JYNSY GATNAŞYKLARY "AJADÝAN" ÝENE BIR SEBÄP

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (120 Ses)

Uzak wagtyň dowamynda urolog-seksolog lukmanlary jynsy işjeňligi bozulan erkek adamlaryň ýagdaýyny "impotensiýa" (jynsy gowşaklyk) düşünjesi bilen atlandyrdylar. Ýöne bu söz erkek adamyň jynsy gatnaşyklarynda duş gelýän hemme kynçylyklaryny öz içine alyp bilmeýärdi. Şonuň üçin hem häzirki wagtda "erektiw disfunksiýa" düşünjesi giňden ulanylyp, ol jynsy gatnaşyklary düzüji faktorlaryň islendiginiň bozulmalaryny aňladyp bilýändir.

Kliniki barlaglaryň şaýatlyk edişi ýaly, erektiw disfunksiýa jynsy höwesiniň üýtgemegi, ereksiýanyň (ujydyň gönelip bilme ýagdaýy), eýakulýasiýanyň (dölüň dökülmegi) we orgazmyň (dölüň dökülmegi bilen ýüze çykýan duýgy) dürli görnüşdäki bozulmalary ýa-da utgaşykda gelýän bozulmalary görnüşde ýüze çykyp biler.

Geliň, eýakulýasiýanyň bozulmalarynyň üstünde durup geçeliň. Beýleki seksual bozulmalar bilen deňeşdirlende, eýakulýasiýanyň bozulmalary hemme kynçylyklaryň 40%-ni düzýändir.

Süýdemdiriji haýwanlardan tapawutlylykda, adamda eýakulýasiýa hemişe nesli dowam etmäge ymtylmany aňlatmaýan hem bolsa, olarda seksual gatnaşyklaryň möhüm bir bölegi bolup durýandyr. Onuň bozulmalary şahsy kynçylyklara we maşgala gatnaşyklarynyň dartgynlylygyna getirip biler.

Eýakulýasiýa – gyjyndyrylan ujydyň döli zyňma häsiýeti bolup, ol erkek adamda kadaly jynsy gatnaşyklaryň tamamlanmagyny aňladýar.

Eýakulýasiýanyň bozulmalary dürli görnüşde ýüze çykyp biler:

  1. Wagtyndan öň ýüze çykan eýakulýasiýa:
  1. Eýakulýasiýanyň saklanmagy (örän uzaga çekýän jynsy ýanaşmalardan soň dölüň dökülmegi);
  2. Spermatoreýa (seksual duýgulara we jynsy ýanaşma bagly bolmazdan dölüň özbaşdak akmagy);
  3.  Agyryly eýakulýasiýa;
  4. Orgazmsyz ýüze çykýan eýakulýasiýa;
  5. Eýakulator refleksi ýa-da retrograd eýakulýasiýa (bu ýagdaýda eýakulýasiýa we orgazm bolup geçýändir. Ýöne döl daşyna däl-de, yzyna, peşew halta zyňylýandyr).

Wagtyndan öň ýüze çykýan eýakulýasiýanyň sebäpleri dürli-dürli bolup, her ýagdaýda ol aýry bejeriş usullary talap edýändir:

Orgazmy duýmazdan dölüň dökülmegi bolsa, köplenç erkeklik jyns agzalarynda geçirilen sowuklama ýagdaýlaryndan soň ýüze çykyp, sebäp bolan keseli bejermegi talap edýändir. Bu bozulmada adamynyň ýaşyny we onda bar bolan gan-damar ulgamy bilen baglanşykly keselleri göz öňüne tutmalydyr.

Häzirki zaman lukmançylygynda wagtyndan öň ýüze çykýan eýakulýasiýany bejermegiň dürli usullary ulanylýar:

I usul – Bilden aşakda ýerleşýän Mihaelisiň rombuny (arka we guýruk myşsalary bilen çäklendirilen türre bölümindäki çükurjyk) Wasilçenkonyň usuly bilen işlemek. Onuň üçin akja gabyjaklar emele gelýänçä, bil-türre rombuny hloretil bilen işleýärler. Soňundan ol ýeri gyzarma ýüze çykýança, el bilen gyzdyrýarlar. Bejergini hepdede 2-3 gezek geçirmek bolýar. Jemi 5-den 14 bejergi tapgyry maslahat berilýär.

