SISTIT: SEBÄPLERI, ALAMATLARY, ERKEKDE WE AÝALDA GEÇIŞ AÝRATYNLYKLARY, BEJERGISI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.28 (43 Ses)

Sistit peşew haltasynyň nemli örtüginiň sowuklama keseli bolup, aýratyn hem zenanlarda peşew çykaryş ulgamynyň ýygy gabat gelýän keselleriniň biridir. Aýallarda onuň ýygy duş gelmeginiň esasy sebäbi hem anatomiki aýratynlyklar (peşew bölüp çykaryjy kanalynyň daşky deşiginiň jynshana we artbujaga ýakyn ýerleşmegi) bilen düşündirilýändir. Erkek adamlarda sistit esasan peşew bölüp çykarma kynçylygy bilen geçýän uretrit ýa-da prostatit kesellerinde ýüze çykýar. Çünki peşew haltada saklanýan peşew ýokançlyklaryň köpelmegi üçin ýaramly gurşaw bolup hyzmat edýändir.

Kesele sebäp bolup biljek ýagdaýlar:

→ Zyýanly ýokançlyklar (bakteriýalar, parazitler, kömelekler) – sistitiň iň ýygy duş gelýän sebäbi bakteriýalar bolup durýandyr. Bakteriýalar böwreklerden we peşew akarlardan (ýa-da tersine, peşew geçiriş kanalyndan) peşew haltasyna geçip, onuň nemli bardasynda köpelmek bilen keseliň döremegine sebäp bolýarlar;

→ Zenanlarda ulanylýan spiral, diafragma, spermatozoidleri öldüriji serişdeli prezerwatiwler ýaly göwreliligiň  öňüni alyjy serişdeler hem sistitiň emele gelmegine sebäp bolup bilýärler;

→ Aýbaşydan galma döwrüne gadam basan zenanlarda ýumurtgalyklaryň işjeňliginiň peselmegi we şol esasynda jyns agzalarda döreýän üýtgeşmeler sebäpli sistitiň ýüze çykmak ähtimallygy  ýokarlanýar;

→ Ýaş zenanlarda sistitiň döreme ähtimallygy dogabitdi häsiýetli hem bolup bilýär. Maşgalasynda dowamly sistitden ejir çekýän aýal garyndaşy bar zenanlarda hem bu keseliň ýüze çykma ähtimallygy ýokarydyr;

→ Peşew ýollarynda peşew daşlarynyň emele gelmegi hem sistitiň  döremegini aňsatlaşdyrýar;

→ Erkeklerde erkeklik jyns mäziniň sowuklamasy ýa-da ulalmasy hem sistite sebäp bolup bilýär;

→ Çanaklyk agzalarynda geçirlen radioterapiýadan soňky döwürde sistit keseliniň  ýüze çykmagy hem seýrek bolmaýar;

→ Täze doglan oglan bäbeklerde seýrek hem bolsa, ujydyň pürçüginde ýerleşýän ýokançlyklar sebäpli sistit ýüze çykyp bilýär;

→ Art-bujagyň arassaçylyk düzgünleriniň dogry berjaý edilmezligi;

→ Peşew haltasyna dürli görkezmeler esasynda kateteriň (rezin turbajygyň) goýulmagy;

→ Anyklaýyş we bejeriş maksady bilen dürli derman serişdeleriniň ulanylmagy hem bu  keseliň sebäbi bolup biler.

Kesele mahsus alamatlar:

► Peşew çykarylýan wagty peşew çykaryş ýolunda ýa-da peşew haltasynda agyrynyň we sanjylamanyň döremegi;

► Peşew etme isleginiň ýygy-ýygydan döreýänligine garamazdan, peşewiň az mukdarda bölünip çykmagy;

► Arkada, gapyrgasty bölekde we bilde dürli derejedäki agyrylaryň döremegi;

► Jynsy gatnaşyk wagty  garnyň aşaky böleginde agyrynyň ýüze çykmagy;

► Bedeniň gyzgynlygynyň  (37°-38°C) ýokarlanmagy.

Sistitiň anyklanylşy

Belläp geçilen alamatlary bolan näsagdan böwrekleriň dowamly sowuklama ýagdaýlarynyň bardygy ýa-da ýokdugy, radioterapiýa bejergisini alyp almandygy soralmalydyr.

Şeýle hem, himiýa serişdeleri höküminde ulanylýan dermanlaryň düzüminde siklofosfomid we ifosfomid maddalary bolan derman serişdeleri hem  peşew haltanyň nemli örtüginiň  näsazlygyna sebäp bolup, sistitiň alamatlaryny ýüze çykaryp bilýärler.

Zenanlarda we erkeklerde jyns agzalaryň barlagynyň geçirilmegi, sistite sebäp bolup biljek başga ýagdaýlaryň ýokdugyna göz ýetirmek üçin ähmiýetli bolup durýar.

Sistit keselini köplenç alamatlaryna görä şübhesiz tanap, bejergi belläp bolýar. Keseliň gaýtalanýan ýa-da geçirilýän bejerginiň netijesiz bolan ýagdaýlarynda, şeýle hem lukmany şübhä düşürip biljek başga ýagdaýlarda aşakdaky anyklaýyş usullaryndan biri ýa-da birnäçesi geçirilip bilner:

♦ Peşewiň mikroskopiýa barlagy – barlagda bir birlik meýdanda 5 we ondan köp leýkositiň  bolmagy  bakteriýaly sistitiň döränliginden habar berip biler.

Peşewiň mikrobiologiki barlagy – bu barlag kesele sebäp bolýan bakteriýany anyklamaga kömek edýär. Peşewiň dogry we arassa alynyş düzgüni barada näsaga  oňat düşündirilmelidir.

