“AT BARYNDA ÝOL TANY, ATAŇ BARYNDA IL TANY”

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.48 (27 Ses)

Birnäçe aýlaryň dowamynda doglan çaganyň durmuşynda onuň enesi iň esasy we ýakyn adam bolup durýar. Dogrudan hem, ene esasy wezipäni ýerine ýetirýär – ejiz çaganyň zerurlyklaryny (iýmitlendirme, ýylylykda, arassaçylykda saklama, aragatnaşygy, howpsuzlygy üpjün etmekde) kanagatlandyrýar. Emma çaga biraz ulalansoň, ol onuň durmuşynda ýene bir ýakyn adamynyň – atanyň bardygyny duýup başlaýar. Psihologlaryň bellemegine görä, jynsy degişlilige garamazdan atanyň bar bolmaklygy we onuň çaga terbiýesine gatnaşmagy çaga üçin zerur bolan ýagdaýlaryň biri bolup durýandyr.

Jemgyýet gatnaşyklarynyň üýtgemegi bilen maşgalada atanyň esasy wezipesi diňe gazanç etme we ekleme bilen çäklenmän, çaganyň terbiýesine we şahsyýet bolup ýetişmegine uly goşant goşup, onuň käbir pursatlarda enäniň terbiýesinden üýtgeşik terbiýe usullaryny ulanyp bilýändigi bellidir.

Netijeli we durmuş üçin peýdaly terbiýäni çaga üçin ene bilen ata diňe bilelikde berip bilerler. Bu bilelikdäki işde bolsa atanyň borjy örän wajypdyr.

ATA WE OGUL

Köplenç kaka ogluny hakyky erkek adam edip ýetişdirmek maksadyny göz öňüne tutup terbiýe bermäge çalyşýar we şonuň üçin talapedijilik we gatyşmazlyk görkezýär. Emma bu çagada gorky döredip bilýär. Egerde kakasy ogluna ýürekden ýakynlyk bildirse, ol asuda bolup ýetişýär. Aragatnaşykdan iki tarap hem hormat, şatlyk we lezzet almana başarmalydyr.

Durmuşdan baş alyp çykýan adam edip ýetişdirmek üçin, gorkyň güýjüne boýun egdirmegiň ýerine, atasy möhüm gadaganlyklary düşündirip, buýruk bermän abraý gazanmaga çalyşmalydyr. Atasyny diňlän wagty, çaga atasynyň güýçliliginden we elinde tutýan kemerinden çekinip onuň talaplaryny ýerine ýetirmän, atasynyň pähimliligini we maşgaladaky abraýyny göz öňüne tutup ýerine ýetirmelidir. Çagadan bir zat talap edilende, onuň ýaşyna görä mümkinçiliklerini hem göz öňüne tutmak gerek, ýogsam onuň özi öz güýjüne ynamyny ýitirip biler.

Oglan üçin ol diňe ata dälde, hem dost, halypa bolup, oglan hemişe atanyň göreldesine eýermäge çalyşýar. Ine hut şonuň üçin hem, oglanyň terbiýe berilmeginde atanyň öz ýaşaýyş düzgünleriniň, gylyk-häsiýetleriniň, amala aşyrýan işleriniň, berýän göreldesiniň dogry, göwnejaý we dürs bolmagy wajypdyr.

ATA WE GYZ

Gyz maşgalanyň şahsy durmuşyndaky üstünlikler, ýan ýoldaşyň saýlanmagy we onuň bilen gatnaşyk, maşgala gurmak – şularyň hemmesi atasynyň terbiýesine baglydyr. Psihologlaryň aýtmagyna görä, gyzjagazyň geljekde hakyky zenana öwrülmeginde atasynyň orny uludyr. Haçanda kakasy hakda gyzjagaz aladalanyp, ondan hormat we mähir alsa, atasyndan nesihat alyp, onuň gorag güýjüni düýsa, wagtyň geçmegi bilen, kem-kemden gyzjagaz hakyky zenana öwrülýär. Yetginjek döwründe gyzy öwmek, onuň niýetlerini, ukyplaryny we üst-başyny, syratyny makullamak örän wajypdyr. Ýerliksiz berilýän tankydyň uzak wagtlap ýara salyp biljekdigini unutmaly däldir. Özbaşdak edip ýetişdirmek üçin kakasynyň maslahatlary, gürrüňleri, onuň bilen bilelikde geçirilýän maşgala çäreleri gyzjagaz üçin juda wajyp bolup durýandyr.

Gyz üçin kakasy görelde bolup, onuň geljekdäki şahsy durmuşy hem kakasy bilen ejesiniň gatnaşyklaryna bagly bolup durýandyr. Atasynyň gyzjagazyň enesine bolan gatnaşygy, bildirýän duýgylary, berýän hormaty, goldawy gyz üçin erkekleriň zenanlara bolan gatnaşyklarynyň ülňüsini düzýär. Psihologlaryň bellemegine görä, geljekde gyzlaryň 55-60%-i gylyk-häsiýetleri atalaryna meňzeş ýigitleri saýlamaga ýykgyn edýärler.

HEM ATA, HEM DOST

...Şäher, ýaşaýyş jaýlary, gyraraklarynda bolsa boşluk ýer, hapa, palçyk. Çagalar daşary çykyp, bu töwerekde oýnaýarlar. Golaýrakda bolsa şu çagalaryň atalary piwo içip, kart oýnuny oýnaýarlar. Beýlekiler bolsa öýde telewizoryň öňünde ýatyrlar. Diňe bir oglanjyk öz atasy bilen çykyp, öýüň ýanynda agaçlary oturdyp başlady. Basym olara başga çagalar hem goşuldylar. Kimdir biri pil, beýlekisi suw getirdi. Her kim gatnaşmak isledi. Emma şeýle höwesjeňlik bu çagalaryň atalarynda höwes döretmedi.

