ÇAGA INÇEKESELI: ALAMATLARY, BEJERGISI, ÖŇÜNI ALMAK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.18 (11 Ses)

Çaganyň syrkawlamagy hemişe uly alada, gaýgy, betbagytçylyk. Ony näçe aýasaň-da, käbir ýagdaýlarda keselden gorap saklap bolmaýar. Körpejäniň inçekesel ýaly uly adamlara mahsus kesele sataşmagy bolsa öränelhenç ýagdaýdyr. Ony wagtynda ýüze çykaryp, öte geçmeginiň öňüni almak üçin, ata-eneler çaga inçekeseli, onuň geçiş aýratynlyklary we alamatlary barada içgin bilmegi zerurdyr.

Statistiki maglumatlara görä, ýer ýüzünde azyndan her ýylda ýarym million kiçi çaganyň bu kesele sezewar bolup, olaryň 70 müňüsi onuň pidasy bolýar. Şonuň üçin-de, çagalar babatda bejeriş we öňüni alyş çärelerine has hem ýokary derejede üns berilmelidir.

Adamda inçekeseliň döremegine mikobakteriýalar: 92% – Mikobakterium tuberkulosis, galan 8% bolsa – Mikobakterium bovis (iri şahly mallarda we adamlarda inçekeseli dörediji) sebäp bolýar. Kohuň taýajygy ady bilen belli bolan mikobakteriýa köplenç öýkeni zeperlendirýär, ýöne başga beden agzalary (göz, süňk, deri, peşew-jyns ulgamy, içege we başgalary) hem zeperlenip bilýändir. Inçekesel taýajyklarynyň makrofagalarda (immun ulgamynyň goraýjy öýjükleri) we öýjügiň daşynda köpelmek ukyby bilen birlikde, daşky gurşawda saklanmak ukyby hem bardyr.

Olar ýokary we pes temperaturalara, ýagtylyga, çyglyga, himiki reagentlere (himiki täsirleşmede ulanylýan maddalara) çydamlydyr. Adaty şertlerde, gün şöhlesi ýetmezçilik edýän ýagdaýy mikobakteriýalar ýaşaýyş ukybyny saklap, birnäçe aýyň dowamynda töwerekdäkiler üçin howply bolup bilýär. Mysal üçin: olar kitaplaryň sahypalarynda 3-4 aýyň dowamynda, köçe tozanynda 10 gün, suwda 1 ýyla çenli, doňdurylan ýagdaýynda bolsa onlarça ýyllaryň dowamynda saklanyp bilýär. Ýöne  ultramelewşe şöhleleri bilen täsir edilende we gaýnadylan ýagdaýynda mikobakteriýalar birnäçe minudyň içinde ýok bolýarlar.

Adam inçekesel bilen ähli ýaşda – dünýä inen gününden başlap, garrylyk döwrüne çenli syrkawlamaga ukyplydyr. Bu kesele garşy eýýäm bäbekhanada edilen sanjym, çagany ýokuşma howpundan doly gorap bilmese-de, ol keseliň agyr, gaýraüzülmeli görnüşleriniň ýüze çykma mümkinçiligini peseldýär. Inçekesel ýokançlygyna, idegi ýetmeýän çagalar bilen bir hatarda şowly maşgaladaky çagalar hem duçar bolup bilýär. Ýokary howply topara iki ýaşa ýetmedik çagalar girýär. Bu döwürde doly bekemedik çaga bedeniniň immun ulgamy pes bolany sebäpli, kesel onuň dürli beden agzalaryny zeperlendirmäge ukyply. Netijede miliar (ýaýraň) inçekeseli, inçekesel sepsisi, inçekesel meningidi emele gelip bilýär. Iki ýaşdan soň çagalaryň immun ulgamy bekäp başlaýar we öýkenden başga beden agzalaryna howp salmaýar. Ýöne ýetginjek ýaşdaky çagalara hem ata-eneler ünsli bolmaly. Olar öz ýaşynyň psihologik aýratynlygyna görä, ata-enelerine saglygyndaky gowşaklyk barada seýrek arz edip, köplenç özüni ýaramaz duýýanlygyny aýtmaýarlar. Şol sebäpli keseli başlangyjynda duýmak kynçylygy ýüze çykýar.

Çaga inçekesele nädip ýolugýar?

Ýokançlygyň çeşmesi: keselli adam, inçekeseli bar bolan haýwanlardan önümleridir.

