OGLANLAR AGLAMAÝAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.30 (23 Ses)

sagdyn erkeklik"Oglanlar aglamaýar: sagdyn erkeklik" – bu "White Ribbon" guramasynyň Kanadadaky hem-de Awstraliýadaky şahamçalarynyň bilelikdäki sosial mediýa kampaniýasydyr. Terjimäniň asyl nusgasy.

Terjime eden Jumadurdy Rejebow

Doglan pursatymyzdan başlap, biz öz jynsymyza görä terbiýelenýäris. Hatda akyl ýetirmezden, belli bir jynsyň ösüş ýolundan ýöräp kemala gelýäris. Şol ýoldan çykaýsak welin, ýakymsyz netijeler garaşyp bilýär.

Adatça, dogumlylygy, syratlylygy, ähli şertlerde ýeňişe ymtylmagy, hiç haçan yza tesmezligi, güýçli erki, duýguçyl däldigi, we ulalandaky jynsy kuwwatlylygy üçin oglanlar "hakyky erkek" diýlip taryplanýar. Gyzlardan bolsa, ejizlemek, gerek bolanda kömek soramak, diýlene gulak asmak, belli kärleri saýlamak, we jynsy aýratynlygyny goramak talap edilýär.

Ýakynda geçirilen barlaga görä, oglanlaryň ýarysy öz maşgalalarynda erkek adamlaryň aýallar baradaky jynsy degişmelerini we teswirlerini eşidendigini aýdýar. Şeýle maşgalalarda ulalýan oglanlaryň bolsa, gödek we jynsparaz bolup ýetişegen bolýandygy bellenilýär. Hatda olaryň köp bölegi, has takygy 82%-i oglanlaryň "gyz ýaly bolup" diýlip tankytlanandygyna şaýat bolupdyrlar. Şol bir wagtyň özünde, ýene bir täze barlag geçmiş bilen deňeşdirende gyzlaryň has güýçlenendigini, oglanlara garanda jynsparazlyga az sezewar edilýändigini nygtaýar.

Jynslar barada öňden bäri esassyz kabul edilip gelinýän bu ýörelgeler saklanyberse, has dogrusy, aradan aýrylmasa, ýaşlara we ýetginjeklere uly zyýan ýetirip biler. Olar esasanam çagalary we ýaşlary özlerini hyrsyz we gödek alyp barmaga iterer. Dürli ýaşdaky erkek adamlaryň "hakyky erkekdiklerini" subut etmek üçin kemsitmek, zulum etmek hem-de hökümini ýöretmek ýaly howply gylyk-häsiýetlere ýüz urmagy elhenç netijeleriň üstünden elter. Bu bolsa, hem olaryň özlerine, hem biziň maşgalalarymyza, mekdeplerimize, jemgyýetlerimize we iş ýerlerimize ýaramaz täsirini ýetirer.

"White Ribbonyň" "Oglanlar aglamaýar" atly wideosy jyns babatda esassyz kabul edilip gelinýän gödek ýörelgeleriň oglanlaryň durmuşyna ömürboýy nähili täsir ýetirýändigine üns çekýär. Erkekligiň has sagdyn bolmagy üçin, biz oglanlaryň we uly ýaşly adamlaryň duýgularyny hiç gizlemezligini we şonda nähili ýakymly üýtgeşmelere sebäp bolup biljekdiklerine düşünmeklerini gazanmaga çalyşmaly. Jyns deňsizligini we jyns bilen baglanyşykly wagşylyklary aradan aýyrmak biziň erkeklik düşünjesiniň zyýanly taraplaryny derňäp, has sagdyn, has parahatçylykly we has hoşniýetli çäreleri tapmagymyzy talap edýär.

Oglanlaryň we ýaş adamlaryň erkekligiň has sagdyn nusgasyna eýerip kemala gelmekleri üçin, bu aladalar kiçilikden başlanmaly. Siz ene-ata, maşgala agzasy ýa-da mugallym boluň, tapawudy ýok, indiki we häzirki nesillerde gödek erkekligiň bes edilmegine öz goşandyňyzy goşup bilersiňiz.

NÄDIP SAGDYN ERKEKLIGI ÖŇE SÜRMELI?

