MILGRAMYŇ TABYNLYK EKSPERIMENTI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.57 (7 Ses)

Milgram eksperimentiPsihologiýada adamyň tabynlygy barada iň meşhur ylmy barlaglaryň birini Yale uniwersitetiniň psihology Stanley Milgram geçirýär. Onuň geçiren eksperimenti adamda höküm edijä tabyn bolmak we şahsy wyždan arasyndaky gapma-garşylyga üns çekýär.

Milgramyň bu eksperimenti (1963-nji ýyl) geçirmegine Ikinji Jahan Urşunda Adolf Eichmann we onuň ýaranlary tarapyndan edilen gyrgynçylygyň (genosid) aklanylmagy üçin hödürlenen pikirler sebäp bolýar. Uruşda gyrgynçylyk jenaýatyna gatnaşyjylar suduň öňünde özlerini "biz diňe ýolbaşçylaryň buýruklaryna tabyn bolduk" diýip aklamaga çalyşýarlar. Bu Milgramy oýa batyrýar we ol öz eksperimentiniň üsti bilen şu soraglara jogap gözleýär:

Çyndanam Eiсhmann we onuň million ýarany diňe tabynlyk sebäpli gyrgynçylyk etdilermi? Olary "jenaýat şärikleri" diýip atlandyryp bilerismi? (Milgram, 1974)

Milgram eksperimente gatnaşyjylary gazet mahabatynyň üsti bilen saýlaýar. Eksperiment 20-50 ýaş aralygyndaky we dürli kärdäki 40 erkek adamyň gatnaşmagynda Yale uniwersitetiniň bir laboratoriýasynda geçirilýär.

Eksperiment:

Gatnaşyjylary jübüt-jübüt edip aýralaýarlar. Emma jübütleriň diňe biri hakyky gatnaşyjy, beýlekisi bolsa gatnaşyjynyň roluny oýnamak üçin ýörite işe alnan aktýor jenap Wallasdy. Hakyky gatnaşyjylar ýoldaşlarynyň ýörite goýlan aktýordygyny bilmeýärler. Soňra her jübüt gizlin kartlaryň birini saýlaýar. Hakyky gatnaşyjylara hemişe "mugallym" karty düşer ýaly edip gurnalýar. Jenap Wallas bolsa "okuwçy" kartyny saýlaýar. Şeýlelik bilen hem gatnaşyjylaryň ählisi eksperimentde "mugallym" wezipesini ýerine ýetirmeli bolýarlar.

Soňra okuwçyny (jenap Wallas) aýratyn otaga salyp, elektrikli oturgyja berkidýärler. Mugallym bolsa gapdaldaky otagda oturdylýar we öňünde 30 sany wyklýuçatel goýulýar. Wyklýuçatelleriň hersinde bassaň näçe wolt elektrik urgusyny çykarýandygy ýazylgydy. Olaryň iň kiçisinde 15 wolt (sähelçe tok urma), iň ulusynda 450 wolt (örän ýokary derejede tok urma) bardy.

Milgram eksperimenti shema

Soňra okuwça birnäçe setir söz düzümleri berilýär we olary ýat tutmak tabşyrylýar. Mugallym bolsa okuwça şol söz düzümleriniň birinjisini aýdýar we ikinji sözi ýatdan aýtmagy soraýar.

Okuwçy ýalňyşlyk goýberende, mugallyma öňündäki tok urduryjy wyklýuçateli basmak buýrulýar. Mugallym 15 woltludan başlaýar we okuwçy her gezek ýalňyşanda ondan uly woltly wyklýuçateli basmaly bolýar.

Okuwçy (aktýor) bilgeşleýin ýalňyş jogaplary berýär. Her ýalňyş jogap üçin mugallym ony tok urdurýar. Okuwçy her gezek toguň wolty güýjände çydamsyzlykdan gygyrýar:

↪ "Agyrysyna çydap bilemok. Meni bärden goýberiň!"