Kesel köplenç:

Keseliň ýokuşmagyna keseli ýaýradyjy bilen uzak wagtlap aragatnaşykda bolmak, ýaramaz sosial durmuş ýagdaýlary, açlyk, immun ýetmezçiligi (kesele garşy durnuklylygyň pese düşmegi) sebäp bolup bilýändir. Çaganyň immun ulgamynyň gowşaklygy keseliň agyr geçip, gaýraüzülmelere getirmek howpuny döredýär. Inçekeseliň döremeginde bedene düşen mikobakteriýanyň mukdary we kesel ýaýradyjy bilen bolan aragatnaşygyň möhleti wajyp orun eýeleýär. Şol sebäpli hossarlarynyň içinde inçekesel bilen syrkawlan bar bolan çagalarda kesellemek howpy ýokarlanýar. Ýokançlygyň döremegine bedeni gowşadýan emeli faktorlaryň hem täsiri uludyr: şikesler, çendenaşa sowama, nerw-psihiki bozulmalar, ýygy respirator ýokançlyklar bilen kesellemek, ýaramaz iýmit.

Keseli ýaýradyjy bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýan adamlaryň 25-50% ýokançlyga duçar bolýar. Her bir bassil ýaýradyjy syrkaw 10-15 adamy ýokuşdyrmaga ukyplydyr. Ýöne inçekesel ýokançlygyna sezewar bolmak kesellemegi aňlatmaýar. Ol diňe 5-15% ýagdaýda kesele geçýär, galanlary bolsa diňe ýokanç göterijiler bolup galýar. Ýokançlygy göterijiniň ýaşy näçe kiçi boldugyça, kesele geçmek howpy şonça-da ýokarlanýar.

Çaga inçekesiliniň alamatlary

Çaganyň bedenine düşen inçekesel taýajygy örän haýal hereket edýär. Birnäçe aýlaryň dowamynda alamatlaryny duýup bolmaýar. Onda peýda bolýan gowşaklygy, bitaplygy, işdäsiniň kesilmegini, umumy nähoşlugy hossarlary köplenç öte ýadamagy, mekdepde berilýän ýumuşlaryň agyr düşýänligi, witamin ýetmezçiligi bilen baglanyşdyrýarlar. Gynansak-da bu keseliň diňe özüne mahsus bolan aýratyn alamaty ýok. Inçekeselde ýüze çykýan alamatlary köplenç ýiti respirator keseliniň, bronhidiň, sowuklamanyň alamatlary bilen çalşyrýarlar. Şol sebäpli belli bir alamatlara aýratyn üns bermeli: uzak wagtlap saklanýan bedeniň gyzgyny, 3 hepdeden uzaga çeken üsgülewük, çaganyň umumy ýagdaýynda duýulýan güýçli ýadawlyk, horlanma, işdäsiniň pesligi  – howply keseliň alamatlary bolmagy ahmal.

Belli bolşy ýaly, çaga inçekeseliniň alamatlary ilki bilen ýokançlygyň zeperlän agzasyna, keseliň görnüşine, gaýraüzülmelerine bagly bolýar. Çagalarda we ýetginjeklerde köplenç başlangyç inçekeseliniň alamatlary ýüze çykýar. Bu keseliň ýygy duş gelýän we agyr geçýän kliniki görnüşleriniň içinde aşakda görkezilenleri bellemek bolýar.

Çagalarda we ýetginjeklerde ýüze çykýan inçekesel zäherlenmesi – bu örän ýygy duş gelýän kliniki görnüşidir. Esasy mekdebe çenli ýaşly we başlangyç mekdep ýaşly çagalarda ýüze çykýar. Çagada biraz gyzgynynyň ýokarlanmagy, gaharjaňlyk, ýadawlyk, ukyň bozulmagy, işdäň kesilmegi peýda bolýar. Lukmanyň ilkinji gözegçiligi deriniň solgunlygyny, çaganyň horlananlygyny, ýumşak dokumalaryň çeýeliginiň peselendigini, kiçi limfa düwünleriniň ulalandygyny ýüze çykaryp biler.

Başlangyç inçekesel toplumy gaýraüzülmeler ýüze çykýança alamatsyz geçýär we diňe rentgen barlagy netijesinde anyklanylyp bilner. Onuň gaýraüzülmesi hökmünde öýken sowuklamasy ýüze çykyp biler.

Bronhadenit inçekeseli ýa-da gursak içi limfodüwünleriniň inçekeseli, çagalarda ýüze çykýan başlangyç inçekeseliň iň ýygy duş gelýän görnüşidir. Limfodüwünleriniň ulalmagy öýken-bronhial daragtynyň gysylmagyna getirýär. Limfodüwünleriniň aşa ulalmadyk ýagdaýynda, diňe bedeniň inçekesel zäherlenmesi ýüze çykýar. Bronhadenitiň açyk görnüşinde bolsa, özboluşly kliniki alamatlar peýda bolýar: zarbaly, gökbogma meňzeş üsgülewük, sesiň boguk çykmagy, dowamly zäherlenmäniň alamatlary. Bronhadenitiň gaýraüzülmeleri hökmünde bronhlaryň inçekeseli, plewrit (öýkeni gurşap alýan ýorkanyň şikeslenmesi) ýüze çykyp biler.

