PEŞEW ÝOLLARYNYŇ ÝOKANÇLYGY: SEBÄPLERİ, ALAMATLARY, ANYKLAÝYŞ WE BEJERGİ ÇÄRELERİ

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.45 (31 Ses)

Ynsan bedeninde peşew ganyň böwreklerden süzülmegi bilen emele gelip, ol böwrek jübütlerinden çykýan peşew kanallary arkaly peşew haltasynda toplanýar. Bu ýerde ýygnanan peşew belli bir mukdara ýetenden soň peşew haltasynyň ýygrylmagy bilen, daşky peşew kanaly arkaly bedenden daşary çykarylýar. Bu agzalan ýerlere zyýanly ýokançlyklaryň aralaşyp köpelmegi netijesinde peşew ýollarynyň ýokançlygy ýüze çykýar.

"Peşew ýollarynyň ýokançlygy" (PÝÝ) diýen umumy lukmançylyk termini bilen peşew bölüp çykaryş ulgamynyň dürli agzalarynda ýüze çykýan alawlama ýagdaýyny belleýärler. Ýüze çykyş ýagdaýyna görä, aşaky (uretrit, sistit) we ýokarky (piýelonefrit, böwregiň iriňlemegi) peşew çykaryş ýollarynyň ýokançlyklary tapawutlandyrylýar.

Zenanlaryň 40%-i, erkekleriň hem 12%-i öz ömrüniň dowamynda iň bolmanda bir gezek PÝÝ alamatlary bilen lukmana ýüz tutmaly bolýarlar diýip çak edilýär. Aýal peşew çykaryş kanalynyň giň we gysga bolup, onuň jynshana ýakyn ýerleşmegi, göwrelilik döwründe döreýän endokrin üýtgemeler we göwreli ýatgy tarapyndan gysylma ýagdaýlary PÝÝ-niň aýallarda has ýygy döremeginiň sebäbi bolýandyr. Gartaşanlyk we garrylyk döwründe aýallarda we erkeklerde (peşew bölüp çykaryşy kynlaşdyrýan erkeklik jyns mäziniň ulalmagy netijesinde) onuň döreme ýygylygy deňleşse hem, umumy alanyňda peşew ýollarynyň ýokançlygy aýallarda has ýygy kesgitlenýändir.

PEŞEW ÝOLLARYNYŇ ÝOKANÇLYGYNY DÖREDIP BILJEK SEBÄPLER

Ýokarda bellenilip geçilşi ýaly, peşew çykaryş kanalynyň jynshana we göni içegä ýakyn ýerleşmegi, ol ýerlerden dürli ýokançlyklaryň peşew çykaryjy ýollara aralaşyp, onuň dürli ýerlerinde sowuklama ýagdaýynyň döremeginiň sebäbi bolup bilýändir. Bu esasy sebäpden başga-da, birnäçe ýagdaýlary belläp geçmelidir:

► Aýbaşydan galma döwrüni başdan geçirýän zenanlarda döreýän gormonal üýtgeşmeler jynshananyň goraglylyk häsiýetini peseldip, ýokançlyklaryň goňşy agzalara ýaýrama ähtimallygyny ýokarlandyrýandyr;

► Göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri bolan diafragmanyň, spermisidleriň, prezerwatiwleriň ulanylmagy hem zenanlarda PÝÝ-yň döreme ähtimallygyny artdyrýar;

► Peşew ýollarynyň daralmagy (erkeklik mäziniň çişmegi), böwrekde daşyň bolmagy ýaly sebäpler peşewiň bölünip çykmagyny kynlaşdyryp, ýokançlyklaryň köpelmeginiň sebäbi bolup bilýändir;

► Görkezmeler bilen peşew yollaryndan kateter (maýyşgak rezin turbajyk) bilen peşewiň çykarylmagy;

► Bedeniň immun ulgamynyň gowşamagyna getirýän sebäpler. Oňa süýjikeseli, podagra hem sebäp bolup bilýär;

► Ýokarda bellenilşi ýaly, göwrelilik döwründe bolup geçýän gormonal üýtgeşmeler we peşew geçirijileriň hem-de peşew haltanyň ulalan ýatgy tarapyndan basylmagy hem peşewiň erkin çykarylmagyna bökdençlik döredip, ýokançlyklaryň köpelmeginiň sebäbi bolup biler.

