ÖWRENILEN EJIZLIK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (12 Ses)

owrenilen ejizlik1965-nji ýylda amerikan psihology Martin Seligman işdeşleri bilen bilelikde ylmy barlag geçirýär we adamlaryň ýa-da haýwanlaryň bir zady başga bir zat bilen baglanyşdyrma prosesini öwrenýär. Bu barlagda Seligman itlerde eksperiment geçirýär. Ol ilki jaň kakýar, soňra bolsa iti çalaja tok urdurýar. Şuny birnäçe gezek gaýtalanyndan soňra it tok urgusyna entek ol başlamanka jogap berýär: ýagny, it jaňy eşden badyna özüni tok uran ýaly alyp barýar.

Emma haýran galdyryjy hadysa eksperimentiň indiki tapgyrynda bolup geçýär. Seligman bu gezek iti ortasyndan pessejik haýat bilen ikä bölnen giňiş guta salýar. It haýatyň beýleki tarapyny hem görüp bilýär we islese haýatdan böküp o tarapa geçip bilýär. Haýatyň bir tarapyndaky ýeri elektrikleşdirýärler, beýleki tarapyny bolsa şol durşuna galdyrýarlar. Soňra Seligman iti elektrikleşdirilen tarapda goýýar we ýene-de ýeňil derejeli tok urdurýar. Ol itiň tok uran badyna haýatdan böküp, beýleki tarapa geçmegine garaşýar.

Seligmaniň çaklamasy nädogry bolup çykýar. It tok uransoň hem hiç ýere gymyldaman, şol bir ýatan ýerinde ýatýar. Eksperimentiň birinji tapgyrynda tok urulma garşy hiç hili çäre görüp bilmejegini öwrenen it, ikinji tapgyrda hatda synanyşmak hem islemeýär. Bu eksperimente gatnaşdyrylan itleriň ählisi hem şol bir reaksiýany görkezýär.

Seligman bu ýagdaýy "öwrenilen ejizlik" diýip atlandyrýar. Öwrenilen ejizlik – bu kyn ýagdaýdan çykmaga synanyşmazlykdyr. Sebäbi geçmişdäki kynçylyklar saňa ejizlemäni öwretdi.

Itleriň tok urmadan gaçmak üçin haýatdan bökmedigini gören Seligman eksperimentiň ikinji tapgyryny birinji tapgyra gatnaşdyrylmadyk itlerde barlap görýär. Öň tok urdurylmadyk itler tokdan gaçmak üçin derrew haýatyň beýleki tarapyna bökýärler. Şeýlelikde Seligman şeýle netijä gelýär: haýatyň elektrikli tarapynda galmagy saýlap alan itler hakykatdanam bu ejizligi eksperimentiň birinji tapgyryndan öwrendiler.

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / MEN BIR MAŇLAÝY GARA-LA