Öýkeniň disseminirlenen (ýaýran) inçekeseli çagalarda we ýetginjeklerde seýrek duş gelýär. Ol inçekeseli döredijiniň gan damarlarynyň üsti bilen ýaýramagynyň netijesinde döräp, duýdansyz gyzdyrmadan başlaýar. Tizden-tiz zäherlenme alamatlary ýüze çykyp, gury üsgülewük, demgysma güýçlenýär. Güýçli dem alyş ýetmezçiliginiň alamatlary ýüze çykýar. Limfodüwünleriniň, bagryň we dalagyň ulalma alamatlary döreýär. Rentgen barlagy öýkeniň üstünde köpsanly ownuk kölegeleri ýüze çykarýar we keseli anyklamaga mümkinçilik döredýär.

Keseliň bu görnüşiniň gaýraüzülmeleri: ýürek-öýken ýetmezçiligi, ganazlylyk, dürli beden agzalarynda inçekesel zeperlenmeli ojaklaryň ýüze çykmagy, iki öýkeniň hem ýokarky böleginiň dokumalarynda boşlugyň emele gelmegi (kawernanyň emele gelmegi).Wagtynda anyklanylman, degerli bejergi geçirilmedik ýagdaýynda, syrkawy birnäçe aýdan soň ölüm ýagdaýyna getirip biler.

Peşew-jyns agzalarynyň inçekeseli häzirki döwürde öýkenden daşary inçekeseliň iň ýaýran görnüşidir. Bu ýagdaýda esasy böwrek zeperlenýär. Zeperleniş alamatlary peşew ulgamynda ýüze çykýan adaty sowuklama ýagdaýlaryndan kän tapawutlanmaýar. Wagtynda ýerlikli geçirilen bejergi syrkawyň doly gutulmagyna getirýär. Bejergi wagtynda geçirilmedik ýagdaýynda pionefroz (böwregiň iriňlemesi) ýüze çykýar we böwregi aýyrmak bejergi çäresini geçirmäge mejburlylyk döreýär .

Süňk we bogun inçekeseli esasy kiçi ýaşly çagalarda, ýokançlyga duçar bolandan soň ilkinji üç ýylyň içinde ýüze çykýar. Adatça oňurganyň ortaky bölekleri zeperlenýär. Onuň kliniki alamatlary: agyry, hereketiň çäklenmegi, oňurgaň zeperlenen böleginiň çişmegi. Bogunlaryň içinde köplenç ýanjyk, dyz süňki zeperlenýär. Inçekesel artridini (bogun çişmesini) adaty bejeriş usullary bilen bejerip bolýar. Bejergi döwründe ýokançlygyň ilkinji ojagyny tapyp doly bejergi çärelerini geçirmelidir. Doly bejerilmedik ýagdaýynda irki maýyplyk, küýkülik, zeperlenen bogunyň hereketsizlik ýagdaýynyň peýda bolmagy ahmal.

Inçekesel meningidi esasy kiçi ýaşly çagalarda ýüze çykýar we örän seýrek duş gelýär. Kesel kem-kemden çaganyň herekediniň üýtgemegi, umumy gowşaklygyň, soňra gyzdyrmanyň peýda bolmagy bilen başlaýar. Uzagyndan çagada kellagyry, ýagtylyga duýujylygynyň ýokarlanmagy, ýataklyk, ýeňse myssalarynyň dartgynlylyk ýagdaýy, damar çekmeler, beýniniň nerwleriniň zeperlenmegi, koma ýagdaýyna düşmegi ýüze çykýar. Kesel irki döwründe anyklanyp, degerli bejergi geçirilen ýagdaýynda gowy netijelere garaşyp bolýar. Wagtynda geçirilmedik bejergi 100% ýagdaýda ölümçülige getirýär.

Çagalarda inçekeseli anyklamak

Şübheli alamatlar ýüze çykan badyna çagany hökman lukmanyň barlagyna getirmeli. Lukman alamatlar boýunça ilkinji barlagy geçirip, tuberkulina duýgurlygyny anyklar (Mantu derňewi – çagalarda inçekeseli irki döwründe anyklamagyň öňdebaryjy usullarynyň biri) we degişli laborator barlaglaryna (öýkeniň rentgen barlagy, gakylygyň mikroskopiýa barlagy) ugradar. Eger-de keseliň ýüze çykanlygy anyklanylsa, haýal etmän bejergi bellenilýär.

