PROKTIT: SEBÄPLERI, ALAMATLARY, BEJERGI ÇÄRELERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.86 (28 Ses)

Proktit – bu göni içegäniň nemli gatlagynyň sowuklama keselidir. Köplenç kesel sigma şekilli içegäniň sowuklamasy bilen utgaşyp gelýär, beýle ýagdaýda kesel proktosigmoidit diýip atlandyrylýar. Eger sowuklama ýag dokumasyna, ýagny göni içegäni gurşap alýan ýag gatlagyna geçse, onda ol paraproktit diýlip aňladylýar.

Kesel adamlarda dürli ýagdaýlaryň netijesinde dürli ýaşlarda ýüze çykyp, erkek we aýal adamlaryň arasynda duş gelmek ähtimallygy deň bolup durýandyr.

PROKTITIŇ SEBÄPLERI

Proktit keselini döredip biljek, onuň ýüze çykmagyna itergi berjek sebäpler köpdürlidir.

Ýokançly sebäpler:

► Içege ýokançlyklary – hlamidiýanyň, kampilobakteriýanyň, sitomegalowirusyň we gerpes wirusynyň täsiri bilen döräp biler.

► Adaty sowuklama hadysasyny döredijiler – streptokokklar, stafilokoklar, içege taýajyklary we beýleki ýakynda ýerleşýän agzalaryň ötüşen kesellerini dörediji ýokançlyklar.

► Merezýel (sifilis) keseliniň ilkinji görnüşi – göni içegäniň nemli örtüginiň epinlerinde düýbi çal reňkli başyň –gaty şankryň döremegi bilen häsiýetlendirilýär. Ikilenç dörän görnüşinde artbujakda köp sanly kondilomalaryň bolmagy – konus şekilli siňňiller bilen häsiýetlidir. Üçülenç dörän görnüşi üçin göni içegäniň diwarynyň galňamagy, onda gatylygyň emele gelmegi alamatlydyr.

► Inçekesel. Ýokançlyk göni içegä göni gan arkaly ýa-da içegedäki jaýryklaryň üsti bilen aralaşýar. Köplenç başlaryň we fistulalaryň emele gelmegi häsiýetlidir.

► Sözenekli proktit köplenç aýallarda duş gelip, jynshanadan ýokançlygyň göni içegä geçmegi bilen döreýär.

► Mugthorlaryň döredýän keselleri. Proktit köplenç içegede duş gelýän mugthorlaryň (ak gurçuklar, askarida, wlasoglaw, şistosoma we ş. m.) täsiri, ganly içgeçmäni döredijiniň, balantidiaz ýaly birnäçe mugthorlaryň içegä zyýanly täsirini ýetirmekleri bilen hem ýüze çykyp bilýär.

Göni içegäniň şikeslenmegi hem proktit keseliniň sebäbi bolup biler.

Göni içegäniň zeperlenmeginiň sebäpleri:

♦ babasyl, artbujakda jaýryklaryň emele gelmegi we beýleki keseller sebäpli geçirilýän hirurgiki çäreler;

♦ ýuwdulan ýiti jisimler (meselem, süňk bölejikleri) içege diwaryny şikesläp biler;

♦ dogrum wagtynda alynýan şikesler – jynshananyň zeperlenip göni içegäniň diwaryna täsirini ýetirmegi;

♦ artbujakda döreýn jaýryklar – onuň nemli gatlagynyň we derisiniň zeperlenmegi.

Nädogry iýmitlenme

Nädogry iýmitlenmekden döreýän göni içegäniň sowuklama keseline alimentar proktit diýilýär. Yzygiderli ulanylanda alimentar proktitiň döremegine getirip biljek önümler:

→ ajy naharlar;

→ nahara goşmaça tagam bermek üçin atylýan ysly önümler;

→ alkogol içgileri.

Bu görnüşli önümler göni içegäniň nemli gatlagyny gyjyndyrmana ukyply bolup, köp mukdarda nemiň bölünip çykmagyna itergi berýärler.

Iýmit siňdiriş ulgamynyň beýleki agzalarynyň keselleri

Iýmit siňdiriş hadysasynyň bozulan halatynda göni içegä heniz doly işlenilmedik we özleşdirilmedik iýmit bölekleri düşýär. Olar bolsa göni içegäni gyjyndyryp we şikeslendirip köp mukdarda nemiň bölünip çykmagyna sebäp bolýar. Netijede sowuklama ýagdaýynyň ilkinji tapgyrlary başlaýar.

