JYNSY GATNAŞYKLARY ARKALY GEÇÝÄN KESELLER BARADA ERKEKLER NÄME BILMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.40 (5 Ses)

jgag keseller"Salam hormatly lukmanlar! Mende şular ýaly ýagdaý bolýar. Birden-birden peşew gelýän ýaly bolýar, ýöne peşew gelenok. Içki eşik geýsem hem gyzyp biynjalyk edip dur. Erkekligimiň ujy gyzýar. Bu ýagdaý nämäniň alamatyka?"

Saýtyň okyjysy.

"Salam lukman! Soňky wagtda mende jynsy gatnaşykdan soň agyry we jyns agzamdan bölüniň çykmalar peýda bolýar. Mahal-mahal gasykda agyry bolýar. Bu nämeden bolup biler?"

Saýtyň okyjysy.

"Hormatly lukman! Men lukmana barlaga gitjek bolýaryn. Ol öňünden peşew etmän gelmegimi tabşyrdy. Barlag geçmek üçin ýene nähili taýynlyk görmeli?"

Saýtyň okyjysy.

Jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän kesellerden ejir çekýän näsaglaryň bejergisi ginekolog, urolog, androlog, dermatowenerolog lukmanlarynyň bejeriş işleriniň saldamly bölegini düzýär. Lukmanlaryň bellemegine görä, bu keseller barada habarlylyk, goraglylyk we jynsy gatnaşyklarda seresaplylyk ýokarlanmasa, keselçilik derejesini peseltmek hem kynçylyk döredip biler. Galyberse-de, dörän alamatlara biperwaý garama, keseliň özbaşdak geçip gitmegine garaşmak, lukmana ýüz tutmagy gijikdirmek erkek saglygyna dürlitaraplaýyn ýaramaz täsirini ýetirip bilýändir.

Jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän keseller näme?

Jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keseller – ýokançlyklar topary bolup, olar bilen ýokuşma jynsy gatnaşyklary wagty bolup geçýändir.

Keselçilige getirýän ýokançlyklar birnäçe topara bölünýärler:

↪ Kömelekleriň döredýän keselçiligi – kandidoz;

↪ Ýönekeýler – trihomoniaz;

↪ Mugthorlar – gasyk biti;

↪ Wiruslar – AIW, uçuk, gepatit, adamyň papillomawirusy;

↪ Bakteriýalar – hlamidioz, merezýel, sözenek, ureaplazmoz.

Ýokançlyklar näsagyň dölünde, jynshana bölünip çykmalarynda, ganynda bolup bilýändir. Şeýle hem, ýokançlyklar bilen näsag adamynyň öýde ulanýan zatlary we gigiýeniki serişdeleri hapalanyp biler.

Bu keseller erkek adamda nähili alamatlar bilen ýüze çykýar?

Eger sizi aşakdaky alamatlaryň hatda biri biynjalyk edýän bolsa, lukmana ýüz tutmaga howlugyň:

◈  Gasykda döreýän ýiti agyrylar;

◈  Agyryly buşukma;

◈  Jyns agzalarda döreýän agyry, gijeme we awuşama duýgusy;

◈  Jynsy agzadan gelýän bölünip çykmalar;

◈  Agyryly jynsy gatnaşyklar;

◈  Jynsy agzalarda ýaralaryň, üýtgeşik örgünleriň, ösüntgileriň emele gelmegi.

Wagtynda bejerilmedik jyns agzalarynyň ýokançlyklary peşew çykaryş ýollarynyň, erkeklik mäziniň, ýumurtgajyklaryň gaýraüzülen keselleriniň döremegine, şeýle hem önelgesizlik ýagdaýyna getirip biler.

Jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keselleri haýsy lukmanlar bejerýär?

Erkek adamlarda bu keselleriň bejergisini urolog, androlog, dermatowenerolog lukmanlary geçirýärler. Siz ol lukmanlara ýaşaýan ýeriňizdäki keselleri bejeriş we öňüni alyş merkezlerinde, şeýle hem deri-weneriki keseller merkezinde duşup bilersiňiz.

Bu toparyň kesellerini nähili anyklap bolýar?

Keseliň görnüşine görä lukman dürli anyklaýyş usullarynyň toparyny belläp biler: peşew çykaryş kanalyndan çyrşak almak, bölünip çykmalary ekip görmek, gany polimeraz-zynjyrly usul bilen ýokançlyga barlamak, ganyň AIW-na, merezýele we gepatitleriň görnüşlerine barlagyny geçirmek.

Bu barlaglary geçmäge ýene haýsy ýagdaýlar görkezme bolup bilýär?

Anyk alamatlar dörän ýagdaýlardan başga halatlarda hem barlaglary geçmek wajypdyr:

▷ Gizlin ýokançlyklary anyklamak maksady bilen öňüni alyş barlag höküminde;

▷ Maşgala jübütleri göwreliligi meýilleşdirýän haladynda (göwreliligi götermezlik ýagdaýyny peseldýär);

▷ Önelgesizlik ýagdaýy bejerlende (bu keseller köplenç esasy sebäpleriň biri bolup bilýär);

▷ Jynsy gatnaşyklary geçirýän ýoldaşyňyzy ýygy çalyşýan bolsaňyz;

▷ Goragsyz geçirlen jynsy gatnaşyklardan soň.

Barlagy goragsyz geçirlen jynsy gatnaşykdan soň haçan geçirmek dogry?

Keselleriň alamatlarynyň ýüze çykyş möhletleriniň dürlidigi sebäpli, goragsyz geçirlen jynsy gatnaşyklardan soň barlaglary şu möhletlerde geçmek dogry bolar:

◎ Çyrşagyň mikroskopiki barlagy we polimeraz-zynjyrly reaksiýa barlagy – 7-10-njy gün;

◎ Ganyň merezýele, AIW-a, gepatitlere barlaglar – 1,5-2 aýdan.

Barlaglar nähili taýýarlygy talap edýär?

Barlaglardan anyk netijeleri almak üçin, olary tabşyrmazdan öň belli düzgünleri berjaý etmek möhümdir:

↪ Eger gan tabşyrýan bolsaňyz, ony ajöze tabşyryň;

↪ Peşew çykaryş kanalyndan çyrşak tabşyrýan bolsaňyz, 2-3 sagat öňünden buşukmaň. Peşew akymy bar bolan bakteriýalary ýuwup biler;

↪ Kesellere barlag geçirjek wagtyňyzdan 2-3 gün öň jynsy gatnaşyklary geçirmekden saklanyň;

↪ Antibiotikleri we ýokançlyklara garşy ulanylýan derman serişdelerini kabul etmekden saklanyň;

↪ Barlag geçmezden 24 sagat öň ýerli gigiýeniki serişdeleri ulanmakdan saklanyň.

Bu keseller topary nähili bejerilýär?

Anyklanan keseliň görnüşine baglylykda kömeleklere, bakteriýalara, mugthorlara, wiruslara garşy derman serişdeleriň utgaşmasy, şeýle hem bedeniň göreşejilik ýagdaýyny ýokarlandyryjy derman serişdeleri bellenilip bilner. Bejergi tapgyryny diňe lukman bellap, gözegçilikde saklamalydyr. Özbaşdak geçirlen bejergi keseliň dowamly görnüşe geçip, gaýraüzülmeleriň döremegine getirip bilýändir.