SEPLEŞME KESELI: SEBÄBI, ÝÜZE ÇYKYŞ ALAMATLARY, BEJERGISI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.13 (15 Ses)

Sepleşme keseli – käbir keselleriň täsiri netijesinde garyn boşlugynda özara sepleşmeleriň döremegi bilen ýüze çykýan ýagdaýy häsiýetlendirmek üçin ulanylýan düşünjedir. Bu ýagdaýyň döremegine içki agzalaryň şikeslenmegi, şol sanda hirurgiki şikeslenmeler hem sebäp bolup biler. Köplenç ýagdaýlarda sepleşme keseliniň döremegine hirurg lukmanyň öz işinde göýberýän kemçiligi höküminde garaman, hirurgiki usul bilen bejerginiň umumy kemçiligi höküminde garalmagy dogry bolardy.

Garyn boşlugynyň hirurgiýasynyň kämilleşmegi bilen, köp hirurg lukmanlary garyn boşlugynda gaýtadan geçirilýän operasiýanyň gidişinde, içki agzalaryň biri-birine ýelmeşendigini we operasiýanyň gidişini kynlaşdyrýandygyny syn edipdirler. Sepleşme keseliniň bejerilşi we onyň öňüni almagyň usullary lukman Paýryň başlangyjy bilen XX asyryň başlaryndan bäri öwrenilmegini dowam etsede, bu kesel babatda ýüze çykýan soraglar bu günki günümizde hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýär.

SEPLEŞME ÝAGDAÝY NÄHILI EMELE GELÝÄR?

Sepleşmeleriň döremeginiň esasy sebäbi – garnyň ýylmanak perdesiniň şikeslenmegidir. Şikeslenmelerden soňky biraz wagtda perdäniň ýüzünde beloklara baý suwuklyk döräp, ondaky fibrin onuň şikeslenen ýerini örtýändir. Perdäniň şikeslenen ýerleriniň galtaşmagy, fibriniň täsiri bilen olaryň ýelmeşmegine getirip biler. Eger şikeslenme ujypsyz bolsa, fibrin süýümleri dargap, agzalaryň hereketjeňligi esasynda sepler öz-özünden aýrylyp biler. Ýylmanak perdäniň çynlakaý şikeslenmeleri bolsa, çüň we ýogyn, birleşdiriji dokuma, gan damarlaryna we nerw süýümlerine baý sepleriň döremegine getirip bilerler.

Sepleriň emele gelmegi garyn boşlugyndaky agzalaryň dogry hereketine bökdençlik döredýär. Bu bolsa içege bölekleriniň çigişmegine, içegäniň doly ýa-da ýarym dykylmagy ýaly näsazlyklaryň ýüze çykyp, içege geçirijiliginiň ýiti bozulmalarynyň döremegine getirip bilýändir. Şeyle hem, zenan jyns agzalarynyň arasynda döreýän sepler önelgesizlige we ýatgydan daşary döreýän göwreliligiň ýüze çykmagyna getirip bilýändir.

KESEL HAÝSY SEBÄPLERİŇ TÄSİRİ BİLEN DÖREÝÄR?

► Garyn boşlugynda geçirilýän operasiýalar – inçe we ýogyn içegelerde geçirilýän operatiw bejergi, köriçegäni aýyrma (appendektomiýa), peşew çykaryş we aýal jyns agzalarynda, garyn boşlugynda dörän ingi sebäpli geçirilýän operasiyalar sepleriň döremeginiň iň esasy sebäpleri bolup bilerler. Operasiýa wagty hasa süpürgiçler bilen garyn boşlugyny gandan arassalap süpürme, garyn boşlugyna derman göýberme, tikiş sapaklary (esasan hem ketgut sapagy), lukmançylyk ellikleri (ylaýtada olarda saklanýan talk tozy), himiki zyýansyzlandyryjy maddalar ýaly bedenimize del jisimleriň garyn agzalary bilen galtaşygy näçe köp boldugyça, sepleriň emele gelmek ähtimallygy hem şonça-da artýandyr.

► Peritonit – garnyň ýylmanak perdesinde ýokançlyklaryň täsiri bilen ýiti alawlama ýagdaýynyň döremegi sepleşmeleriň emele gelmeginiň esasy sebäbi bolup durýandyr. Dowamly geçýän inçekesel hem agzalaryň arasynda ýogyn sepleriň döremegine getirip bilýär. Ýiti iriňli peritonitde garyn boşlugynda iriňli suwuklygyň ýygnanmagy, perdäniň gatlarynyň çişginliligi we alawly üýtgemeler, ujypsyz täsir etmeler netijesinde hem onuň şikeslenmegine getirip bilýändir. Garyn boşlugynyň alawlama hadysasy içegeleriň hereketli ýygrylmasyny togtadyp, olaryň biri-biri bilen dowamly galtaşmagynyň we sepleriň döremeginiň sebäbi bolup bilerler. Alawlama hadysasy garyn içýagynyň (salnik) hem içegelere ýelmeşmegine getirip bilýär.

