ERKEKLERDE KLIMAKTERIÝA DÖWRI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.19 (21 Ses)

Biziň köpümiziň bilşimiz ýaly, klimaks döwri adamyň ýaşynyň ulaldygyça, gormonal we umumy alyş-çalyş ýagdaýlarynyň, ilki bilen hem jyns mäzleriniň işiniň peselmegi bilen häsiýetlendirilýän döwürdir. Soňky ýyllarda jynsy gatnaşyklary işjeň alyp barmak ukybynyň erkek adamlarda 10-12 ýyla, aýallarda bolsa 7-8 ýyla çenli uzalandygy sebäpli, erkekleriň seksual durmuşy öz dowamlylygy bilen tapawutlanýandyr. Ýöne belli bir ýaş aralygynda, erkek adamlaryň durmuşynda ýüze çykýan bu üýtgemeler döwri uly ünsi talap edýändir.

Uzak ýyllaryň dowamynda "erkek klimaksy" diýen düşünjäniň ýerlikliligi baradaky çekeleşmeler alnyp barylýar. Aýallarda klimaks döwri ýumurtgalyklaryň işiniň peselmegi we önelgelilik ukybynyň ýitmegi bilen baglanşyklydyr. Erkeklerde bolsa önelgelilik ukybynyň garrylyk döwründe hem saklanýandygyny köp maglumatlar tassyklaýar.

Her niçik hem bolsa, belli bir ýaş aralygynda erkek adamynyň bedeninde ýüze çykýan fiziologiki  üýtgemeleriň bardygyny inkär edip bolmaz.

Nerw, endokrin, ýürek-damar ulgamynyň işinde ýüze çykýan kynçylyklar "erkek klimaksy" diýen düşünjäni aýratyn bellemäge mejbur edýär.

Erkek adam klimaks döwrüne dürli ýaşda girip biler. Klimaksyň 45 ýaşa çenli döwürde başlanmagy irki klimaks hasaplanýar, 46-60 ýaş aralygy adaty klimaks, 60 ýaşdan soň başlanýan klimaks döwri giçki diýip hasaplanýar.

Bu döwrüň başlanmak möhletine dürli-dürli faktorlar täsir edip biler:

Ýaşlykdan iş we dynç alyş tertibini dogry gurnaýan, beden türgenleşigini dogry geçirýän, dogry iýmitlenýän we ýaramaz endiklerden gaça durýan erkek adamlaryň nerw we endokrin ulgamy ýüze çykýan üýtgemelere çalt we ýeňil uýgunlaşýandyr.

Dürli keselleri, şikeslenmeleri, tertipsiz ýaşaýyş endikleri bolan erkek adamlar bu geçiş döwri agyr geçirip bilerler. Erkek adamlary bedenine birden gyzgynlylygyň inmegi, ýüzüň we boýnuň gyzarmagy, baş aýlanma, derlegenlilik biynjalyk edip biler.

Klimaksyň agyr geçýän görnüşlerinde el-aýagyň doňmagy, deride sanjylamalaryň döremegi, uzaga çekýän kellagyrylaryň ýüze çykmagy mümkindir. Dogumly, özüne göwni ýetýän, nerw ulgamy dürs erkek adamlarda hem öz-özüne ynanmazlyk, aladaçyllyk, gorky, ünsi jemläp saklap bilmezlik häsiýeti ýüze çykyp biler.

Köp erkek adamlarda bolsa gizlin ýa-da aýdyň ýüze çykýan ruhy gamgynlylyk döräp biler.

Erkeklik jyns mäzleriniň işiniň peselmegi, ganda erkeklik gormonlarynyň peselmegine getirip, ikilenç erkeklik alamatlarynyň ýuwaş-ýuwaşdan ýitmegine getirýär. Deriniň we myşsalaryň çeýeliginiň ýitmegi, deriasty ýag gatlagynyň aýallara mahsus bolşy ýaly ýanbaşda, butlarda toplanmagy, kähalatlarda süýt mäzleriniň ulalmagy (ginekomastiýa) şol alamatlara degişli bolup biler.

Bu üýtgeşmeler bilen bilelikde başga endokrin agzalaryň işi hem bozulmalara sezewar bolýar: galkan şekilli mäziň işi peselip, gipotireoz keseliniň, aşgazan asty mäziň işi bozulyp, süýji keseliniň döremegine sebäp bolup biler.

Esasy bellemeli zatlaryň biri hem, endokrin bozulmalar erkek adamyň jynsy höwesini peseldip, jynsy gowşaklyga getirip bilerler. Bu ýagdaýy gartaşan erkek adamlaryň köpüsi gaty agyr kabul edip, öz güýçlerini barlamak üçin has ýaş aýal bilen durmuş gurmaga ymtylýarlar. Onuň ýaly gatnaşyklar erkek adamlardan köp fiziki dartgynlylygy talap edýändir we köplenç bu ýagdaýlar pajygaly gutaryp biler.

