HAÝYŞ EDÝÄRIN, MAŇADA ÜNS BERÄÝIŇ!

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.56 (25 Ses)

10-njy sentýabr – özüňe kast etmä garşy göreşmegiň Halkara günidir.

Adam durmuşy şeýle köptaraply we dürli öwüşginli bolup, ol dürli ýagdaýlaryň täsiri bilen üýtgäp durýar. Biz okaýarys, işleýäris, belli bir işleri meýilleşdirýäris, halaýarys, dotlaşýarys, söhbetdeş bolýarys, ýalňyşýarys... Adamyň durmuşy edil gije-gündiz ýaly, ýagty, şatlykly, üstünlige beslenen günler bilen, "garaňky", arassa howa kimin gerek bolan umydyň, arzuwlaryň bizi wagtlaýyn taşlap giden pursatlaryndan "dokalan" bolýar. Durmuşymyzda ýüze çykan şol pursatda alaçsyzlyga, gaýgy-hasrata, umytsyzlyga ten bermän, "gamgynlylyk kölünden" çykmak üçin adam gaýratlylyga, ýardamlylyga, ýakyn adamlaryň kömegine juda mätäç bolýar.

Adamlar ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda durmuşyň agyr labyryna düşüp, çykalga tapmaýan pursatlary, köňülde döreýän agyryny ýeňip geçmegiň ebeteýni gözläpdirler. Ýöne olaryň daşyny gurşap alýan biz-adamlar, köplenç öz aladalarymyz bilen ýakynlarymyzyň kynçylyklaryny görmeýän we bilmeýän "gözli körlere" we "gulakly kerlere" öwrülýäris.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň habar bermegine görä, ýer ýüzünde her ýyl 800. 000 golaý adam öz ömrüni özüne kast etmek ýoly bilen tamamlaýar, ýagny her 40 sek. bir adamyň ömri kesilýär. Statistiki maglumatlar her özüne kast eden uly adama 20 sany özüne kast etmäge synanşan adamlaryň bolup biljek pajygaly gatnaşygyny äşgär edýärler. Bu sanlaryň bolmazlygy üçin biziň her birimiz nämeler edip bilýäris?

Howsala döredip biljek alamatlar

Ýakyn adamlaryňyzy olarda dörän kynçylyklardan, ruhy gamgynlylykdan, durmuş bilen biwagt hoşlaşma isleginden halas etmek we wagtynda goldaw bermek üçin hemişe olara ünsli boluň.

Bu ýagdaýyň döräp biljek töwekgelçilik toparlaryndan habarly boluň:

► Agyr ezýetlere getirip biljek beden keselli adamlar;

► Ruhy keselleri we geçmişde öz-özüne kast etme synanşyklary geçiren adamlar;

► Agyr ruhy kynçylyklary başdan geçirýän adamlar (ýeke galma, ýakyn adamlaryň ölümi, tussag edilme, iş ýeriniň ýitirilmegi, aýrylyşma we baş.);

► Neşe we alkogol serişdeleri ulanýan adamlar.

Şeýle-de,

► Emosional sarsgynlyklara durnuksyz;

► Hakyky dostlary, maşgala gatnaşyklary, durmuş gymmatlyklary bolmadyk;

► Öz mümkinçiliklerinden göwni geçen ýa-da tersine, aşa gopbam, özüne göwni ýetýän adamlar hem üns bermeli toparlara degişli edilip bilner.

Özüne kast etmegi meýilleşdirýän adamlara mahsus çynlakaý alamatlar hem bellenilýär:

♦ Öz gutarylmadyk işleriniň hemmesini tamamlamak (eger bu häsiýet adama öň mahsus bolmadyk bolsa);

♦ Hoşlaşmak we durmuşynyň dürli döwürlerinde oňa kömek beren adamlara minnetdarlyk bildirmek (eger bu häsiýet adama öň mahsus bolmadyk bolsa);

♦ Dowamly ruhy gamgynlylykdan soň, adamyň şeýle çözgüdi kabul edip birden arkaýynlaşmagy, ukysyzlygyň döremegi;

♦ Adamyň hat üsti bilen ýa-da dilden duýdurmalary: "Meniň tanşym şeýle iş edipdir...", "Men şeýle etsem nähili bolardy?".

Jemgyýetde bar bolan toslamalar

Biziň jemgyýetimizde hakykata deň gelmeýän, öz-özüňe kast etme ýagdaýyna degişli birnäçe toslamalar bolup, olar adamyň ruhy dünýäsinde bolup geçýän hadysalara düşünmäge we dogry baha bermäge bökdençlik döredýär.