► Garyn boşlugynda ýerleşýän agzalaryň şikeslenmeleri we garyn boşlugyna gan akmalar.

KESELIŇ ALAMATLARY NÄMEDEN YBARAT?

Sepleriň dörän ýerine we derejesine görä dürli umumy alamatlaryň döremegi sepleşme keseli üçin häsiýetlidir. Alamatlarynyň ýüze çykyş ňäsiýeti we döwri boýunça keseliň aşakdaky görnüşlerini tapawutlandyrýarlar:

♦ Duýdansyz döreme görnüşi – garynda duýdansyz başlan güýçli ýa-da gitdigiçe güýjeýän agyry, gaýtarma, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar. Içege geçirmezliginiň döremegi bilen inçe içegedäki iymit garyndysynyň bir böleginiň gaýtarylmagy, garyndaky agyrylaryň artmagy, içiň çişmegi, täretiň mukdarynyň azalmagy ýa-da onuň bolmazlygy ýaly alamatlar goşulyp biler. Özwagtynda bejergi geçirilmedik halatynda dörän içegeleriň geçirijiliginiň bozulmagynyň ýiti ýagdaýy peritonit ýaly agyr gaýraüzülmäniň döremegine sebäp bolup biler.

♦ Aralyk görnüşi – garynda gaýtalanýan dürli ýitilikdäki agyrylar, işdäniň bozulmagy, oňaýsyzlyk duýgusy, içiň gatamagy, täretiň ganly bolmagy näsagy birnäçe gezek saglyk merkezine ýüz tutmaga mejbur edýär.

♦ Dowamly görnüşi – aşgazanda belli wagt aralygynda sorkuldaýan agyrylaryň döremegi, oňaýsyzlyk duýgusy, iç gatama, ganly täret etme, horlanmak we gaýtalanýan ýiti içege geçirijiliginiň bozulmasynyň döremegi bilen häsiýetlendirilýär.

Sepleşme keselli näsaglarda agyr fiziki zähmet bilen meşgullanma, doýup iýme gaýtalanýan agyryly tutgaýlaryň döremegine getirip biler.

SEPLEŞME KESELINIŇ ANYKLANYLŞY

⇒ Garyn boşlugynyň rentgen barlagy – rentgen suratynda içegäniň adatdakysyndan giňän ýerleriniň görülmegi sepleşme keselini güman ermäge esas döredýär. Anyklaýyş netijeliligi 60-70%-e barabardyr.

⇒ Enterkolizis – bariý suwuklygy içirilip, arakesmeler bilen suwuklygyň hereket ýoly rentgene alynýar we sepleriň häsiýeti öwrenilýär. Içege geçirijiliginiň ýiti bozulmalarynda bu usuly ulanmaklyk maslahat berilmeýär.

⇒ Kompýuter tomografiýasy – anyklaýyş netijeliligi 90%-e barabar bolup, has ygtybarly we netijeli usuldyr.

⇒ Enterkolizisli kompýuter tomografiýasy.

⇒ Ultrases bilen anyklaýyş.

⇒ Magnit rezonans tomografiýasy.

⇒ Zenanlarda tejiribeli lukmanyň ginekologiki barlagy hem 75-80% ýagdaýlarda sepleşme keselini güman etmäge kömek edýär.

⇒ Bejergi maksady bilen ulanylýan, az şikeslendirýän laparaskopiýa usuly hem görkezme bilen anyklaýyş çäresi höküminde ulanylyp bilner.

BEJERGI USULLARY

Adatça sepleşme keseli dowamly häsiýetli bolup, wagtal-wagtal ýüze çykýan agyrylar bilen häsiýetlendirilýär. Şonuň üçin hem derman serişdeleriň kömegi bilen bejergi esasan agyrylary aýyrmaga gönükdirilen bolmalydyr. Içegelerde howanyň ýygnanmagy bilen döreýän agyrylary arassalaýjy içege ýuwmalary (klizma), garna ýyly grelka goýma, ýygrylmalary gowşadyjy serişdeleri ulanmak arkaly aýryp bolar. Garna ozokerit we parafin böleklerini goýma, palçyk bilen bejergi, iýonoforez, diatermiýa ýaly fiziki emleri ulanmak hem peýdaly netijeleri berip biler. Hirurglaryň bellemegine görä, fiziki emleriň operasiýadan soňky döwürde gijikdirilmän ulanylmagy sepleşmeleri aýyrmakda uly netijeliligi gazanmaga kömek edýärler.