Ýaşa görä, erkeklik jyns öýjükleriniň (spermatozoidleriň) hem hil taýdan üýtgeýänligini bellemek ýerliklidir. Şonuň üçin hem erkek adamlar çaga edinmek mümkinçiligine jogapkär çemeleşmelidir. Uly ýaşly erkek adamlardan dogabitdi şikesli çagalaryň bolup biljekdigi ähtimaldyr.

Köp erkek adamlarda klimaks döwründe ýürekde döreýän sanjyly agyrylar biynjalyk edip, ol agyrylar çep pilçä ýa-da çep gola berip biler. Agyrylar islendik wagt, esasan hem gije ýüze çykyp, olar fiziki dartgynlylyk bilen bagly bolmaýar. Käwagtlar agyrylar tolgunma ýa-da bedene gyzgynlylygyň gelmeginden soň döräp biler. Ýürekde döreýän agyrylar sagatlap dowam edip, howa ýetmezçiligi, gorky ýaly duýgular bilen utgaşyp bilerler. Käwagtlarda ýürek urmalar çaltlanyp, el- aýaklar sowap, adam üşedip hem biler. Şonuň ýaly ýagdaýlarda, tizden-tiz lukmana ýüz tutup, alamatlaryň sebäbini anyklamak zerurdyr.

Eger lukman Size "disgormonal kardiopatiýa" diýen kesel kesgidi goýsa, biynjalyk bolmaň. Ol Siziň janyňyza howp salýan däldir we işe ukyplylyk ýagdaýyňyza täsir edip bilmez.

Bu ýagdaý uzaga çekse-de, ol wagtlaýyn häsiýete eýe bolup, kem-kemden geçip gidýändir.

Ondan başga-da, ýaş üýtgemeler ýüze çykan wagtynda buşukmanyň dürli kynçylyklary hem ýüze çykyp biler. Çalt-çaltdan buşukma, peşewiň kynlyk bilen akmagy, garnyň aşagynda we gasykda agyrylaryň duýulmagy şol kynçylyklara degişli bolup biler. Köplenç bu alamatlar ýüze çykýan erkeklik mäziniň adenomasy bilen bagly bolýandyr. Şonuň üçin hem özünde şol alamatlary ýüze çykaran erkek adam urolog lukmanyna hökmany ýagdaýda ýüz tutmalydyr.

Klimaks  döwrüne mahsus alamatlaryň hemmesi seýrek ýagdaýlarda bile duş gelip bilýärier. Köplenç bir ýa-da iki alamat has aýdyň ýüze çykyp bilýändir. Bu döwürde ýüze çykýan üýtgeşmelere dogry düşünmek we olary bolmaly zat ýaly kabul etmek wajypdyr. Ýagdaýyň üýtgemegi ýaly kynçylyklary başdan geçirýän erkek adamlar ol alamatlaryň wagtlaýyn häsiýete eýe bolup, basym geçip gitjekdigini ýatda saklamalydyr.

Klimaks döwri ortaça 2 ýyldan 5 ýyla çenli dowam edip, agyr görnüşleri hem wagtyň geçmegi bilen geçip gidýändirler.

Agyr görnüşde geçýän klimaks döwründe lukmana ýüz tutup, onuň maslahatyny almalydyr.

Ýüze çykýan alamatlaryň agdyklyk ediş derejesine görä, lukman dürli ulgamlaryň işine täsir etjek serişdeleri maslahat berip biler:

Gormonal üýtgeşmeleriň ýeňil geçmegi üçin, erkek adamlar hem öz gün tertibiniň dogry guralyşyna, öz endiklerine üns bermelidir:

Klimaks döwründe ýüze çykýan jynsy gowşaklygy aradan aýyrmak üçin erkek adamlar jynsy işjeňligi saklamak maksady bilen, jynsy gatnaşyklary köpeltjek bolup çalyşýarlar. Bu bolsa ýumurtgajyklaryň tapdan düşmegine getirýändir. Ýöne tersine hem bolýar. Köp erkek adamlar jynsy gatnaşykdan saklansa, ýene güýç toplaryn diýp pikir edýär. Jynsy gatnaşykdan uzak saklanmak hem tohumlygyň emele gelmegini kemeldip biler. Bu kynçylyklar döremez ýaly, özüňe agram salmazdan, kadaly jynsy gatnaşyklaryň alnyp barylmagy has dogry çözgüt hasaplanýar.

Jynsy gatnaşyklaryň ýygylygyny her är-aýal jübütiniň özi bellemelidir.

Klimaks döwrüniň başlanmagyny garrylygyň başlangyjy diýip hasaplama ýalňyşlyk bolsa gerek. Beden agzalarynyň üýtgemegi dowamly bolup, ol ýuwaş-ýuwaşdan amala aşyrylýandyr. Şol döwrüň içinde erkek adam işjeň durmuş ýörelgesini alyp baryp, zähmet çekmegini dowam etdirmelidir. Zähmet çekmäge, öz durmuş meýilleriňizi amala aşyrmaga, maşgalada maşgalabaşy bolup, maşgala gämisini durmuşdan dogry, abraýly, merdem alyp barmaga bu üýtgeşmeler päsgelçilik bermeli däldir. Bu diňe Siziň özüňize baglydyr.