Ganyň umumy barlagy – ganda leýkositleriň sanynyň we eritrositleriň çöküş tizliginiň ýokarlanmagy  hem başga alamatlar bilen birlikde keseli anyklamakda ulanylýar.

Kreatinin barlagy – böwregiň işjeňligini we arassalaýyş işini anyklamak   üçin ulanylýar.

Peşewiň sitalogiýasy – peşew ganly bolup, onuň sebäbiniň ýokançlyklar däldigine göz ýetirlende, peşew haltasynyň we beýleki peşew bölüp çykaryjy agzalarynda howply täze döremeleri  anyklamak üçin peýdalydyr.

Peşew ýollarynyň ultrasonografiýasy – peşew ýollaryndaky anatomiki näsazlyklarynyň ýüze çykarylmasy üçin peýdaly usuldyr.

Sistoskopiýa – peşew haltasynyň nemli gatlagyna baha bermek üçin ulanylýan usuldyr.

Peşew haltasynyň biopsiýasy – täze döremelere şübhe dörän ýagdaýlarynda, bu usul arkaly peşew haltanyň nemli gatlagyndan barlag üçin bölejik  alnyp bilner.

Sistitiň we aşakdaky keselleriň alamatlarynyň arasynda meňzeşlikleriň bardygy sebäpli sistit bulardan tapawutlandyrylmalydyr:

→ Ünjüli, dartgynly ruhy ýagdaýlarda peşew etmäniň ýygylaşmagy, garynda ynjalyksyzlyk ýüze çykyp bilýär;

→ Jyns agzalaryň sowuklama keselleri;

→ Peşew haltasynyň çiş keselleri;

→ Aşa alkogol ýa-da kofein saklaýan içgileriň (kofe, çaý) kabul edilmegi;

→ Peşew haltasynyň daşyndan gysylmagy – goňşy agzalaryň dürli kesellerine baglylykda ýüze çykyp bilýär;

→ Böwrekleriň sowuklamasy (piýelonefrit);

→ Peşew ýollarynda daşyň bolmagy;

→ Erkeklik jyns mäziniň keselleri.

Keseliň bejergisi

Sistitiň bejergisinde hökman sowuklama garşy derman serişdeleri we uroantiseptikler (peşewde bejeriş mukdary saklaýan antibiotikler) ulanylýandyr. Antibiotikler sowuklama getiren ýokançlygyň görnüşine we onuň duýgurlygyna görä saýlanyp alynýandyr. Häzirki wagtda, öňler giňden ulanylýan ampisillin, biseptol serişdelerine ýokançlyklaryň duýgurlylygynyň dörändigini bellemelidir.

Bejergide ulanylýan uroantiseptiklere aşakdaky serişdeler degişlidir:

⇒ Nolisin – ýokançlyklara garşy ulanylýan täze, ftorhinolin toparyna degişli serişde bolup, keseliň ýiti görnüşinde onuň bilen bejergi 5-6 gün, dowamly görnüşiniň beterleme halatlarynda 4-6 hepdä çenli dowam edilýär;

⇒ Palin – öňden belli, ýokançlyklara garşy täsir edýän giň gerimli  serişde bolup, öz düzüminde 236 mg. pipemid turşylygynyň trigidratyny saklaýandyr;

⇒ Monural – düzüminde fosfomisini saklaýan, giň gerimli täze öndürilen derman serişdesi bolup, bu derman göwreli aýallar we çagalar üçin hem howpsyz bolup durýandyr;

⇒ Nitroksolin (5-NOK) – öňden ulanylýan we gowy öwrenilen, giň gerimli derman serişdesi bolup, kömelejikleriň käbir toparlaryna (meselem, Candida topary) garşy täsiri bilen hem bellidir.

Bedeniň immun ulgamyny tijendirýän dermanlardan uro-baksom, interferon serişdelerine degişli lawomaks serişdesi hem sistitiň bejergisinde gowy netijeleri berip biler.

Eger sistit kömelejikleriň täsiri bilen dörän bolsa flukonazol, mikosept, lamizil serişdeleri ulanylýar. Agyryly duýgulary aýyrmak üçin indometasin, nurofen, diklofenak serişdeleri, sanjylamaly duýgulary aýyrmak maksady bilen baralgin, ketoral, no-şpa dermanlary  ulanma netijeli bolup bilerler.

Erkek adamlarda sistit utgaşýan kesel (uretrit, prostatit) bilen birlikde bejerilip, peşewiň kadaly akmagy üçin  şert  döredilmelidir. Derman serişdelerinden başga, jyns mäziniň owkalanmasy we fiziki faktorlar bilen bejergi (elektroforez, magnit tolkunlarynyň täsiri, UWÇ) usullary hem ulanylýandyr.

Sistitiň bejergisinde ösümlik  serişdeleri (kanefron, siston, monurel, fitolizin, tutukon) hem başga dermanlar bilen utgaşmada giňden ulanylyp, düzümine baglylykda olaryň sowuklama, agyrylara garşy we buşukdyryjy täsirlilikleri bardyr. Olar bilen bejergi 15-20 gün dowamlylykda bolup, olara garşy allergiki täsirliligiň hem bolup biljekdigini bellemelidir.

Keseliň geçiş aýratynlygyna, ugurdaş kesellere we sebäplere baglylykda bejergini diňe lukman bellemelidir. Öz-özüňi bejerme dermanlaryň ýalňyş ulanylmagyna, keseliň dowamly görnüşe geçmegine we ýokançlyklaryň peşew bölüp çykaryjy ulgamyň başga agzalaryny zeperlendirmegine getirip biler.

Ulanylan çeşmeler: 1 / 2