Proktit keseline getirip biljek iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleri

⇒ Gepatit (bagryň sowuklamasy) – bagyr iýmitdäki ýaglary özleşdirmek üçin öt turşulygyny bölüp çykarýar. Bu hadysa bozulan ýagdaýynda iç gatama, içgeçme, içiň ýellenmegi ýaly alamatlar döräp, bu ýagdaý göni içegäniň gyjyndyrylmagynyň sebäbi bolýar.

⇒ Holesistit – öt haltanyň sowuklamasy. Öt we öt turşulygynyň bölünip çykmagynyň we toplanmagynyň bozulmagy.

⇒ Pankreatit – aşgazan asty mäziniň sowuklamagy;

⇒ Aşgazanyň nemki gatlagynyň sowuklamagy we aşgazanyň baş keseli;

⇒ Içege disbakteriýozy.

Disbakteriýoz – bu içege mikroflorasynyň bozulmagydyr. “Peýdaly” mikroorganizmleriň azalmagy we zyýanly kesel döredijileriniň köpelmeginiň hasabyna bolup geçýär. Disbakteriýozdaky içiň geçmegi, täretiň ýygy-ýygydan bolmagy, täretde özleşdirilmedik iýmit bölekleriniň galyndylaryň saklanmagy, içiň agyrmagy ýaly alamatlar göniden-göni proktitiň döremegine itergi berip biler.

Gan damarlaryň, gan aýlanşygynyň näsazlyklary

Kadaly täret etme bozulan halatynda göni içegäniň gemorroidal düwünlerini düzýän wena damarlarynda gan aýlanşygy bozulýar. Onuň nemli gatlagy kislorodyň az mukdaryny kabul edip, nemli gatlagyň täzelenmegi haýal bolup geçýär. Bu ýagdaý beýleki ýokançlyklaryň hem peýda bolmagyna sebäp bolýar. Wena gan aýlanşygynyň bozulmagy sebäpli proktite getirip biljek keseller:

► babasyl – gemorroidal düwünleri emele getirýän wenalaryň giňelmegi netijesinde göni içegäniň nemli gatlagynda düwünleriň peýda bolmagy;

► warikoz keseli – wena damarlaryň giňelmegi gan aýlanşygyň dürli agzalarda, şol sanda göni içegede hem bozulmagyna getirip biler;

► tromboflebit – wenalarda tromblaryň (gan lagtalaryň) emele gelmegi we onuň diwarynyň sowuklamasy;

► ýürek ýetmezçilikleri – ýüregiň işiniň näsazlygy sebapli bedeniň aşaky böleklerinde gan aýlanşygyň bozulmagy;

► oturyp işleýänlerde wena gan aýlanyş näsazlygynyň bolmagy, hünär bilen bagly kesellere şol sanda proktite hem getirip bilýändir.

Göni içegäniň howply täze döremeleri

Proktit göni içegäniň düwnük keseliniň döremegine itergi berip biljek kesel höküminde garalmalydyr. Täze döremeleriň öýjükleri beden üçin del jisim bolup, olara jogap höküminde beden immun bedenjiklerini (antitela) bölüp çykarýar. Ondan başga-da, howply täze döremeleriň öýjükleri zäherleýji maddalary emele getirip, göni içegäniň nemli örtüginiň zeperlenmegine sebäp bolýar.

Söhläniň täsiri bilen döreýän proktit

Proktit keseli söhle bilen bejerginiň gaýraüzülmesi höküminde hem döräp biler. Köp mukdardaky radiasiýa şöhleleri nemli gatlagyň zeperlenmegine we ötüşen sowuklama hadysalaryna getirip biler. Şeýle hem howply täze döremeleriň bejergisinde şöhle usuly ulanylanda, bejerginiň gaýraüzülmesi höküminde proktit ýüze çykyp bilýändir.

Zäherli birleşmeleriň täsiri

Gurşun we beýleki agyr metallar bilen zäherlenmeler proktite getirip biler. Şeýle hem immun ýetmezçiligi bilen geçýän keseller proktitiň döremegini çaltlaşdyryp bilýändir. Sowuk almalar, immun ulgamynyň möwsümleýin (gyşyna, ýazyna) gowşamagy, peşew haltasynyň sowuklamasy (sistit), aýal jyns agzalarynyň sowuklamasy (waginit, wulwowaginit, ooforit) ýaly ýagdaýlar gönüden-göni proktitiň ýüze çykmagyna sebäp bolmasa-da, täsirlerini ýetirip bilerler.

PROKTITIŇ GÖRNÜŞLERI

Keseliň geçişi boýunça:

♦ Ýiti proktit – alamatlary hemişelik häsiýete eýe bolsa-da, näsagy gysga wagtyň içinde birrahatlandyrýar. Kesel köplenç beden gyzgynlygynyň ýokarlanmagy, umumy gowşaklyk, ysgynsyzlyk ýaly alamatlar bilen utgaşýar. Proktitiň ýiti görnüşine ýiti görnüşde geçýän ýokanç keseller we şikeslenmeler getirip biler.