II usul – tohum tümmejigi kümüş ergini ýa-da hlorgeksidin biglukonat bilen ýakmakdan ybaratdyr.

III usul – "hekrogormon"  usuly diýip atlandyrylyp,  bil-türre rombuna ýörite "ýakýan", prozerin, kalsiý hloridi ýaly serişdeler deriasty goýberilýändir. Derman goýberilen ýerde, dokumalaryň ýagdaýy üýtgäp, biologiki işjeň maddalar işläp çykyp ugraýarlar. Olar merkezi nerw ulgamyna täsir edip, eýakulýasiýanyň ir bolmagynyň togtadylmagyna getirýändir.

lV usul – iňňe bilen bejergi – ereksiýanyň merkezi nerw ulgamyndaky merkezleriniň togtadylmagyna, onuň hiliniň we dowamlylygynyň gowlanmagyna ýardam berýändir.

Dölüň dökülmeginiň saklanmagy seýrek duş gelýän seksual bozulmalar bolup, onuň hem sebäpleri dürli-dürli bolup biler:

Gyjyndyrmalaryň ýeterlik bolmazlygy hem dölüň dökülmeginiň saklanmagyna getirip biler. Meselem, uly ýaşly adamlaryň (50 ýaşdan soň) köpüsini kanagatlandyrmak üçin uzak we güýçlüräk gyjyndyrmalar gerek bolýandyr.

Eýakulýasiýa wagty agyrylaryň duýulmagy jyns agzalarynyň sowuklama kesellerinde (erkeklik jyns mäziniň, tohum haltajygynyň, peşew çykaryş kanalynyň sowuklamagynda) duş gelip biler.

Eýakulator reflýuks ýagdaýy hem (dölüň yzyna, peşew halta zyňylmagy) jyns agzalarynyň kesellerinde, köplenç erkeklik jyns mäzinde geçirilen operatiw bejergiden soň ýüze çykyp biler.

Bu bozulma süýji keselli näsaglarda, omnik, kardura a-adrenoreseptorlary togtadyjy derman serişdelerini kabul etmeden soň hem döräp bilýändir.

Ondan başga-da, eýakulýasiýanyň düýbünden bolmazlygy ýagdaýy hem duş gelip biler. Onuň ýaly ýagdaý köplenç erkeklik jyhs mäziniň kesellerinde ýa-da erkeklik klimaksy döwründe ýüze çykyp biler.

Eýakulýasiýanyň  jynsy gatnaşygy wagtynda bolmazlygy ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykmagy hem mümkindir. Bu geçirilýän gyjyndyrmalaryň  ýeterlik däldigi bilen düşündirilýändir. Erkek bu ýagdaýda öz aýalyny jynsy kanagatlandyryp biler, özi bolsa eýakulýasiýany masturbirlemek netijesinde gazanyp biler.

Eýakulýasiýanyň bozulmalary oňa getirýän sebäpleri aradan aýyrmaga gönükdirilen bolup, zerur bolan ýagdaýynda başga hünärmen lukmanlaryň hem maslahatyny almalydyr.

Eýakulator bozulmalaryň ýaramaz endiklere baglylygy geçirilen barlaglar netijesinde subut edildi.

Dürli barlaglaryň maglumatyna görä, eýakulýasiýanyň bozulmagy arak içmäge ýykgyn edýänleriň 71%-de, neşekeşleriň 85%-de we gözegçilik toparyndaky erkek adamlaryň diňe 16%-de duş geldi.

Erektil bozulmalarynyň islendik görnüşi ýüze çykanda hem urolog, seksolog lukmanlaryna ýüz tutmak ýerliklidir. Sebäbi anyklanylyp, wagtynda bejergi geçirmek, Sizi ýene özüňize ynamly, söýülýän, sagdyn duýmaklygyňyza kömek eder.