STRESS BARADAKY TOSLAMALAR WE HAKYKAT

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.48 (23 Ses)

Stress — bu adam bedeniniň dartgynlylyk ýagdaýy. Ol daş-töwerekdäki ýaramaz täsirlerden (fiziki we ruhy şikesler, ölüm, ýakynlaryňdan jyda düşmek we ş.m)  goranmak üçin edilýän hereketleriň netijesinde ýüze çykýar. Stress ýagdaýyny dogry kesgitlemek we oňa garşy göreşmek üçin, ol baradaky ýalan toslamalary we hakykaty bilmelidir.

Aşakda giňden ýaýaran toslamalaryň 15-si berlendir. Her toslamanyň aşagynda bolsa olary ýalana çykarýan düşündirişler bar:

1-nji toslama:

Stress meniň saglyk ýagdaýyma zeper ýetirip bilmeýär, sebäbi ol meniň diňe aňymda bolýar.

Bu ýalan! Stress diňe bir ruhy ýagdaýa däl, eýsem bedeniň fiziologiki işlerine hem täsir edýändir. Stressiň netijesinde ýüze çykýan kesel adamyň saglygyna howp salýar. Muňa mysal hökmünde ýürek tutgaýlary, ýokary gan basyşy, immunodefisit, aşgazan we içege ýaralary ýaly keselleri getirmek bolýar.

 

2-nji toslama:

Stressden diňe ejiz adamlar ejir çekýärler.

Bu ýalan! Tersine, güýçli, işeňňir adamlar has uly stresslere duçar bolýarlar. Sebäbi olar öz öňlerinde uly maksatlary goýup, az wagtyň içinde olary amala aşyrmaga jan edýärler. Bu ýagdaý olara juda uly agram salýar-da, sterssiň döremegine eltýär.

 

3-nji toslama:

Men öz durmuşymdaky stresse jogap berip bilmeýärin, sebäbi biziň döwrümizde stressiz ýaşamak mümkin däl. Biziň barymyz stressiň pidalarydyrys.

Bu ýalan!  Stressleriň köp bölegi adamyň ruhy ýagdaýynyň netijesinde ýüze çykýar. Bu ýagdaý iki zatdan ybarat. Olaryň birinjisi — stresse sebäp bolýan wakalar,  ikinjisi bolsa — adamyň bu waka bolan garaýşyndan ybarat. Stress ýagdaýynyň ýüze çykmagynyň esasy sebäbi — bolup geçýän wakalar däl-de, adamyň bu waka bolan garaýşydyr. Umuman, stressiň sebäbi — adamyň öz hususy pikirleri.

 

4-nji toslama:

Çakdanaşa köp stressiň bolup-bolmazlygyny meniň özüm bilýärin.

   Bu ýalan! Stress — bu göreşmegiň ýa-da haýsydyr bir zatdan gaçmagyň reaksiýasy. Adatdan daşary ýagdaýlarda biz özümize howp salýan zatlardan gutulmak üçin pikir etmeli däl-de, derrew hereket etmeli bolýarys. Stress bolsa biziň şu ýagdaýlarda gutulmagymyzy üpjün edýär. Şonuň üçin-de, stress näçe güýçli bolsa, adam ony şonça-da az duýýar. Stressiň güýçli bolan ýagdaýlarynda onuň ilkinji alamatlary howp aýrylyp, dartgynlylyk ýitende ýüze çykýar.

 

5-nji toslama:

Stressiň sebäplerini anyklamak aňsat.

Bu ýalan! Bu pikir gowşak stressler babatda dogrudyr, sebäbi gowşak stressiň alamatlary haýsydyr bir ýaramaz wakanyň täsirinden soň derrew ýüze çykýar. Emma stress güýçli bolanda onuň ilkinji alamatlary tä howp-hatar doly aýrylýança, ýüze çykmaýar. Şular ýaly ýagdaýlarda stressiň sebäplerini anyklamak kyn bolýar.

 

6-njy toslama:

Adamlaryň ählisi stressi deň derejede duýýar.

Düýbünden beýle däl! Her bir adam özboluşlydyr. Her kimiň stress babatda öz sebäpleri, alamatlary we stressi ýeňip geçiş usullary bardyr. Stress täsirleriniň ýüze çykmagynyň käbir ýagdaýlary umumy bolsa-da, dürli adamlar stressleri  dürli-dürli geçirýärler.

 

7-nji toslama:

Stressiň güýçli bolan ýagdaýynda ýeke-täk çykalga — oňat dynç almak.

Bu ýalan! Eger adam çendenaşa köp bolan dartgynlylykdan saplanyp bilmese, dynç alyş günleri ýa-da rugsatly dynç alşa çykmagy hem gerekli netijäni bermez. Çendenaşa köp stresslere garşy göreşmek üçin köplenç relaksasiýanyň (dartgynlylygy aýyrmanyň) ýa-da stress-menejmentiň ýörite okuwlaryny geçmeli bolýar. 

 

8-nji toslama:

Bagtly durmuş stresslerden azat bolmalydyr.