♦ Ötüşen proktit – keseliň alamatlary gowşak derejede ýüze çyksa-da, olar uzak wagtlap näsagy ynjalyksyzlandyrýarlar. Geçişi adatça arakesme häsiýetde bolup, alamatlaryň gowlaşmagy, soňra ýene beterleşmegi bilen gezekleşip gelýär. Ötüşen görnüşli proktit köplenç halatlarda ötüşen ýokanç kesellerde, immun ýetmezçiligi bilen geçýän kesellerde, göni içegäniň howply täze döremelerinde, gan damarlarynyň kesellerinde ýüze çykyp bilýär.

PROKTITIŇ ALAMATLARY

Ýiti proktitiň alamatlary

→ Göni içegede agyry ýiti häsiýete eýe bolup, täret edilende agyrynyň güýçlenmegi;

→ Göni içegede awuşama, agyrlyk duýgularyň duýulmagy;

→ Gasykda, ýamyzda döreýän agyrylar. Aýallarda jyns dodaklaryna, erkek adamlarda ýumurtga haltajygyna, ujyda agyryň ýaýramagy bolup biler;

→ Bilde agyry – käbir näsaglarda bu alamat hem gabat gelýär;

→ Göni içegeden ganly ýa-da iriňli bölünip çykmalar;

→ Beden gyzgynlygynyň 37-38 0С çenli ýokarlanmagy;

Umumy gowşaklyk, ysgynsyzlyk, ýadawlygyň ýokarlanmagy;

→ Täretiň bozulmagy: içiň gatamagy ýa-da içgeçme;

→ Täretde täze ganyň ýa-da gan lagtalarynyň bolmagy, baş emele gelme alamaty bilen geçýän proktitiň döränliginden habar berýändir;

→ Ganly bölünip çykmalar, awuşamalar, göni içegede agyrlyk – göni içegäniň söhle bilen bejergisinden soň dörän proktitiň alamaty bolup biler.

Ýiti proktitiň alamatlary birnäçe sagadyň ýa-da bir güniň dowamynda ýüze çykýar. Dogry we özwagtynda geçirilen bejerginiň sagalma getirip biljekdigini göz öňüne tutup, alamatlaryň peýda bolan pursatyndan proktolog lukmanyna haýal etmän ýüz tutmalydyr.

Ötüşen proktitiň alamatlary

⇒ Göni içegede agyrylar ol diýen güýçli ýüze çykmaýar we näsagda kän bir biynjalyklyk döretmeýär;

⇒ Gijileme, awuşamak ýaly alamatlar hem güýçli derejede ýüze çykmaýar;

⇒ Beden gyzgynlygynyň ýokarlanmagy möwsümleýin ýüze çykýp, köplenç 37 0С ýokary geçmeýär;

⇒ Göni içegeden hemişe iriňli ýa-da nemli bölünip çykmalar syn edilýär;

⇒ Artbujak jaýrylmasy, adaty däl başly kolit esasynda döreýän proktit üçin täretde ganyň görünmegi ýaly alamatlar mahsusdyr;

⇒ Deriniň solgunlylygy, gan azlylygyň döremegi göni içegäniň ötüşen gan akmalarynda ýüze çykyp biler;

⇒ Horlanmaklyk – göni içegäniň howply täze döremelerine ýa-da beýleki agyr kesellerine mahsus alamatdyr.

Proktitiň ötüşen görnüşi ilkibaşdan özbaşdak kesel höküminde ýa-da ýiti proktitiň doly bejerilmedik halatynda ýüze çykyp biler.

Proktitiň gaýraüzülmeleri

► Ýiti paraproktit – göni içegäni gurşap alýan ýag gatlagynyň sowuklamasy;

► Ötüşen paraproktit we göni içegeden daşa täze iriňli ýodalaryň emele gelmegi;

► Pelwioperitonit – çanaklyk agzalaryny örtýän ýylmanak perdäniň sowuklamasy;

► Sigmoidit we kolit – göni içegeden ýokarda ýerleşýän, ýogyn içegäniň bölekleri bolan sigma şekilli we gurşaw şekilli içegeleriň sowuklamasy;

► Polipler we howply täze döremeler – ötüşen proktitiň gaýra üzülmesidir;

► Immunitetiň peselmegi, ötüşen ýokançlyklaryň we sowuklama hadysalaryň yzygiderli bolmagy we ş. m.;

► Sowuklama hadysalary sebäpli, göni içegäniň nemli örtüginde sepleşme ýagdaýlaryň döremegi netijesinde onuň daralmagy.

