AUTIZM SPEKTRINIŇ BOZULMASY NÄME?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

asdAutizm spektriniň bozulmasy (ASB) – adamyň sosial, aragatnaşyk we özüni alyp barşynda kynçylyklara sebäp bolup bilýän ösüş bozulmasydyr. ASB-ly adamlar daşyndan başgalardan tapawutly görünmeseler-de, olaryň aragatnaşyk saklaýşy, özüni alyp barşy hem-de öwreniş ýollary beýleki adamlara seredeniňde başgaça bolup biler. ASB-ly adamlar üçin öwrenmek, pikirlenmek we mesele çözmek beýleki adamlaryňkydan has kyn bolup, olar gündelik durmuşda kömege juda mätäç bolýarlar.

Häzirki wagtda ASB diagnozy ozal aýratyn diagnoz goýulýan birnäçe keseli öz içine alýar: autistik bozulma, ýaýgyn ösüş bozulmasy (PDD-NOS) we Asperger sindromy. Bu keselleriň hemmesine indi autizm spektriniň bozulmasy (ASB) diýilýär.

Alamatlary we Simptomlary:

ASB-ly adamlar köplenç sosial, aragatnaşyk we emosional taýdan kynçylyk çekýärler. ASB-nyň alamatlary irki çagalyk döwründen başlap, adatça adam ömrüniň bütin dowamynda saklanyp galýar.

ASB-ly çagalarda ýa-da ulularda şeýle häsiýetler bolup biler:

↪ Gyzyklanma bildirýän zatlaryny görkezmezlik (meselem, uçup barýan uçary görkezmän biler);

↪ Beýleki adamyň görkezýän zatlaryna seretmezlik;

↪ Başgalar bilen aragatnaşyk saklap bilmezlik ýa-da adamlar bilen hiç hili gyzyklanmazlyk;

↪ Göz-göze gelmekden gaça durmak we ýeke bolmak islemek;

↪ Başgalaryň duýgularyna düşünmekde ýa-da öz duýgularyny beýan etmekde kynçylyk çekmek;

↪ Gujaklansalar we ellerinden tutulsa halamazlyk ýa-da diňe özleri islänlerinde gujaklanmak islemek;

↪ Özleri bilen gürleşilýäninden habarsyz ýaly hereket etmek, ýöne başga seslere jogap bermek;

↪ Gyzyklanýan adamlary bilen nähili gürleşmegi, oýnamagy we gatnaşyk açmagy bilmezlik;

↪ Adaty gepleşik dilini ulanmagyň deregine, özlerine aýdylan sözleri we jümleleri gaýtalamak;

↪ Zerurlyklaryny ýönekeý sözler we hereketler bilen beýan etmekde kösenmek;

↪ Oýun oýnanlarynda öýkünmezlik (mysal üçin, gurjagy "iýmitlendirmek" üçin rola girmeýär);

↪ Şol bir hereketleri ýygy-ýygydan gaýtalamak;

↪ Günlük tertipleri üýtgände, olara uýgunlaşmakda kynçylyk çekmek;

↪ Daşky görnüşe, tagama, sese, duýga we ysa garşy täsin reaksiýa görkezmek;

↪ Öň bar bolan ukyplaryny ýitirmek (mysal üçin, ozal aýdýan sözlerini aýtmagy bes edýär).

Diagnozy

Gan barlaglary ýaly, ýörite diagnoz ediş usulynyň ýoklugy zerarly, ASB-ny anyklamak kyndyr. Lukmanlar keseli anyklamak üçin, çaganyň özüni alyp barşyna we ösüşine üns berýärler. Käbir ýagdaýlarda ASB-ny çaga 18 aýlyk we ondanam kiçi wagty anyklap bolýar. Çaga 2 ýaşa çenli hünärine ökde lukmanyň goýan diagnozyny ygtybarly hasaplap bolar. Emma, köp çagalara ulalýança kesgitli diagnoz goýulmaýar. Bu gaýra goýulmalar ASB-ly çagalaryň özlerine zerur bolan irki bejergileri alyp bilmegine böwet bolýar.

