EBOLA KESELINIŇ ÝAÝRAMAGY ADAMZADA HOWP SALÝAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.07 (27 Ses)

Häzirki wagtda Bütündünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň esasy üns merkezinde saklanýan Ebola (Ebola gemorragiki gyzdyrmasy ady bilen hem belli) keseline ýoluganlaryň sany 6000-den geçip, şolardan 3000-e golaý adam bu keseliň pidasy boldular. Resmi çeşmeleriň habar bermegine görä, 2015-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrlarynda Ebola keseline duçar boljak adamlaryň sany 550 000 barabar bolar. Bu keseliň biziň ýurdumyzda ýaýrama mümkinçiligi pes hem bolsa, dünýäniň dürli künjeklerinde okap-işläp ýören ildeşlerimiziň kesel barada bilmegi has möhümdir. Şu nuknaýnazardan ugur alyp, bu kesel barada has kop berilýän soraglaryň jogaplaryny size ýetirýäris.

1. EBOLA WIRUSY TARAPYNDAN DÖREDILEN KESEL NAME?

Bu kesel Ebola wirusy tarapyndan döredilip, agyr ýagdaýda geçýän we köplenç halatlarda (90%ýagdaýda) ölüm bilen gutarýan howply keseldir. Kesel adamlarda we maýmynlaryň belli bir görnüşlerinde (martyşka, gorilla we şimpanze) ýüze çykaryldy.

Ilkinji gezek Ebola keseli 1976-njy ýylda bir wagtda Afrika kontinentiniň iki ýerinde – Kongo Demokratik Respublikasynyň Ebola derýasynyň ýakasyndaky obada, beýlekisi bolsa Sudanyň bir etrapynda ýüze çykaryldy.

Bu keseliň gelip çykyşy barada heniz doly we anyk maglumat bolmasa hem, käbir maglumat çeşmeleri ýarganatlary wirusy göteriji hojaýyn diýip hasaplaýarlar.

2. ADAMLARA HAÝSY USULLAR BILEN ÝOKUŞYP BILER?

Keseliň ilki ýüze çykarylan geografiki zolagy bolan Günbatar Afrikada köp ýagdaýlarda kesel adamdan adama geçip ýokuşypdyr.

Keseliň geçmegi zeperlenen deri we nemli gatlaklar, gan we beýleki biologiki suwuklyklar bilen (täret, peşew, tüýkülik, döl) göni gatnaşyk arkaly amala aşyrylyp biler. Şeýle hem göni däl galtaşyk arkaly, ýagny hojalyk goşlary, näsagyň egin-eşiginden, ýassyk-düşeklerinden, ulanylan iňňelerden geçip biler.

Ebola keselli häsaglara ideg eden 100-den gowrak saglygy goraýyş gullugynyň işgärlerine hem keseliň ýokuşandygy barada maglumat bardyr. Bu ýagdaý işgärleriň hususy goraýyş serişdeleri ulanmandygy zerarly ýüze çykdy. Keseliň alamatlary ýüze çykyp başlandan haýal etmän ýeli hassahana habar berme we hususy goraýyş serişdeleri bolan ellikleriň, hususy halatlaryň, agyzlyklaryň ulanylmagy hökmany bolup durýandyr.

Ebola keseliň ýokuşma ýollary merhum näsaglary jaýlaýyş pursatlarynda hem ýüze çykaryldy. Maglumatlara görä, afrikan taýpalarynyň köpüsinde saklanyp galan merhumy jaýlaman 2-3 gün saklama, ogşaşyp hoşlaşma däpleri hem jeretden wirusyň ýokuşyp ýaýrama ähtimallygyny ýokarlandyrýar. Bu ýagdaýlarda hem hususy goraýyş serişdeleriň ulanylmagy wajyp bolup durýandyr.

Kesel bilen keselläp sagalan adamyň ganynda wirus belli bir wagta çenli saklanyp bilip, sagat adamlar bilen göni gatnaşygy amala aşyrma arkaly ýokuşma ähtimallygy ýokarydyr. Kesel dörediji wirus sagalyş döwründen soň 7 hepdä çenli dölde saklanmaga ukyplydyr. Şol sebäpli hem, bu döwürde sagalan adam bilen jynsy gatnaşykda bolmaklyk örän howpludyr.

Adatça kesellän adamlar haýwanlar bilen göni däl galtaşmada bolýarlar ýa-da olaryň etini iýýärler we özlerine keseli ýokuşdyryp, başgalary ýokuşdyrmagyň çeşmesine öwrülýärler.

Afrika ýurtlarynyň ilatynyň aglaba böleginiň ýarganat we maýmyn etini iýmekleri hem bu keseliň geçmeginiň göni sebäbi bolup durýar.
Ebola keseli howa-damja ýoly bilen ýokuşmaýar.