Jemgyýetde özüne kast etme barada gürrüň edýän adamynyň hiç haçan ony amala aşyrmajagy barada toslama ýaýrandyr. Hakykatdan bolsa şeýle düşünjäniň howplydygy psihologlar tarapyndan subut edildi. Hakykatdan bolsa, beýle hyýaly meýilleşdirýänler ilki bu barada umumy kynçylyk ýaly söz açsalar, soňundan özüne degişli äheňde ýetirmäge çalyşýarlar ("Eger birden men ölsem...", "Men bolmasam şeýle etmegiňizi haýyş edýärin" we ş. m.), ýörite alyp barýan gündeliklerinde ýazyp, bu barada gazet-žurnallardan alnan bölekleri "tötänleýin" ýakynlarynyň eline düşer ýaly edýärler, öz maşgala lukmanyna özüni gurşap alan gamgynlylyga we ýaşamaga bolan islegiň we güýjüň ýoklugyna arz edip duýduryp bilýärler.

Statistiki maglumatlara görä, özüne kast etmegi ýüregine düwen adamlaryň 80%-den gowragy öz meýilleri barada başga adamlary dürli ýollar bilen habarly etmäge çalyşýarlar. Bu bolsa beýle meýilleriň birden döremeýändiginden (birden döreýän ruhy şikes ýetiriji hadysalaryň täsirini nazara almanyňda) habar berip, adamynyň hyýalynda ol pikirlenme-ýerine ýetirme tapgyrlaryny geçip "bişişýändigini" aňladýandyr.

Öz-özüňe kast etmeleriň esasy sebäbi ömrüňi üzmek islegi dälde, çykalgasy diňe ölümde görülýän ruhy agyrlykdan we çydap bolmajak agyrydan, dörän çykalgasyz ýagdaýdan dynmak islegidir. Her özüňe kast etme synanşygynyň aslynda kömege mätäçlik duýgusy ýatandyr. Ýagty jahan bilen hoşlaşma synanşygynyň esasynda: "Haýyş edýärin, meniň ýagdaýyma hem üns berip, kömek edäýiň!" diýen zarynly ýollanma ýatandyr.

Ýene bir nädogry düşünjeleriň biri hem, özüne kast edýän adamlary ruhy taýdan gowşak we näsag hasaplamakdyr. Hakykatda bolsa, ruhy taýdan näsaglar olaryň 40-50%-i düzüp, galanlary ruhy taýdan sag, ýöne öz şahsy häsiýetleriniň we garaýyşlarynyň esasynda çylşyrymly ýagdaýa düşüp, ondan çykalga tapyp bilmedik şahsyýetlerdir.

Edil şu sebäpden hem, öz wagtynda beriljek kömek adamyny merhumlar dünýäsinden ýaşaýşa alyp barjak halas ediji köpri bolup, şonsuz adam eke-täk çykalga höküminde ölümi saýlap biler.

Özüňe kast etme pikirleriň döremeginiň garşysyna nämeleri goýup bolar?

Adamy alaçsyzlyk girdabyndan çykarmak üçin onuň köňlüniň haýsy tarlaryny "kakyp", haýsy gymmatlyklary ulanma mümkinkä?

Düzgün bolşy ýaly, öz-özüňi ýok etme synanşygyna garşy edip adamynyň öz şahsy gymmatlyklaryny we dünýägaraýşynyň aýratynlyklaryny ulanyp bolar:

► ýakynlaryna bolan emosional baglylygy we olar barada aladalanma borjyny ýadyna salna;

► özüňe ýetirip bilinjek şikeslenmeden we agyrydan gorky;

► hemme bar bolan durmuşy mümkinçilikleri ulanmaga gönükdirme (çykalga gözleme, ony hormatlaýan we halaýan adamlaryň kömegini ulanma we baş.);

► jemgyýetçilik, şol sanda ýakyn hossarlar tarapyndan ýazgarylma gorkusy;

► adamda bar bolan ahlak, dini gymmatlyklary, şeýle-de bar bolan we ýetilmeli maşgala, hünärmenlik hem-de döredijilik meýillerini ýatlatmak.

Elbetde, özüne kast etme synanşygyny başyndan geçiren ýa-da onuň hyýalynda bolan adama hünärmenleriň (psiholog, narkolog) kömegini alma hökmandyr. Ýöne aladaly we ünsli ýakyn adamlaryň üznüksiz kömegi hem örän gymmatly we ýerlikli bolup biler.

BIRI-BIRIŇIZE ÜNSLI BOLUŇ!