Bejergisi

Häzirki wagtda, ASB-nyň şypasy ýokdur. Şeýle-de bolsa, ylmy barlaglar irki bejergi hyzamatlarynyň çaganyň ösüşini gowulandyryp biljekdigini görkezýär. Irki bejergiler çaga doglandan tä 3 ýaşyna (36 aýlyk) çenli wajyp ukyplary öwrenmegine ýardam edýär. Bejergi hyzmatlaryna çaganyň gürlemegine, ýöremegine we başgalar bilen aragatnaşyk etmegine kömek edýän terapiýalar degişlidir.

Sebäpleri we töwekgelçilik faktorlary

ASB-nyň sebäpleriniň ählisi entek belli däl. Şeýle-de bolsa, alymlar ASB-nyň birnäçe görnüşiniň bolmagynyň köpdürli sebäbiniň bardygyny öwrendiler. Çagada ASB-nyň döremeginiň daşky gurşaw, biologik we genetik faktorlar ýaly dürli sebäpleri bolup biler:

↪ Alymlaryň aglabasy genleriň ASB-nyň döreme ähtimallygyny artdyrýan töwekgelçilik faktorlaryndan biridigi bilen ylalaşýarlar.

↪ ASB-ly dogany bolan çagalarda ASB-nyň döreme howpy has ýokarydyr.

↪ X gowşaklyk sindromy ýa-da Tuberos sklerozy ýaly, belli bir genetik ýa-da hromosoma näsazlygy bolan adamlarda ASB-nyň döreme mümkinçiligi uludyr.

↪ Göwrelilik döwründe walproat kislotasynyň we talidomid dermanlarynyň içilmegi ASB-ny döretme töwekgelçiligi bilen baglanyşdyrylýar.

↪ ASB-nyň peýda bolmagy üçin howply döwrüň - çaga dogulmazdan öň, dogrum wagty we çaga doglan dessinedigi hakynda käbir subutnamalar bar.

↪ Çaganyň ene-atasynyň ýaşynyň uly bolmagy ASB-nyň döreme töwekgelçiligini has ýokarlandyrýar.

Kesel kimde döreýär?

ASB ähli jynslarda, etnik we sosial-ykdysady toparlarda ýüze çykýar. Ýöne, gyzlara serediniňde, oglanlarda 4 esse köp gabat gelýär.

Çagaňyzyň ösüşi sizi howatyrlandyrýarmy?

Eger-de çagaňyzyň oýnaýşynda, öwrenişinde, gürleýşinde ýa-da hereket edişinde näsazlyklaryň we ASB-nyň barlygyndan şübhelenseňiz, çaga lukmany bilen habarlaşyň we çagaňyzy barlagdan geçiriň. Eger özüňiz we lukmanyňyz şübhelenmegiňizi dowam etseňiz, onda lukmandan çagaňyzy has içgin barlap biljek hünärmeni maslahat bermegini soraň. Has çuňňur barlaglary geçirip we diagnoz goýup bilýän hünärmenlere şular degişli:

↪ Çaga ösüşi Pediatrlary (aýratyn zerurlyklary bolan çagalar we çaga ösüşi boýunça ýörite taýýarlygy bolan lukmanlar);

↪ Çaga Newrologlary (beýni, oňurga we nerw keselleri boýunça lukman);

↪ Çaga Psihologlary ýa-da Psihiatrlary (adam aňy boýunça taýýarlykly lukmanlar).

Waksina howpsuzlygy

Käbir adamlar ASB-nyň döremeginiň çagalaryň alýan waksinalary bilen baglanyşykly bolmagyndan howatyrlanýarlar. Emma, ylmy barlaglar ASB-nyň waksinlar bilen asla baglanyşygynyň ýoklugyny görkezýär. Waksinalar autizme sebäp bolmaýar. 2011-nji ýylda Medisina Institutynyň habar bermegine görä, seýrek ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda, çagalara we ululara berilýän sekiz sanjymyň howpsuzdygy anyklandy. CDC-niň hem 2013-nji ýyldaky barlagy waksinalaryň ASB-a sebäp bolmaýandygyny görkezip, bar bolan ylmy barlaglara goşant goşdy.