň dowamynda witamin-mineral toplumly gerdejikleriň 1-2 sanysyny kabul etmek maslahat berilýändir.

Derman serişdeleri bilen bejergi

Açyk bildirýän ganazlylykda demir ýetmezçiliginiň öwezini diňe bir berhiz bilen däl-de, eýsem demir saklaýan derman serişdeleriniň kömegi bilen dolup bolar.

Dermanlyk serişdeleri diňe lukman tarapyndan bellenilip, onuň gözegçiligi bilen kabul edilmelidir. Derman serişdeleri adamynyň ýaş we beden aýratynlyklary, ganazlylygyň derejesi göz öňünde tutulyp bellenilmelidir.

Amaly lukmançylykda bejergi üçin demir saklaýan derman serişdelerinden aktiferrin, gemoferprolongatum, gemofer, ferrogradumet, ferronal, heferol, witamin serişdelerinden siankobalamin (B12 witamini), foliý turşulygy giňden ulanylýandyr. Utgaşdyrylan serişdelerden witrum forte, elewit, globeks, nurifer, ýewrofer, pregnawit, sorbiferdurules, ferretab komp, ferro-folgamma ýaly serişdeleri maslahat berip bolýandyr. Sanjym görnüşde ulanylýan demriň serişdelerinden ferrum-lek, fersinol, ferkaýl dermanlary bellemek bolýandyr. Göwrelilik döwründe ýygy duş gelýän gan azlylygyň öňüni almak maksady bilen, ýörite işlenilip düzülen gollanmalara laýyklykda, göwreliligiň 12 hepdelik möhletine çenli günde 60mg. demriň serişdesini we 40mg. foliý turşylygyny kabul etmek hökmany geçirilmeli çäreleriň hataryna girýändir.

Halk lukmançylygyna ýüzlenemizde hem, ganazlylygyň bejergisi üçin ençeme peýdaly tebigy serişdeleri ulanmaga mümkinçilik döreýär:

► Bal arylarynyň ýygnan şepbiginiň (propolis) 1-2 nahar çemçesini ýyly suw bilen garyp, günüň dowamynda içmeli;

► 0,15 g mumiýa togalajygyny ýarym bulgur gaýnadylyp sowadylan suwda eretmeli we 20 gün ajöze içmeli;

► Ganazlylygyň öňüni almak maksady bilen uzak wagtyň dowamyda 50-100 ml üzüm şerabyny ýa-da ter zemlýanikanyň, garalynyň, gara smorodinanyň, üljäniň, malinanyň şiresini kabul etmeli;

► Iýmitiň düzüminde sogan, sarymsak, hren (iri ýaprakly ajy ösümlik), itburun miweleri, limon, üzüm, şugundyr bolmalydyr;

► Behiniň ýa-da naryň suwuny 3/2 mukdarda ary baly bilen garyp, 2 hepdäniň dowamynda 50 g mukdarda, günde 2 gezek içmelidir.