AÝAL JYNS AGZALARYNYŇ INÇEKESELI: GÖRNÜŞLERI WE ANYKLAÝYŞ ÇÄRELERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.69 (16 Ses)

Aýal jyns agzalarynyň inçekeseli inçekesel taýajygynyň täsiri bilen döräp, özbaşdak kesel däl-de, bedendäki inçekesel ýokançlygynyň ýüze çykmagydyr.

Jyns agzalaryna gan damarlarynyň usti bilen köplenç öýkenden, seýrek ýagdaýlarda içegeden ýokançlygyň düşmegi zeperlenmeleriň başyny başlap biler. Inçekesel mikobakteriýalary köp wagtlap limfatiki düwünlerde saklanyp, bedeniň kesellere durnuklylyk häsiýeti gowşan ýagdaýynda ýaýrama ukyply bolýandyr.

Ýokançlygyň jyns agzalaryna düşmegi, köplenç çagalyk ýa-da ýetginjeklik döwründe bolup geçip, anyklama çärelerinde bolýan kynçylyklar sebäpli giç bilnip hem biler. Anyklanylýan içki agzalaryň sowuklama keselleriniň 10-11% ýagdaýlaryny inçekesel sebäpli döreýän bozulmalar tutýandyr.

Önelgesizlikden ejir çekýän aýallaryň 10-22%-de, aýbaşy halkasynyň bozulmalary bilen ýüz tutýanlaryň bolsa 8,2-8,4%-de inçekesel sebäpleri anyklanylýar.

Keseliň alamatlary

Jyns agzalarynyň inçekeseline belli bir zeperleniş häsiýetliligi mahsusdyr. Eger bu ýokançlykly aýallaryň 100%-de ýatgynyň goşundylary zeperlenýän bolsa, ýatgy 25-30%, ýumurtgalyklar 6-10% ýagdaýlarda zeperlenýändir. Jynshana bilen daşky jyns agzalary bolsa has seýrek ýagdaýlarda zeperlenip biler.

Ýatgynyň goşundylarynyň inçekeselinde ginekologiki barlagyň netijeleri başga sowuklama ýagdaýlarynda alynýan netijelere meňzeş bolýar.

Oňa garamazdan, käbir näsaglarda ýatgynyň goşundylarynyň dowamynda tesbi şekilli ýognalmalar, uly sepleşme ýagdaýlary anyklanylyp, agyrylaryň azlygy bilen häsiýetlenýändir.

Inçekeseliň dargama görnüşleri bedeniň gyzgynynyň galmagy, gan akmalar bilen geçip, ýatgynyň hem zeperlenmeleri bilen utgaşýandyr. Ýatgynyň goşundylarynyň inçekeseli düzgün bolşy ýaly, ikitaraplaýyndyr.

Ýatgynyň inçekeselinde esasan onuň nemli gatlagy zeperlenip, ol alamatsyz geçip biler. Näsaglary esasy biynjalyk edýän alamat aýbaşy halkasynyň bozulmagydyr. Keseliň uzak dowam edýän ýagdaýynda, ýatgynyň nemli gatlagy birleşdiriji dokuma bilen örtülip we sepleşmeleriň döremegine getirip, ýatgynyň içki görnüşiniň üýtgemegine sebäp bolýandyr. Şol sebäpli aýbaşynyň doly bolmazlygy hem bolup biler.

Ýatgynyň boýunjygynyň inçekeseli üýtgeme ýagdaýlarynyň ýatgynyň içki gatlagyndan ýaýramagy netijesinde döreýär. Ýatgy boýunjygynda döreýän inçekesel başlary öz görnüşi boýunça hakyky eroziýadan az tapawutlanýandyr. Diňe biopsiýa barlagy netijesinde zeperlenmäniň sebäbini anyklama mümkinçiligi döreýär.

Ýatgynyň boýunjygyndaky inçekesel zeperlenmeleriň dargamagy netijesinde döreýän eroziýa, rak keselinde ýüze çykýan başlary hem ýada salyp biler.

Jynshananyň inçekeseli seýrek duş gelip, ýatgynyň boýunjygynda döreýän başlary ýadyňa salýan zeperlenmeler bilen ýüze çykýandyr. Jynshana başlary esasan yzky gümmezde we jynshananyň yzky diwarynda ýerleşýändirler.

Daşky jyns agzalarynyň inçekeselinde uly bolmadyk başjagazlar kiçi jyns dodaklaryň içki ýüzünde ýaýraň ýerleşip, juda agyryly bolýarlar.

Anyklaýyş çäreleri

Aýal jyns agzalarynyň inçekeselini anyklamak keseliň taryhy barada anyk maglumat ýygnamaga, tuberkulin synagyny geçirmäge, biopsiýa alnan serişdäni gistologiki we mikrobiologiki barlagdan geçirmäge, aýbaşy çykyndylary ekip barlamaga, rentgen we endoskopiki usullara esaslanan bolýandyr.

Jyns agzalaryň inçekeseline güman edilýän näsaglaryň kesel taryhynda, çaga we ýetginjeklik döwründe ýygy geçýän ýokançly keselleri (plewrit, öýken sowuklamasy, bronhlaryň sowuklamasy), ýatgynyň ösüntgileriniň sowuklama ýagdaýlarynyň aýbaşynyň bolmazlygy bilen utgaşmagy, inçekeselli näsaglar bilen gatnaşygy barada maglumatlar bolup biler.

Näsaglarda geçirilen inçekeseliň galyndy alamatlaryny öýkende, süňk-bogun ulgamyndan we başga agzalardan ýüze çykaryp bolar. Inçekesel sebäpli döreýän bozulmalary adaty ginekologiki barlaglar bilen ýüze çykarma mümkin bolmaýar.

Keseliň bejergisi

Bejergi ýöriteleşdirilen keselhanalarda, inçekesele garşy dispanserde, şypahanalarda geçirilýär. Bejergi geçirilende bedende inçekeseliň bar işjeň ojaklary barada hem barlaglara esaslanmalydyr.

Inçekesele garşy bejergini, olaryň netijeliligini we özleşdirme ukybyny göz öňüne tutup, himioterapiýa serişdeleriniň ikiden az bolmadyk utgaşmasy bilen geçirýärler. Şol maksat üçin izoniazid, streptomisin, tubazid, ftiwazid, PASK, samozid, etambutol, rifampisin, kanamisin serişdeleri ulanylýar.

Adatça bejerginiň birinji tapgyrynda (12-18 aý) streptomisin, (kanamisin, biomisin) ýa-da PASK bilen tubazidiň ýa-da ftiwazidiň utgaşmalary ulanylsa, beterleşmeleriň öňüni almak üçin (ýaz, güýz aýlary) tubazid ýa-da ftiwazidiň tibon bilen utgaşmasy ulanylýar.

Ýokançlyga garşy serişdeler bilen bir hatarda gurplandyryjy çäreler (witaminler, antioksidantlar, beloga, minerallara, ýaga baý bolan berhiz) hem geçirilýär.

Häzirki wagtda, inçekesele garşy bejerginiň döwrebap geçirilmegi, jyns agzalarynyň inçekeselinde hirurgiki bejergini geçirmek zerurlygyny aradan aýyrdy. Inçekesel sebäpli döreýän önelgesizlik ýagdaýynda ýatgynyň turbalarynyň plastikasyny geçirmek maslahat berilmeýär.