KESEL ÜÇIN MAHSUS UMUMY ALAMATLAR

♦ Peşew çykarylýan wagty peşew çykaryş ýolunda ýa-da peşew haltasynda agyrynyň we sajjylamanyň döremegi;

♦ Peşew etme isleginiň ýygy-ýygydan döreýänligine garamazdan, peşewiň az mukdarda bölünip çykmagy;

♦ Gijelerine peşew etme isleginiň döremegi;

♦ Peşewde iriňli sapajyklaryň görünmegi;

♦ Peşewde ganyň barlygynyň alamaty bolan, gyzylymtyl reňkli peşewiň çykmagy;

♦ Peşewiň bulanyk we ýakymsyz ysly (çüýrän kömelegiň ysy) bolmagy;

♦ Beden gyzgynynyň ýokarlanmagy;

♦ Arkada, gapyrgaasty bölekde we bilde dürli derejedäki agyrylaryň döremegi.

ANYKLAÝYŞ ÇÄRELERI

Keseliň alamatlarynyň derejesine baha bermekden başga-da, peşewiň umumy barlagy we onuň ortaky böleginde leýkositleriň (sowuklama derejesini görkezýän öýjükler) we eritrositleriň (gyzyl gan öýjükleri) mukdaryny kesgitleme, peşew bölüp çykaryş ulgamynda bar bolan sowuklama ýagdaýy barada umumy maglumat almaga kömek edýär.

Bejergi netije bermeýän ýa-da kesel gaýtalanýan ýagdaýlarynda keseliň sebäbini has anyk kesgitlemek maksady bilen aşakdaky barlaglar geçirilýär:

• Bakteriologiki barlag – alnan peşew dürli mikrobiologiki serişdelere ekilip, ondaky ýokançlyklaryň görnüşi kesgitlenýär we antibiotiklere duýgurlylygy anyklanylýar.

Urografiýa barlagy – ýörite reňkleýji maddalaryň kömegi bilen peşew ýollarynyň anatomiki ýagdaýy kesgitlenýär. Bu barlagyň kömegi bilen peşew bölüp çykaryjy ýollaryň ýokarky böleginiň çeýeliginiň peselmegi, böwrekleriň içindäki okarajyklaryň görnüşiniň üýtgemegi we böwrekleriň giňemegi ýaly üýtgeşmeler anyklanylýar.

Sistoskopiýa – ýörite sistoskop enjamynyň kömegi bilen peşew haltanyň işjeňligi we anatomiki ýagdaýy barada maglumat alynýar.

Ultrases barlagy – bu barlag böwregiň we peşew haltanyň ölçegleri, ondaky täze döremeler, peşew daşlarynyň (uratly, sistinli) bardygy barada maglumat berýär.

Kompýuter tomografiýasy – bu barlagyň kömegi bilen böwrek dokumasynyň agramy we dykyzlygy, böwregiň içki (çanajyklaryň we ýargajyklaryň ýagdaýy) gurluşy, dan damarlarynyň we böwregi gurşap alýan ýag gatlagynyň ýagdaýy anyklanylýar.

BEJERGI ÇÄRELERI

Başga ýokançly kesellerde bolşy ýaly, PÝÝ-da hem keseli dörediji ýokançlyklaryň antibiotiklere bolan duýgurlylygyny kesgitlemek, bejergide ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýän çäre bolup durýandyr. Barlaglar PÝÝ-yň gaýraüzülmedik görnüşleriniň 75-90%-niň E. coli (içege taýajygy) ýokançlygyň täsiri bilen ýüze çykýandygyny görkezdi. Ýöne soňky ýyllar bu ýokançlygyň ampisillina we ko-trimaksozola duýgurlylygyny ýitirendigi barada maglumatlar çap edilýär.