Çaga inçekeselini bejermek

Çaga inçekeseliniň bejergisi edil uly adamlara geçirilýän tertipde geçirilýändir. Bejergini lukman ftiziatr, çaga lukmany we keseliň görnüşine görä başga lukmanlar (urolog, göz lukmany, newrolog, ortoped we başg.) bilen bilelikde geçirilýär. Körpeje syrkawlara inçekeseli duruzýan derman serişdelerini belleýärler. Bulara esasan Tubazid, Ftiwazid, ПАСК, Gink serişdeleri degişlidir. Bejerginiň uzak möhletleýin boljagyna ene-atalar taýýar bolmalydyr. Keseliň görnüşine görä bejergi azyndan alty aý dowam edýär. Onuň keselhanada ýa-da öýde geçmegi hem keseliň görnüşine baglydyr. Inçekesel bejergisiniň esasy –inçekesel taýajygyna täsir edýän himiki serişdeleri ulanmakdyr. Ony çaganyň ýaşyny, anatomiki we fiziologiki aýratynlyklaryny, inçekeseliň görnüşini we işjeňligini nazara tutup geçirýärler. Iýmit tertibiniň düzülşine, çaganyň fiziki işjeňliginiň derejesiniň kesgitlenşine aýratyn üns bermelidir. Bejergi uzak we tapgyrlaýyn geçirilýär (keselhana – şypahana – inçekesele garşy dispanser). Bejergi tamamlanandan soň, çagany ýöriteleşdirilen şypahana dynç almaga ýerleşdirmek gowy netije berýär.

Çagalar köplenç bejergini gowy geçirýär. Bejerginiň dowamynda zeperlenen öýken dokumalary uly adamyňka garanyňda has oňat dikelýär.

Çaga inçekeseliniň öňüni almak

Çaga inçekeseli bilen syrkawlamagyň öňüni almak üçin dürli çäreleriň toplumyny ulanmak zerurdyr. Olara spesifiki çäreler (sanjym we rewaksinasiýa), himioprofilaktika, arassaçylyk çäreleri we sosial-durmuş çäreleri degişlidir. Sosial-durmuş çäreleri döwlet derejesinde geçirilip, ekologiýa arassaçylygyny döretmäge, halkyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, saglygy goraýyş çäreleriniň derejesini ýokarlandyrmaga, halk içinde bar bolan ýaramaz endikleri ýok etmäge gönükdirilmelidir. Tämiz howa, arassa suw, ýokary hilli ýokumly iýmit önümleri çaganyň saglygyna täsir edip, keselçiligiň öňüni alýar.

Keseliň öňüni almak üçin ulanylýan iň netijeli çäreleriň birine çagalarda geçirilýän BSŽ waksinasiýasy we rewaksinasiýasy (gaýtadan sanjym geçirmek) degişlidir. Bu sanjym ýaňy dünýä inen çaga ilkinji 3-7 günüň içinde we mikobakteriýa ýokançlygyna sezewar bolmadyk ýagdaýynda 14 ýaşlarynda tertip boýunça rewaksinasiýa geçirilýär. Sanjymlar ýokançlyklara duçar bolmak howpundan gorap, çaga bedeninde kesele garşy immunitediň ýokarlanmagyna ýardam edýär, ýokançlyk geçäýen ýagdaýynda bolsa ýiti görnüşlerinden, gaýraüzülmelerden goraýar. Çagalarda inçekesel ýokançlygyny barlamak üçin her ýyl Mantu derňewi geçirilýär.

Ýokançlyk ýüze çykarylan ýagdaýynda, keseliň öňüni alyş çäresi hökmünde, ftiziatr lukmanyň gözegçiligi bilen azyndan iki aýyň dowamynda himiýa serişdeleri bellenilýär. Belli bir ýagdaýlarda bu çäre keselli çagalara hem geçirilýär.

Çaga inçekeseli şu güne çenli saglygy goraýyş ulgamynyň wajyp meseleleriniň biri bolup galýar. Onuň öňüni almak üçin, ilki bilen döremegine näme sebäp bolýandygy barada oýlanyp, olara ýol bermän, çaga üçin oňaýly ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek zerurdyr. Çagalar biziň geljegimiz. Olaryň şadyýan gülküsi, ilki bilen sagdynlygyň alamatydyr. Çaganyň saglygynyň düýbini tutmak bolsa biziň elimizdedir!

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / 2 / 3