3. KESEL BILEN KIMLERIŇ KESELLEME MÜMKINÇILIGI ÝOKARY?

Keseliň ýaýran döwründen, bu kesel bilen keselleme mümkinçiligi ýokary bolan adamlar:

► Saglygy goraýyş işgärleri;

► Keselli bilen gatnaşykda bolan maşgala agzalary, dost-ýarlary;

► Ýogalan näsagy jaýlamana gatnaşan we onuň bilen galtaşan adamlar;

► Ýarganat etlerini iýmit hökmünde ulanýan ýurtlaryň ýaşaýjylary.

Keselli bilen gatnaşykda bolan toparlary, ýörite goraýyş serişdeleriniň (halat, ellik, agyzlyk) ulanylmagy bilen gözegçilige almalydyr.

4. KESELIŇ NÄHILI HASIÝETLI ALAMATLARY BAR?

Beden temperaturasynyň duýdansyz ýokarlanmagy, gowşaklyk, myşsalarda agyry, kelle agyry we damak agyry ýaly adaty alamatlar bu kesel üçin hem mahsusdyr. Wagtyň geçmegi bilen ýürek bulanmaklyk, içgeçme, deride örgünler, böwrek, bagyr işjeňliginiň bozulmagy, içki agzalarda we daşky gan akmalaryň (burundan, gözden we baş.) ýüze çykmagy ýaly alamatlar peýda bolýar.

Laboratoriýa barlaglaryndan ganda ak gan öýjükleriniň (leýkositleriň) pesdigi, şeýle hem bagyr fermentleriniň ýokarlanandygyny anyklap bolýar.

Keseliň gizlin döwri onuň ýokuşan gününden 2-21 gün aralygyny tutýar. Keseliň ýokuşandygyny diňe laboratoriýa barlaglaryndan soň aňyk kesgitläp bolýandyr.

5. LUKMANÇYLYK KÖMEGINE HAÇAN ÝÜZ TUTMALY?

Eger siz Ebola keseli ýaýran ýurda baran bolsaňyz ýa-da şol keselli adam bilen gatnaşyk saklap, kesel bardygyna şübhelenýän bolsaňyz onda lukmanyň barlagyndan geçiň.

Haýal etmän lukmana ýüz tutmaklyk keseliň gaýraüzülmeli ýagdaýyny peselder. Şeýle hem keseliň ýaýramazlygyny gözegçilige almaklyk, zyýansyzlandyrma işlerini geçirmeklik hökmanydyr.

6. BEJERGI NÄMELERDEN YBARAT?

Agyr ýagdaýdaky näsaglara haýal etmän lukmançylyk kömegini bermek hökmanydyr. Olar bedeni suwuklyk bilen üpjün etmek maksady bilen wena içine durli suwuklyklaryň, duzly erginleriň goýberilmegine mätäç bolýarlar. Häzirki wagtda keseli doly bejermeklige ugrukdyrylan aýratyn bejergi usullary ýokdur. Lukmançylyk gözegçiliginiň astynda keseliň başky döwürlerinde näsaglaryň sagalma ähtimallygy bolup biler. Keseliň mundan beýläk ýaýramazlygynyň öňüni almak üçin hassalar bilen gatnaşygyň ünsli, gorag serişdeleriniň kömegi bilen alyp barylmagy, saglygy goraýyş işgärleriň ýokanç kesele bolan gözegçiligini ýokary derejede geçirmegi talaba laýykdyr.

7. MEN NÄME EDIP BILERIN?KESELIŇ ÖŇÜNI ALYP BILERINMI?

Şu güne çenli Ebola keselinden sagalmany üpjün edýän derman serişdesi, waksina ýok, ýöne alamatlarynyň bejerilmesinde kanagatlanarly netije berýän dermanlar bardyr.

KESELIŇ ÖNÜNI ALYŞ ÇÄRELERI

Keseliň öňüni alyş çärelerini geçirmek üçin birnäçe düzgünler bellenilendir:

⇒ Keseliň geçiş aýratynlygyna, göreşmek usullaryna we geljekde ýaýraýşy baradaky maglumatdan habardar bolmaklyk;

⇒ Saglygy Goraýyş Ministrliginiň çykarýan buýruklaryndan we görkezmelerinden habarly bolmak, ony berjaý etmeklik;

⇒ Ýakynlarňyzdan kimdir birini bu kesel bilen kesellandir diýip güman edýän bolsaňyz, haýal etmän ýerli saglygy goraýyş edarasyna ýüz tutuň, şahsy goraýyş düzgünleri berjaý ediň;

⇒ Islendik ýagdaýda şahsy gigiýenany berjaý ediň;

⇒ Tanamaýan ýerlerňizden et we et önümlerini satyn almaň. Et önümlerini oňat edip bişiriň.

Şeýle hem, kesel ýokuşma ähtimallygy ýokary bolan haýwanlar (maýmynlar, ýarganatlar) bilen gatnaşygy çäklendiriň. Eger haýsydyr bir haýwanda nähilidir bir kesel bar diýip güman edýän bolsaňyz, oňa golaýlaşmaň!

Ulanylan WEB Salgy.