Atalar bu ýagdaýy şeýdip düşündirýärler: "Işden ýadap geldim, telewizor görüp dyňç almak isleýän. Ýaňy öýe geldim welin, oglum (gyzym) öz soraglary ýa-da oýunlary bilen azar berip başlaýar".

Köplenç çaganyň tarapyna ejesi durýar: "Ogluňa (gyzyňa) üns hem bereňok, diňe piwo içip, telewizora seredýärsiň, çagaň üçin wagt hem tapaňok".

Köp atalar bilelikde peýda getirjek wagt geçirmeleriň öwezini çagalarynyň eline pul berip oýnamaga, gezmek üçin köçä ugratma bilen doldurmaga çalyşýarlar. Emma özbaşdak, hemişe dostlukly gatnaşygy bolmadyk adamly gurşaw çagany mähirsiz "darap" hem bilýändir.

Ýöne haçanda şeýle negatiw gurşawda, özbaşdak wagtyny geçiren çaganyň okuwy, terbiýesi babatda kynçylyklar dörände, atalar (eneler hem) kimiň günäkärdigi barada oýlanyp başlaýarlar.

Eneleriň borjuna salgylanyp, çaganyň durmuşyna gözegçilik etmeklikden boýun gaçyrmaň. Netijede, siziň ýanyňyzda bagtly we ýadawlyk duýgusyndan azat aýalyňyz we hoşal çagalaryňyz bolar.

Köpräk öz çagalaryňyz bilen öýde, köçede oýnaň. Bu size has gowy başardar. Goý kitap okama, okuwa degişli maglumatlary berme ejesine galsyn.

Işiňiziň köplügine garamazdan, öz çagaňyz bilen öýüň işlerini ýerine ýetirmäge, bagda işlemäge, balyk tutmana, kitap okamana, seýilgähde gezelenç etmäne çalşyň. Çaga özi üçin täze, peýdaly maglumatlary alar, siz bolsa dynjyňyzy almaga we ünsüňizi işden sowmaga hem-de çagaňyz bilen ýakynlaşmaga mümkinçilik taparsyňyz.

Ata höküminde çaganyň durmuşyndaky wajyp pursatlara gatnaşma has ýakyn aragatnaşyklary gurmaga kömek eder. Okuw synaglarynda goldaw berme, dostlary bilen dörän düşünişmezliklerde maslahat berme, çagaňyzyň ilkinji söýgi duýgularynyň döremeginiň şaýady bolma biri-biriňize dogry düşünmäge we ýakynlaşmaga ýardam berip bilerdi.

Mekdep ýaşyna ýetmedik çaganyň psihiki ösüşine atasy uly goşant goşup bilýär. Çaganyň ukyplaryny, haýsy bolsada bir işe dörän höwesini ýüze çykaryp ösdürmek gerek. Şuňa kitaplar ýardam edip bilýär. Çaganyň haýsy ugurdan kitaplary okamana (ýa-da diňlemäne) isleg bildirýändigini anyklaň. Egerde ol kitap okamana halamaýan bolsa, onda ony gyzyklandyryp, edebiýat gahrymanlary barada aýdyp beriň. Mümkin onda gyzyklanma dörär. Emma çaganyň akyl taýdan ösüşini telewizora ýa-da kompýutere tabşyrmak maslahat berilmeýär, gowsy onuň bilen teatra, medeniýet öýlerine gidip, tomaşa ediň.

Çaganyň ukyby pes bolan ýagdaýynda ony tankytlamaň. Çagada öz-özüne baha berme peselýär, geljekde jemgyýetde uýgunlaşmak, üstünliklere ýetmek oňa kyn düşýär. Häzir ol siziň kömegiňize mätäç bolýar. "Sen hiç zady oňarmaýarsyň" diýmegiň ýerine, "Saňa bu diňe häzir başartmady. Taýynlykdan soň hemme zady birkemsiz etjegiňi bilýärin" diýmegi unutmaň. Siziň oňa bolan ynamyňyz wajyp, her bir üstünlik üçin begenip, ony magtama zerurdyr.

Häzirki zamanda, dogry gatnaşykly maşgalalarda şäriklik we arkalaşyk gatnaşyklary öňe sürülýär: her kim öz borjuny ýerine ýetirýär we agzalalyk döremeýär. Çagaňyzy hem şunuň ýaly gatnaşyklara goşmak maslahat berilýär. Goý onuň özi öýdäki zibilli bedräni daşary çykarsyn, dükandan çörek (süýt, gaýmak) getirsin. Çaganyň ýaşyna görä, kem-kemden işleriň sanawyny köpeldip bolar. Şeýle gatnaşyklar onda özbaşdaklyk, jogapkärçilik, maşgalanyň girdejisini meýilleşdirmek ukybyny terbiýelemäge kömek edip biler.

Siziň çagaňyz – siziň aýnaňyz. Ony terbiýeli, ruhy taýdan baý içki dünýäli, hoşniýetli, ynsanperwer we jemgyýete peýdaly adam edip ýetişdirmekde bolsa atanyň tagallasy saldamly orny eýeleýändir.