"GÖZEL BOLMAK" OGLANLARA ZERURMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.47 (19 Ses)

oglan kesbiÖz daş keşbini, görküni daş-töweregindäki adamlaryň kabul edişi, garaýyşlary barada diňe gyzlar aladalanýarlarmy?

Ýok! Mediada, kitap-jurnallarda gyzlar hakda kän gürrüň edilsede, oglanlar hem öz görki, boý-syratlaryna degişli düşünjeler, basyşlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Jemgyýetde gyzlardan we oglanlardan edilýän talaplar tapawutlanýarlar. Şeýle düşünjeler her bir jemgyýetde ornaşan stereotiplere (zyýanly düşünjelere), erkek we aýal bedeniniň "bolmaly standartlaryna" esaslanýar.

Bedeniň imeji – adamyň öz görkine bolan garaýşyny, pikirlerini we başga adamlaryň oňuň bedenine bolan garaýyşlaryny içine alýar. Her bir adamyň öz bedeniniň imejine adamyň owadan görki, sypaty dälde, onuň özüňe bolan hormaty we ynamy täsir edýändir.

Gyzlar gaty hor, inçesagt bolmaly diýen ýazylmadyk talap bar. Oglanlar bolsa muskullaryny ösdürmeli diýen düşünje bar. Şeýle diýilmegi ýaş oglanlaryň sportzala kiçi ýaşdan gatnap agyr ýük galdyryp türgenleşmegine eltýär. 14-15 ýaşdan öň başlanan agyr türgenleşik ösüp barýan ýaş oglanyň muskullarynyň, söbük damarlarynyň, suňkleriniň zeperlenmegine eltip, bejerip bolmajak keselleriň sebäbine öwrülip bilýar.

Kähalatlarda oglanlar uly we güýçli bolmak üçin steroidleri we howply maddalary kabul edip başlaýalar. Steroidleri we saglyga düýpli howply maddalary ulanmakdan saklanmaly.

Oglanlar hem saçlarynyň, derisiniň, ujydynyň ýagdaýy, görmegöýligi barada alada bildirýärler. Ýöne jemgyýetdäki medeniýet bu barada açyk söz açmaga ýol berenok.

Öz keşbi, görki we başga adamlaryň oňa bolan garaýşy barada biynjalyk edýän ýaş adam ene-atasy ýa-da başga hormat goýýan, ynamdar, özünden uly adam bilen söhbetdeş bolmaly. Meselem mugallymlar, garyndaş adam, lukman. Ýaş adamyň ösüşiniň dürli döwründe ýüze çykýan, alada goýýan pikirler adaty soraglar bolup ýörite çemeleşmäni talap edýändigini ýatdan çykarmaly däldir.