NERW DARTGYNLYGYNY NÄHILI AÝYRMALY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.32 (25 Ses)

Biziň döwrümizde nerw dartgynlygy  her üç adamyň birinde duş gelýär. Şäheriň hysyrdyly durmuşy, ýollardaky dartgynlylyk, jemgyýetçilik ulagyndaky adamlaryň hyryn-dykynlygy, iş ýerimizdäki kynçylyklar, dem alýan howamyzyň hapalanmagy – bularyň bary güýçli nerw dartgynlygynyň döremegine sebäp bolýar. Bu dartgynlykdan özbaşdak dynmak aňsat däldir. Ýöne bu ýagdaýa biperwaý garamakda bolýan däldir. Sebäbi tiz wagtda bu ýagdaý siziň daş keşbiňize, soňra bolsa saglygyňyza zeper ýetirmegi ahmal.

Nerw dartgynlygyň ýüze çykan ýagdaýynda adamyň işe bolan ukyby peselýär. Onda ukusyzlyk, göwniçökgünlik peýda bolýar. Onuň göwnüne hemmeler oňa erbet garaýan ýaly bolup görünýär. Kynçylyklar diňe ony saýlandyr öýdýär. Şeýle göwnüçökgünlilik ýagdaýy tizara dowamly görnüşe geçýär. Bu bolsa adam organizminiň endokrin bozulmalaryna, ýygy-ýygydan kesellemegine sebäp bolýar. Göwnüçökgünliligiň kesellere "el bulap", olary çagyrýandygyna, kesel ýakynlaşanda bolsa wiruslary  "myhmansöýerlik" bilen kabul edýändigi ýadyňyzda bolsun. Dyngysyz sowuklamalar, ýürek-damar ulgamynyň we beýleki keselleriň döremegine hem nerw dartgynlygy  sebäp bolýandyr. Daş görnüşimiz barada aýtmak-da gerek däl: saçlarymyz düşýär, gözümiziň gabaklary ýellenýär, gözlerimiziň aşagynda meşijekler emele gelýär, derimiziň reňki solýar.

Nerw dartgynlygynyň ilkinji alamatlary şulardyr:

Eger siz özüňizde nerw dartgynlygy döräp başlandyr diýip güman etseňiz, tizden-tiz degişli çäreleri görüň. 
Oňat netije berýän çäreleriň biri – ylgamak ýa-da sport bilen meşgullanmak. Tans toparyna ýazylyp, tans oýnamak hem nerw dartgynlygy aýyrýar. Garaz, sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanmak organizmdäki endorfinleriň, ýagny şatlygyň we bagtyýarlygyň gormonynyň derejesini ýokarlandyrýar. Sportzala baranyňyzda ýadaw bolsaňyz-da, gaýdanyňyzda eýýäm ýeňilligiň duýulýandygyny, belki, özüňiz-de bilýänsiňiz. Sport bilen meşgullanmak gan aýlanyşygy gowulandyryp, erbet pikirleriň ýom-ýok bolmagyna ýardam berýär. Ynanmasyňyz, özüňiz barlap göräýiň. 

Nerw dartgynlygynyň öňüni almagyň usuly – dynç almagy başarmaly. Çagalara garaň: olar nerw dartgynlygyň nämedigini-de bilmeýärler. Elbetde, siz olaryň gaýgy-aladasy ýok diýersiňiz. Ýöne gürrüň bu barada däl-de, çagalaryň öz ünsüni bir zatdan başga bir zada aňsatlyk bilen sowup bilýänligindedir. Şonuň üçin-de, işden geleniňizde soň, iş barada pikir etmejek boluň. Öýüň bosagasyndan ätläp, öýe gireniňizde, ünsüňizi söýgüli maşgala agzalaryňyza gönükdiriň. Ýöne hemmeleriň göwnünden turjak bolup, özüňizi unudaýmaň. Özüňiz barada-da alada ediň.

Dynç alyş günleri öýüňizde "gizlenip", ýekelikde galmaň. Dost-ýarlaryňyz, joralaryňyz bilen duşuşyň, gyzykly adamlar bilen söhbetdeş boluň.

Ýöne hepdäniň dowamynda adamlar bilen juda köp gatnaşan ýa-da gürrüňdeş bolan bolsaňyz, onda "gizlenseňiz-de" bolýar. Garaz, özüňize haýsysy oňaýly bolsa, şony ediň.

Dogry iýmitlenme we witaminleri kabul etmek hem nerw dartgynlygynyň aýrylmagyna ýardam berýär. Fastfud atly tizara taýýarlanylan naharlaryň adam aşgazany üçin urgudygyny ýatdan çykarmaň. Iýmit adamy kuwwatlandyrmalydyr, onuň organizmini "hapalamaly" däldir. Tiz ereýän kofeden, gazly içgilerden ýüz öwrüň. Süýt önümlerini, suwy mümkin boldugyndan köpräk içiň.

Umuman aýdanymyzda, durmuş kynçylyklary-da, nerw dartgynlygy-da bolar. Ýöne beýle dartgynlygyň özüňizde mesgen tutmagyna ýol bermäň. Oňa garşy degişli çäreleri wagtynda görüň. Söýgüli şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň aýdyşy ýaly:

"Her hili çykgynsyz ýagdaýda galaý –

Umytdan düşmek namartçylykdyr.

Her bir kynçylygyň dört tarapy bar:

Üçi ýapyk bolsa, biri açykdyr"

Çykgynsyz ýagdaýlar bolmaýar. Şonuň üçin-de, özüňizi-de, öz ýakynlaryňyzy-da nerw dartgynlygyndan goraň.

Ulanylan WEB Salgy