Fiziki emleri ulanma hökman berhiz tutma çäresi bilen utgaşdyrylmalydyr. Näsaglara içi ýellendirýän iýmit önümleri (soýaly önümler, kelem, süýt) köp kabul etmek, aşa doýup iýme maslahat berilmeýär. Şeýle-de, beden myşsalarynyň dartylmagyna getirýän agyr, surnukdyryjy fiziki zähmetden gaça durma maslahat berlip bilner.

Iýmitlenme kadalaryny berjaý etme, iç gatamanyň öňüni alyp, fiziki emleri ýerlikli ulanma sepleşme keseliniň alamatlarynyň beterlemeginiň öňüni almaga kömek berip biljek esasy çäreler bolup bilerler.

Sepleşme keseliniň operatiw bejergisiniň netijeliligi barada şu güne çenli hirurglaryň arasynda dürli pikirler we ýörelgeler öňe sürülýändir. Operatiw bejergi näsag üçin peýdaly boljakdygy we sepleri tutuşlaýyn aýyrmaga kömek etjekdigi baradaky ynamlylygy bermäge ukyply däldir. Gaýragoýulmasyz halatlardan başga ýagdaýlarda, operatiw bejerginiň geçirilmegine ünsli we seljermeli çemeleşmelidir.

Içege halkalaryny nowokainiň kömegi bilen aýyrmak, içegeleriň şikeslenen daşky perdesini dikeltmek, sepleşen agzalar "ýumagyny" aýryp bilme mümkinçiligi bolmadyk halatlarynda içege halkasynyň uçlaryny emeli birleşdirme operatiw bejergi usullarynyň esasy bölegini düzýändir.

Sepleşme keselinde döräp biljek içege geçirijiliginiň bozulmasynyň öňüni almak üçin, hirurglar tarapyndan işlenilip düzülen operatiw usullary (içege halkalaryny ugurlaýyn tikme, halkalary içege çözlerine tikme, içegeleriň içine çeýe turbajygy geçirme we baş.) hem öz peýdalylygy bilen birlikde, bar bolan kemçilikleri sebäpli lukmanlaryň arasynda dürli çemeleşmeleriň we pikirleriň döremegine getirýär.

ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI

Garyn boşlugynyň agzalarynyň ýiti kesellerinde hirurgiki bejergini özwagtyna geçirmek – sepleşme keseliniň öňüni alyş çäreleriniň esasylarynyň hataryna girýändir. Hirurgiki çäreleri emaý bilen, goragly alyp barma, görkezme (garyn boşlugynda duruzylyp bolmadyk gan akma, iriňli ožagyň ýarylmagy) bolmadyk halatlarynda arassalaýjy hasalary goýmadan saklanyp, gerek bolanda ýeňil serişdelerden ýasalan turbajyklary ulanma ýaly çäreler garyn boşlugynda sepleriň döremeginiň öňüni alyp biler. Operasiýa wagty garyn boşlugyny arassalamak üçin elektrosorujylary ulanma hem wajyp çäreleriň biri bolup durýandyr.

Geçirilen peritonit keselinden soň häsag hirurg lukmanyň dowamlaýyn gözegçiliginde saklanmalydyr. Içegeleriň hereketini tijendirmek maksady bilen klizma etmek, basyş bilen berilýän kislorody, prozerin serişdesini ulanma peýdaly bolup biler. Sepleşmeleriň öňüni almak üçin nowokain, ganyň lagtalanmasyny peseldiji serişdeleri, prednizolon bilen nowokain serişdelerini hem ulanma maslahat berilýär. Operasiýanyň gidişinde gidrokortizon bilen fibrinoliziniň ulanylşynyň peýdaly netijeleri berýändigi barada subutnamalar bardyr.

Sepleşme keseli maýyplyga getirip biljek kesel bolup, köplenç şeýle näsaglar maýyplygyň 3-nji toparyna degişli edilýändir we ýeňil zähmete geçirilýändir.

Sepleşme keselli näsaglaryň içege halkalarynyň sepleşendigi we olaryň hereketiniň bozulandygy sebäpli, islendik garyn boşlugyna edilen urgularyň içegeleriň ýarylmasyna getirip bilýändigini ýatda saklamalydyr.