↪ "Goýberiň meni! Ýüregim biynjalyk edýär. Meni bärde saklamaga hakyňyz ýok!"

Haçanda mugallym tok urdurmakdan boýun gaçyranda, onuň dowam etmesi üçin eksperimentçä birnäçe "buýrujy" jümleleri aýtmak tabşyrylýar. Eksperimentçi 4 sany buýrugy ulanýar. Ol birinji buýruk berjaý edilmedik ýagdaýynda ikinjä geçýär, ikinji edilmese üçünjä we ş.m.

Buýruk 1: Dowam ediberiň.

Buýruk 2: Eksperiment siziň dowam etmegiňizi talap edýär.

Buýruk 3: Siz hökman dowam etmeli.

Buýruk 4: Dowam etmeseňiz bolanok. Sizde başga çykalga ýok.

Netijeler

Gatnaşyjylaryň (mugallymlaryň) 65%-i iň ýokary woltly (450) tok urgusyna çenli dowam edýärler. Ähli gatnaşyjylar 300 wolta çenli dowam edýärler.

Milgram ýekeje eksperiment bilen çäklenmeýär – ol bu eksperimentiň 18 dürli görnüşini geçirýär. Her görnüşinde situasiýany üýtgedip, onuň tabynlyga nähili täsir edişini derňeýär.

Gelnen netije:

Adaty adamlar ýokary wezipeli adam tarapyndan berlen buýruklara tabyn bolagan bolýarlar, hatda ol günäsiz adamlary öldürmäge çenli baryp ýetýän hem bolsa. Özümizden uly wezipeli adamlara bolan tabynlyk terbiýäniň üsti bilen ählimiziň süňňümize guýulýar.

Ýokary wezipelilerden başgalara gezek gelende, adamlar buýruklaryny moral ýa-da kanun taýdan dogry hasap edýän adamlaryna boýun egýärler. Kanun taýdan erkli şahslara tabyn bolmak dürli situasiýalarda we şertlerde öwrenilýär (meselem: öýde, mekdepde, işde).

Milgramyň Agentlik Teoriýasy

Milgram (1974) eksperimente gatnaşyjylaryň özlerini alyp barşyny "adamlar sosial situasiýada özlerini iki şekilde alyp barýarlar" diýip düşündirýär:

Özbaşdaklyk haly – adamlar özbaşdak hereket edýärler we edýän hereketleri üçin jogapkärçilik çekýärler.

Agentlik haly – adamlar öz hereketlerine başgalaryň höküm etmegine rugsat berýärler we edýän hereketleri üçin jogapkärçiligi buýrukçylaryň boýnuna goýýarlar. Başga söz bilen aýdylanda, olar başga adamyň isleglerini amala aşyrmak üçin agent bolup hereket edýärler.

Milgram adamyň agentlik halyna geçmegi üçin iki zadyň ýerinde bolmalydygyny aýdýar:

1. Buýrukçy adam başga adamlaryň hereketlerine höküm etmäge mynasyp saýylýar, ýagny ol kanun taýdan ygtyýarly şahs hökmünde görülýär.

2. Tabyn bolujy boljak işler üçin buýrukçynyň doly jogapkärçiligi üstüne alýandygyna ynanýar.

Agentlik Teoriýasyna görä, adamlar haçanda buýrujy şahsyň öz hereketleriniň netijeleri üçin jogapkärçilik çekjekdigine ynanansalar şol şahsa tabyn bolýarlar.

Bu teoriýany Milgram eksperimentiniň käbir görnüşleri tassyklaýar. Meselem, haçanda gatnaşyjylara öz hereketlerine özleriniň jogapkärdigi aýdylanda, olaryň ählisi diýen ýaly tabyn bolmakdan boýun gaçyrdylar. Emma, boýun bolmak islemeýän gatnaşyjylaryň köpüsi haçanda olara hereketleri üçin eksperimentçiniň jogapkärçilik çekjekdigi aýdylanda tabyn bolmagy dowam etdiler.

Milgram Experiment (video)

Ulanylan WEB Salgy