UJYDYŇ GYŞARMAGY: SEBÄPLERI, GÖRNÜŞLERI WE BEJERGISI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.98 (58 Ses)

Erkek adamyň ujydy gönelme (ereksiýa) ýagdaýynda käbir sebäpleriň täsiri bilen görnüşini we ölçeglerini üýtgedip gyşaryp bilýändir. Ujydyň aşak, ýokaryk ýa-da gapdala gyşarmagy erkek adama jyns gatnaşygyny doly amala aşyrmagy kynlaşdyrýar we psihologiki dartgynlylygy ýüze çykarýar.

Ujydyň adaty görnüşini üýtgetme alamaty bilen diňe 3 sany kesel häsiýetlendirilip, olar üçin ujydyň belokly bardasynyň şikeslendirilmegi mahsusdyr.

1 −peşew çykaryş ýolyň  daşky deşigi; 2 −ujydyň kellejigi; 3 −uýanjyk; 4 −kellejigiň aýlawjygy; 5 −ujydyň pürçigi; 6 −prepusial mäzler; 7 −kellejigiň boýny; 8 −ujydyň bedeni; 9 −deri; 10 −ujydyň köki; 11 −öýjükli beden; 12 −gowakly bedenler.

1. Ujydyň dogabitdi gyşarmagy

Agzanyň dogabitdi gyşarmagy hemişe onuň gönelme häsiýetine täsir edip,belokly bardanyň gowşaklygy we şol esasynda hem ujydyň gowakly bedenjikleriniň görnüşiniň üýtgemegi bilen häsiýetlendirilýär.

2. Çäkli gatama (fibroz)

Ujydyň belokly bardasynyň ýerli gatamagy seýrek duş gelýän kesel bolup, adatça ujydyň döwülmegi (gönelme wagty belokly bardanyň ýyrtylmagy) ýa-da gowakly bedenjiklere dowamly sanjymlaryň edilmegi netijesinde ýüze çykyp bilýändir.

3. Peýronyň keseli

Bu kesel ilkinji gezek 1743-nji ýylda fransuz şasynyň lukmany Francois de la Peýronie tarapyndan häsiýetlendirildi. Peýroniň keseliniň döremeginiň sebäbi höküminde ujydyň belokly bardasynyň şikeslenmeleri we şol netijesinde ganyň ýygnanmalary bellenilýär. Şikeslenmeler netijesinde belokly bardanyň ýerli immun üýtgemeleri döräp, bu bardanyň çeýeliginiň bozulmagyna we ujydyň görnüşiniň üýtgemegine getirýän gaty ýasmajyklar (blýaşki) emele gelýär.

Peýroniň keseli esasan 40-60 ýaşly erkek adamlarda duş gelýän bolsa hem, käwagtlar ondan ýaş adamlarda hem ýüze çykyp bilýär.

Keseliň alamatlary

Ujydyň gyşarmagy bilen häsiýetlendirilýän keseller üçin aşakdaky alamatlar häsiýetlidir:

► Ujydyň gönelme ýagdaýynda gyşarmaklygy;

► Jynsy gatnaşykda döreýän agyrylar;

► Ujydyň gysgalmagy;

► Ujytda gaty görnüşli düwünleriň we ýasmajyklaryň döremegi;

► Jynsy gatnaşygy geçirme kynçylygy.

Keseliň anyklanylşy

Anyklaýyş çäreleri gözden geçiriş barlaglardan başlanýar. Lukman ilki bilen jyns agzasynyň uzynlygyny ölçäp, ýörite bioteziometr abzaly bilen jyns agzasynyň duýujylygyny barlaýar. Ultrases barlagynda näsagyň ujydynyň gurluş aýratynlyklary anyklanylýar. Şondan soň, ujydyň gönelmegini döretmek üçin oňa ýörite derman serişdesi göýberilýär we gyşarma burçunyň derejesi kesgitlenýär.

Bejerme usullary

Häzirki wagtda ujydyň gyşarma ýagdaýlarynyň eke-täk bejeriş usuly höküminde hirurgiki bejerginiň dürli görnüşleri ulanylýar.

Peýroniň keseliniň hirurgiki bejergisini geçirmek üçin aşakdaky şertler berjaý edilmelidir:

→ Keseliň dowamlylygy 1 ýyldan az bolmaly däl;

→ Gaýnaglama hadysalarynyň bejerilmegi ýa-da olaryň gowşama döwrüni gazanma;

→ Jynsy gatnaşyklary geçirme kynçylyklarynyň döremegi.

Bejeriş usulynyň görnüşi ujydyň görnüşiniň üýtgeme derejesine we şol esasynda gysgalma häsiýetine, gönelme ukybyna baglylykda saýlanylýar.

Gönelme ukybyny kadalaşdyrmak maksady bilen adatça Nesbitiň operasiýasy geçirilýär. Nesbitiň usuly ilki bilen doga gyşarmalarda ulanylan bolsa hem, soňlar Peýroniň keselinde hem ulanylyp, häzirki wagtda hem öz meşhurlylygyny ýitirenok. Usulyň esasyny belokly bardanyň böleginiň aýrylmagy düzüp, ujydyň uzynlygynyň biraz (1-2 sm.) gysgalmagy onuň ýetmezçiligi bolup durýar.

Eger nasag üçin ujydyň ujypsyz gysgalmagy wajyp mesele bolsa, onda korporoplastika ulanylýar. Bu usulyň esasyny ujytdaky gaty ýasmajygyň kesilip aýrylmagy we onuň ýeriniň gan damarlaryna baý bedeniň wena damarlarynyň bir bölegi bilen doldurylmagy düzýändir. Adatça onuň üçin uly derasty wenanyň bölegi ulanylyp, bu belokly bardanyň çalşylan böleginiň gan bilen gowy üpjün edilmegini amala aşyrmaga kömek berýär.

Eger ujydyň görnüşiniň üýtgemegi onuň gönelme ukybynyň ýetmezçiligi bilen utgaşan halatlarynda ortaça gatylykdaky plastiki protezler ulanylýar. Ujydyň gysgalmagy babatda aladalanýan näsaglar üçin gowakly bedenlere protezi oturtma, baglaýjylary kesme we gowakly bedenleri ekstender abzaly bilen çekme ýaly utgaşykly operatiw bejergini geçirýärler.