Häzirki wagtda gaýraüzülmedik PÝÝ-yň bejergisinde ftorhinolin toparynyň dermanlary (lewofloksasin, ofloksasin, pefloksasin) üstünlikli ulanylýar. Olaryň ýeňil kabul edilip bilinmedik ýagdaýynda amoksisillin-klawulanat, fosfomisin, nitrofurantoin serişdeleri ulanylýar.

Ýiti sistitde bejergi 3-5 gün, ýiti piýelonefritde bolsa 2 hepdeden az bolmadyk möhlet dowamlylygynda bolmalydyr. Ýiti we gaýraüzülen PÝÝ-da hem bejergi agzalan serişdeler bilen geçirilýär, ýöne onuň dowamlylygy 7-14 we ondan hem köp güne uzaldylýandyr.

Soňky barlaglar sefalosporin serişdeleriniň 3-nji nesliniň (meselem, sefiksim) ulanylmagynyň hem ýokary netijeliliklidigini görkezdi. Bu serişdeler giň gerimli täsirliligi we dowamly täsir edijiligi bilen tapawutlanyp, göwrelilerde we ginekologiki keselleri bejermekde hem ulanylýan serişdeler bolup durýandyr.

PÝÝK-iň gowşan döwründe öňüni alyş çäreleri bilen (aşakda oka) birlikde ösümliklerden edilen serişdeleri (kanefron, fitolizin) ulanmak maslahat berilýär.

Derman serişdelerini üýtgedip, keseliň gaýtalanmagyna garşy öňünden bejergi geçirmek esassyz hasaplanylýar.

Keseliň alamatlary ýüze çykandan degişli barlaglary geçip, derman serişdelerini dogry saýlamak üçin lukmana özwagtynda ýüz tutmak ýerliklidir.

PEŞEW ÝOLLARYNYŇ ÝOKANÇLYGYNDAN GORANMAK ÇÄRELERI

⇒ Täret edilenden soň, göni içegeden ýokançlyklaryň peşew çykaryş ýoluna we jynshana düşmeginiň öňüni almak maksady bilen, aýal maşgala öňünden yzyna tarap süpürinmelidir.

⇒ Jynsy gatnaşyklardan soň peşewiň edilmegi peşew ýollaryna düşen ýokançlyklary ýuwup, keseliň döremeginiň öňüni alýar.

⇒ Peşew etme islegini köp saklanman, haýal etmän (gijelerine hem) amala aşyrmalydyr.

⇒ Bir gije-gündizde ýeterlik mukdarda (2 litra çenli) suwuklyk kabul ediň.

⇒ PÝÝ-nyň gaýtalanmagyndan kösenýän zenanlar jynsy gatnaşykdan soň lukmanyň maslahaty bilen az mukdarda antibiotik serişdelerini ulanyp bilerler.

⇒ Göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri höküminde ulanylýan diafragma gapajyklary, spermisitli serişdeler, prezerwatiwler bu keseliň döreme ähtimallygyny artdyrýarlar. Diafragmalaryň we prezerwatiwleriň spermisitsiz görnüşleri has ygtybarlydyr. Şonuň ýaly-da, bu keselleriň gaýtalanýan görnüşlerinden ejir çekýän zenanlar göwreliligiň öňüni alyş usullarynyň başga görnüşlerine geçip bilerler.

⇒ Içki geýimleriň çygly bolmagy bakteriýalaryň köpelmegi üçin oňaýly şert döredýär. Howanyň aýlanyp guradyp durmagy üçin gysmaýan we pagtadan dokalan matalardan tikilen içki geyimleri ulanma has oňaýlydyr.

⇒ Hepdede 2 gün klyukwa miwesiniň suw bilen garylan şiresini kabul etmek PÝÝK-niň döreme ähtimallygyny peseldýändir.

Ulanylan WEB Çeşmeler: 1 / 2