Oglanlaryň we ýaş adamlaryň arasynda has sagdyn erkekligi öňe sürmegiň 10 ýoly:

1. Dürli duýgularyňy görkezmekde görelde bol

Oglanlara gamlanmak, biriniň ölümine gynanmak, aladalanmak, aşa begenmek we şatlanmak ýaly köp dürli duýgularyňy aýan etmek arkaly görelde bolmak gaty möhümdir.

2. Öz başdan geçirýän duýgularyňy tana we beýan et

Her bir ýagdaýda özüňi duýuşyň sebäbini aýtsaň, çagalar saňa has aňsat düşünerler. Meselem: "Keýpim bolmansoň aglaýaryn", "Kitabymy tapmaryn öýdüp alada edýärin", "Asmanyň gümmürdisinden gorkýaryn".

3. Jynsy stereotipler we olaryň täsiri barada gürrüň et

Duýgularymyzy paýlaşmadyk ýagdaýymyzda ruhuçökgünlige uçrap biljekdigimizi, näme üçin gaharymyzyň gelýändigini, näme sebäpden keýpimiziň ýokdugyny aýtmasak, wagşylyga ýüz urup, zulum etmegimiziň ahmaldygyny oglanlara düşündiriň.

4. Fiziki güýç bilen häsiýetiň güýjüni biri-birinden tapawutlandyr

Oglanlar duýgularyňy daşyňa çykarmagyň peýdalydygyny, şeýle hem, güýjüň diňe myşsada däl-de, ýumşak, sylaşykly we açykgöwünli häsiýetdedigini hem eşitmelidir.

5. Hakyky özlerini bolmaklary üçin itergi we goldaw ber

Oglanlara "erkekler üçin kesgitlenen çäkden" çykmagyň, şeýle hem, islendik jynsa degişli gylyk-häsiýetlere we aýratynlyklara eýe bolmagyň nädogry däldigini bilmäge kömek et.

6. Sagdyn erkeklige gol aç

Sagdyn erkekligi gazanmak üçin stereotiplerden saplanylmaly; ýumşaklyk, duýgudaşlyk we hoşniýetli gatnaşyklar ileri tutulmaly, şeýle hem oglanlaryň hakyky özlerine bolan ynamy güýçlendirilmeli.

7. Tertip-düzgüni temmi bilen däl-de, oňyn ýollar bilen öwret

Çagany fiziki ýollar arkaly ýa-da temmi bilen tertip-düzgüne salmak göreldäniň ýaramaz görnüşi bolmak bilen, onuň başga adamlar bilen oňuşmak başarnygynyň hem peselmegine getirýär. Çaganyň saňa gulak asmagy üçin, hereketleriniň netijelerini düşündirmek, otagynda ýeke galdyrmak, gowy häsiýetlerini taryplamak we goýberilen ýalňyşlyklara geçirimli çemeleşmek ýaly has oňyn ýollardan peýdalan.

8. Oglanlara razylygy öwret we özüň görelde bol

Oglanlara kiçilikden gündelik durmuşdan mysallar getirip, razylyk almagy umumy manysynda düşündirmäge çalyş (Meselem, biriniň oýunjagyny almazdan öň eýesinden soramaly; dostuňy gujaklamazdan ozal ondan rugsat almaly). Ulaldyklaryça olara razylygyň sagdyn we sylaşykly gatnaşyklaryň esasy şertidigini düşündir.

9. Oglanlara jynslaryň aratapawutlaryna düşünmäge kömek et

Ulaldyklary saýy käbir oglanlaryň başga oglanlaryň, käbir gyzlaryň bolsa başga gyzlaryň ünsüni çekýändigini, şeýle hem käbir ýaş adamlaryň oglan ýa-da gyz hökmünde kabul edilmek islemeýändiklerini oglanlara öwret.

10. Oglanlara jyns deňligi barada öwret

Oglanlara sazlaşykly ýaşaýşyň nämedigini we ähmiýetini, jynsy zorluk, zulum, milletparazlyk, gomofobiýa, transfobiýa we ş. m. ýagdaýlara garşy göreş alyp barmagyň zerurdygyny öwrenmäge kömek et.