Bu ýalan! Bagt – bu adamyň öz maksatlaryny amala aşyryp bilmegidir. Öz maksadyňa ýetmek üçin dürli kynçylyklary ýeňip geçmeli bolýar. Bu bolsa stressdir. Şonuň üçin-de bagtly durmuş stresslerden azat däldir. Emma bagtly adam öz bedeniniň dartgynlylyk derejesini dolandyryp bilýär. Ol bu dartgynlylygy öz maksatlaryna ýetmeklige gönükdirýär.

 

9-njy toslama:

Eger adam yhlas etse, hemme kynçylyklara öwrenişip bilýär.

Bu hemişe beýle däl! Birinjiden, käwagt adam öz hereketleri bilen stressiň ýüze çykyp, onuň güýçlenmegine ýardam berýär. Şular ýaly ýagdaýlarda hereketler kemelse, stress hem kemeler. Ikinjiden, her bir adamyň mümkinçilikleri çäklidir. Käwagt güýçli yhlas edilse-de, maksada ýetmek mümkin däl. Şonuň üçin-de, ýagdaý sizden zor bolsa, güýjüňizi we wagtyňyzy biderek sarp etmän, yza çekiläýiň.

 

10-njy toslama:

Stress näçe az bolsa, şonça-da gowy.

Bu hökman şeýle bolmaly däl. Uzak wagtyň dowamynda stress duýulmasa, adamyň oňa bolan garşylygy peselýär. Bu soňra sähelçe stressiň hem örän agyr duýulmagyna sebäp bolýar. Başga bir tarapdan bolsa, stressiň juda az bolmagy hem stressdir. Sebäbi kadalaýyk, doly durmuş üçin dartgynlylygyň belli bir derejesi gerek bolýar. Eger bu dereje adaty normadan pes (ýa-da ýokary) bolsa, organizm oňa uýgunlaşmak üçin goşmaça güýji sarp etmeli bolýar. Uýgunlaşmagyň islendik görnüşi bolsa gönüden-göni stress bilen baglanyşyklydyr.

 

11-nji toslama:

Stress-menejmentiň esasy maksady — stressi aýyrmak.

Bu beýle däl. Stressi bütinleý ýok edip bolmaýar. Stress baradaky taglymatyň düýbini tutan Gans Selýeniň aýtmagyna görä, stressden diňe ölüm doly azat bolup bilýär. Dartgynlylyk — bu ýaşaýşyň aýrylmaz bölegidir. Stress-menejmentiň maksady — stress derejesini gözegçilikde saklap, dartgynlylygy dolandyrmakdan ybarat. Sebäbi bu çäreler organizmiň öz wagtynda gurplanyp, uzaga çekýän stressiň düýpli kynçylyklary döretmegine ýol bermeýär.

 

12-nji toslama:

Streslleriň islendigi zyýanlydyr.

Hatda iň güýçli stres hem zyýanly hem peýdaly bolup bilýär. Orta haldaky stress bize täze ýagdaýlara öwrenişmäge, ýaramaz zatlaryň öňüni almaga. Işde ýa-da okuwda iň oňat derejelere ýetmäge, işi möhletinde ýerine ýetirmäge kömek edýär. Umuman, orta haldaky stressiň zyýanyndan peýdasy köpdür.

 

13-nji toslama:

Stressden diňe ulular ejir çekýärler.

Bu ýalan! Çagalar bilen ýetginjekler hem stresslerden ejir çekýärler.  Çaga stressleriniň sebäpleri başga bolup biler, ýöne onuň täsir edişi meňzeşdir. Stressiň netijesinde ulularda bolýan bozulmalar ýetginjekler bilen çagalarda hem ýüze çykyp bilýär.

 

14-nji toslama:

Beden maşklary stresse garşy gönükdirilen güýji sarp edýärler.

Bu ýalan! Bu toslamanyň hiç bir fiziologiki esaslanmasy ýokdur. Stress — göreşiň ýa-da howpdan gutulmanyň dowamynda ýüze çykýan ýagdaýdyr. Dartgynlylygyň çakdanaşa köp mukdaryny azaltmagyň iň oňat usullarynyň biri — fiziki hereketleri köp etmeklik. Eger stressiň öňüni alyp bilmedik bolsaňyz, köpräk hereket etjek boluň. Şonda siziň bedeniňiz ýeňillik duýar, stress dereji peseler, güýjüňiz köpeler.

 

15-nji toslama:

Stresslere ýykgyn bolan adamlaryň onuň bilen göreşmegi biderekdir.

Dogrudan-da, käbir genetiki, bilologiki we jemgyýetçilik faktorlar stressiň örän ýokary derejede bolmagyny üpjün edýärler. Ata-enesinden geçen häsiýet aýratynlyklary, mysal üçin ganygyzgynlylyk, gaharjaňlyk (genetiki faktor), uly şäherlerdäki ýaşaýyş (jemgyýetçilik faktory) ýa-da tireoidli gormonlary bilen bejergi almak zerurlygy (biologiki faktor) stressiň mukdaryny, güýjüni we dowamlylygyny artdyrýar. Emma şular ýaly ýagdaýlar stress bilen göreşmegi bes etmelidir diýmegi aňlatmaýar. Tersine, şu ýagdaýlarda stress-menejmentiň döwrebap usullaryny ulanmak oňat netijeleri berip biler.