Proktitiň anyklanylşy

Proktiti anyklamakda birnäçe usullar ulanylýar:

♦ Barmaklaryň kömegi bilen rektal barlagy – göni içegäniň nemli gatlagyna, diwarynyň ýagdaýyna, bölünip çykýan nemiň häsiýetlerine, ýakyn ýerleşýän agzalara baha berip, myşsa dartgynlylygyna gözegçilik edip bolýar.

♦ Rektoskopiýa – bu usul bilen hem kesel barada köp maglumatlary almaklyk, içegedäki eroziýalary, ýaralary, jansyzlanan dokumalary, poliplery we howply täze döremeleri, gan akmalary ýüze çykarmak mümkinçiligi ýokarydyr.

♦ Biopsiýa – rektoskopiýa wagtynda nemli gatlakdan dokumalaryň bölekilerini almak, howply döremeleri anyklamaklyk, nemli gatlaga baha bermeklik bu usul bilen aňsatlaşdyrylýar.

♦ Täretiň umumy barlagy – gizlin gany, nemiň mukdaryny kesgitlemäne, mugthorlaryň yumurtgalaryny, ýönekeýleri anyklamaga mümkinçilik berýär.

♦ Täretiň bakteriologiki barlagy – sowuklama hadysasyna getiren ýokançlygy we onuň antibiotiklere duýgurlylygyny kesgitlemäne mümkinçilik berýär.

PROKTITIŇ BEJERGISI

Proktitde umumy bellenilýän bejergi

Berhiz

Proktitde göni içegäniň nemli gatlagyny gyjyndyrýan iýmit önümlerini gündelik iýmitden aýyrmaly: ajy, duzly, turşy, ýagly önümler. Ýiti proktitiň bejergisinde gök önümlerden, ir-iýmişlerden, alkogolly içgilerden, süýji tagamly iýmitlerden saklanmalydyr.

→ Ertirlik üçin ýumurtganyň agyndan taýýarlanylan heýgenek; azajyk mesge goşulan suwda gaýnadylan tüwi we köp bolmadyk mukdarda süzme.

→ Günortanlyk üçin ýagly bolmadyk etden ýa-da towuk etinden taýýarlanylan çorba, gaýnadylan et, gaýnadylan balyk, kisel.

→ Agşamlyk üçin bulamak, aýran, süzme, gaýnadylan ýagsyz et we täze bolmadyk ak çöregi kabul etmeklik maslahat berilýär.

Fiziki agramlylygyň tertibi

Proktitde agyr zatlary götermekden, uzak wagt oturyp işlemekden gaça durmalydyr. Şeýle ýagdaýlarda wena gan aýlanşygynyň bozulmagy ýokarlanyp, kesel has hem beterleşip biler.

Keseliň geçiş görnüşine we alamatlaryň derejesine baglylykda bejergi keselhanada ýa-da öý şertlerinde geçirilip bilner.

Derman serişdeleri bilen bejergi

Derman serişdeleri bilen bejergi keseliň görnüşine laýyklykda alnyp barylýar. Proktitde antibakterial serişdeler (sefalosporin topary, makrolidler, tetrasiklin, lewomisetin, metronidazol), ýygrylmalara garşy dermanlar (no-şpa), antigistamin dermanlar (nalokrom, intal, bikromat), dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan demlemelerden klizmalar (kalendula, çopantelpek oty), arassalaýjy klizmalardan peýdalanylýar. Şeýle hem proktitiň bejergisinde görkezme bilen gormon serişdeleri, şem görnüşli dermanlary kabul etmeklik bellenilip bilner.

Hirurgiýa bejergisi aşakdaky ýagdaýlarda bellenilýär:

⇒ Paraproktit bilen gaýraüzülmede hökmany suratda iriňli bölegi kesmeklik, bejermeklik görkezilendir;

⇒ Göni içegäniň daralmasynda, ony kadaly ýagdaýa getirmek maksady bilen;

⇒ Uzak wagtlap dermanly bejerginiň netije bermedik halatynda;

⇒ Göni içegäniň howply täze döremesi esasynda dörän proktit.

Proktitiň öňüni almaga kömek etjek çäreler:

► Dogry iýmitlenmek düzgünleri: öte ajy, duzly, ýagly önümleri ulanmagy çäklendirmeklik;

► Alkogol içgileri kabul etmekden, çilim çekmekden saklanmak;

► Jyns agzalarynyň we artbujagyň gigiýena düzgünlerini berjaý etmeklik;

► Jyns gatnaşyklarynda goraýjy serişdeleri ulanmaklyk;

► Ýakynda ýerleşýän agzalaryň kesellerini özwagtynda anyklamaklyk we bejergi almaklyk.