ÝAKYMLY BAHARYŇ ÝAKYMSYZ "SOWGATLARY" - POLLINOZ

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (9 Ses)

Köpden bäri garaşan ýaz paslymyz ýetip geldi. Tebigat oýanýar. Hemme zat gülleýär. Daş töweregimiz al-ýaşyl mahmala bürenýär. Günüň ýakymly şöhlelerine çoýunyp, özgerýän tebigata ser salyp oturmakdan ýakymly dynç alyş barmyka?...

"Gözleriňde gijileme döräp, ýaş akyp, burnuňdan hem dem alyp bolmasa, tebigaty synlamaga keýpiň bolarmy?" - diýen soraglar hem ýüze çykyp biler.

Hemme ösümlikleriň güllemesi, olaryň tozanjyklarynyň howa arkaly ýaýrap, burnuň, agzyň nemli gatlagyna, gözlere, dem alyş ýollaryna düşmegine getirýär. Tozanjyklar deri bilen hem galtaşyp, olara duýgur adamlarda allergiki täsiriň ýüze çykmagyna getirýär.

Adamyň goraglylyk ulgamy bu tozanjyklary bedeniň "duşmany" höküminde kabul edip, olara garşy "göreşe" başlaýar. Agzanyň  nemli gatlagynyň çişmegi, gyzarmagy şol "göreşiň" esasy alamatlarydyr.

Pollinoz (iňlis. "pollen" - tozanjyk) ýa-da bede gyzdyrmasy, ýaz sowuklamasy, tozanly allergiýa – şol bir alamatlar bilen ýüze çykýan allergiki täsiriň dürli atlarydyr.

Pollinoz birinji gezek ýüze çykanda, ony ýiti respirator keseli bilen hem çalşyryp bolýar. Olaryň ýüze çykyş alamatlary birmeňzeşdir: burnuň dykylmagy ýa-da burundan suwuň akmagy, gözüň ýaşaryp durmagy, asgyrma, käwagtlar üsgürme hem ýüze çykýar. Burundan suwuň akmagy (allergiki rinit), bir gije-gündiziň dowamynda 1 litre barabar bolup bilýär.

Gözlerde ýagtylyga çendenaşa duýgurlylyk, ýaşarma, gözüň gaty gijemegi ýaly alamatlar döreýär.

Gözüň ýokarky gabygynyň konýunktiwasynda (gözüň agyny örtýän ýukajyk perde) gaty, ýazgyt, agymtyl-gülgüne reňkli ösüntgileriň emele gelmegi ýüze çykýar. Şonuň ýaly ösüntgiler gözüň buýnuz perdesinde hem emele gelýär. Bu üýtgemeler iki gözde hem ýüze çykýar.

Gözüň gijemesini aýyrmak üçin göze dikainiň. adrenaliniň erginlerini damdyrmak bolýar.

Allergiki täsiriň sebäbi bolan, biologiki işjeň  maddalaryň emele gelmegini kesmek üçin, kromogeksol, optikrom, haý-krom ýaly damjalar maslahat berilýär. Has agyr ýagdaýlarda 0,1%-li deksametazonyň ýa-da 0,3% prednizalonyň erginleri ulanylýar.

Antigistamin serişdeleri (dimedrol, klaritin, supradin, fenkarol) kabul etmek maslahat berilýär. Ýagtylykdan goraýan gara äýnekler idakynmak peýdalydyr.

Gözlerda ýüze çykýan allergiki täsirlerde, özbaşdak bejergi alman, göz lukmanyna (oftalmologa) ýüz tutmak möhümdir. Käwagtlar demiň gysmagy, kükrekde hyşşyldyly dem alyş, deride dürli örgünleriň ýüze çykmagy hem bolup biler. Ýokarda agzalyp geçilen allergiki täsirleriň hemme alamatlary möwsümleýin häsiýete eýedir. Ösümlikleriň güllemegi tamamlanandan soň, bu alamatlar hem ýitip gidýändir.

Pollinozlar ýüze çykanda, iýýän iýmitiňize hem üns bermelidir. Allergiki täsiriň görnüşine garamazdan, bal iýmekden gaça durmalydyr. Eger siz berýoza, alma, olha agajynyň tozanjyklaryna duýgur bolsaňyz, almany, garalyny, hozy, käşiri we kartoşkany iýmekden saklanyň. Eger bozaganyň, sirkeliniň, babatelpegiň, günebakaryň tozanjyklaryna duýgurlylyk bolsa, onda size sitrus miweleri, halwany iýmek, günebakar ýagyny ulanmak bolýan däldir. Eger ýylyň dowamynda çaga almany we banany iýýän bolsa, ýazyna bu miweleri oňa bermekden saklanmalydyr.

Doglandan soň, käbir çagalarda allergiki täsiriň ýüze çykma ähtimallygy bolup biler. Çaganyň birinji ýylynda iýmite allergiki täsir yüze çykyp biler.

Tozanjyklara duýgurlylyk çagada 4 ýaşyna golaý möhletde ýüze çykýar. Ondan kiçi ýaşda ol seýrek duş gelýär. Oňa garamazdan, iki ýaşly çagalarda hem pollinozyň ýüze çykan wagtlary bardyr. Bu esasan, ene-atalaryň günäsi bilen bolup geçýär. Meselem, çagada bir zada allergiki täsir ýüze çykyp, ýaňajyklary gyzarýar. Ejesi bolsa ony derrew çopantelpegiň, çereda otynyň suwyna düşürip başlaýar. Özi bilmezden, çagada ol otlaryň tozanjygyna duýgurlylyk döredýär. Şonuň üçin hem, allergiýanyň birinji alamatlary ýüze çykanda, allergiki barlaglary geçirip, bejergini başlamalydyr. Allergik barlaglary allergolog-lukmanyň kömegi bilen, noýabr-mart aýlary aralygy geçirmelidir. Siz barlagy, meselem, maý aýy geçirseňiz, çagada allergiki duýgurlygy döredip bilersiňiz. Ene-atasynyň birinde allergiki duýgurlylyk bolsa, çagada 30% ýagdaýda onuň ýüze çykmak howpy ýokarlanyp biler. Eger ene-atasynyň ikisinde hem allergiki täsir bar bolsa, çagada onuň ýüze çykma howpy iki esse köpelýändir.

 

Allergiki täsiri azaldyp, ýaz we  tomus paslyny nähili geçirmeli?

Gury we ýelli howada penjireleri we gapylary açmakdan saklanyň. Otagyňyzy diňe ýagyşdan soň ýelejirediň. Açyk penjirelere we gapylara gowy öllenen prostynlary ýa-da birnäçe gatdan ybarat hasalary asmak peýdalydyr.

Köçä ir säherde çykmaň. Günde iki gezek duş kabul ediň. Köçeden geleniňizden soň, hökman saçyňyzy ýuwuň.

Gözüňizi, burnuňyzy fiziologiki ergin bilen ýuwuň. (bir stakan gaýnan ýyly suwa, çaý çemçesiniň 1/3 bölegi möçberinde nahar duzuny goşmaly) Bokurdagyňyzy hem şu ergin bilen çaýkaň.

Ýuwlan arassa eşikleri daşynda guratmaň. Olara tozan siňip biler.

Belli bir goraglylyk düzgünleriň we derman serişdeleriniň kömegi bilen, siz özüňizde yüze çykan allergiki täsiri yeňilleşdirip bilersiňiz.