REŇKLI DEMREW (KEPEK GÖRNÜŞLI DEMREW)

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.36 (14 Ses)

Demrew (Lichen) sözi adamzada Gippokratyň döwründen bäri bellidir. Deri keselleriniň köpüsi il arasynda «demrew» diýip atlandyrylýar. Şu keseller deride reňkli tegmilleriň döräp, deriniň soýulmagyna eltýär. «Demrew» sözi diýseň şertlidir. Mysal üçin, uçugy il arasynda gurşaýjy demrew, psoriazy bolsa teňňeli demrew diýip atlandyrýarlar. Emma bu deri keselleriň demrew bilen umumylygy gaty azdyr. 

Demrewiň dürli görnüşleri dürli sebäplere görä ýüze çykýar. Muňa kömelek infeksiýasy ýa-da wirus, ýöne köp halatlarda immunitetiň peselmegi sebäp bolýar. Şu makalada reňkli demrew (il arasynda kepek görnüşli demrew diýip atlandyrylýan) barada gürrüň berilýär.

Demrewiň döremegine näme sebäp bolýar

Reňkli demrew (kepek görnüşli demrew) ýer ýüzüniň ähli künjeklerinde duş gelýär. Ol aýratyn-da howasy yssy we çygly bolan ýurtlarda giňden ýaýrandyr. Derlek adamlarda, derileriň himiki düzüminde aýratynlygy bolan adamlarda reňkli demrewiň ýüze çykmak howpy artýandyr. Şeýle-de bu kesel endokrin mäzleriniň işiniň bozulmalary, iýmit siňdiriş organlarynyň dowamly keselleri, immunoýetmezçiligi bolan adamlara ýokup bilýär. 

Soňky ýyllarda kliniki ylmy-barlaglaryň netijesinde reňkli demrewiň genetiki meýilligidigi (tohum yzarlaýandygy) kesgitlenildi. Reňkli demrew öýken inçekeseliniň, limfogranulematozyň bolan ýagdaýynda has-da aňsat ýokup bilýär. Sebäbi öýken inçekeseli ýa-da limfogranulematozy bolan syrkawlar köp derleýändirler.

Reňkli demrewi döredýän kömeleklerýorgan-düşek ýa-da egin-eşik arkaly geçip bilýär. Ýöne bu kesel bedenlerinde kömelek bolan adamlar arkaly hem geçip bilýändir. Bu adamlar öz bedenlerinde kömelek infeksiýasyny göterip gezseler-de, demrewiň döremegine sebäp bolýan şertler döreýänçä, demrew bilen kesellemeýärler.

Demrew nämeden başlanýar

Reňkli demrew adatça uly bolmadyk, gaty gyzarmadyk, deriniň ýüzünde güberilip saýlanmaýan gülgüne tegmiliň döremeginden başlanýar. Bu tegmil käwagt sarymtyl ýa-da süýtli gara çaýyň reňkinde bolýar. Bu tegmiller kem-kemden «doganlary» bilen birleşip, birgeňsi çäkleri - «geografiki» nagyşlary emele getirýärler. Reňkli demrewiň tegmilleri gursakda, arkanyň ýokary böleginde, boýunda we eginlerde bolýar.

Güne ýanan deride bu tegmiller agymtyl görünýär. Tegmiller birigip, has uly tegmilleri emele getirýär. Ýöne olar kiçi tegmil görnüşinde hem galyp bilýär. Tegmiller gyzarmaýar, deri kepek görnüşinde biraz soýulýar.

Lukmana ýüz tutuň

Ýokarda agzap geçişimiz ýaly, demrewiň görnüşleri köpdür. Şonuň üçin-de, teniňizde peýda bolan nämälim tegmilleri ýa-da örgünleri özbaşdak bejerjek bolmaň. Demrewiň käbir alamatlary başga keseleriň alamatlaryna meňzeýändir. Şonuň üçin-de, deri keselleriniň lukmanyna ýüz tutuň. Sebäbi özbaşdak bejegi geçirjek bolup, üçran keseliňizi azdyryp, özüňize zyýan ýetirmegiňiz mümkin.

Demrewiň her bir görnüşiniň öz bejergi aýratynlyklary bardyr. Olaryň käbirini ýörite niýetlenen antiwirus melhemleri ýa-da kömelek infeksiýasyna garşy ulanylýan melhemleri bilen bejermeli. Demerewiň käbir görnüşlerini adamyň immunitetini ýokarlandyrmak arkaly bejerip bolýar, käbirleri bolsa öz-özünden aýrylýar. Şonuň üçin-de, demrewe uçran bolsaňyz, özbaşdak bejergi geçirmän, hökman lukmana ýüz tutuň.

Demrewi nähili saýgarmaly

Reňkli demrewi ýüze çykarmak üçin dürli usullar ulanylýar. Bu usullaryň biri-de Balzeriň ýod usulydyr: deriniň kesellän ýerini we onuň töweregindäki sagdyn derä ýoduň spirtdäki 5%-li ergini çalýarlar. Örgün zerarly deriniň ýumşan ýerleri sagdyn derä garanyňda has goýy reňklenýär. Bu usuly özbaşdak ulanjak bolmaň, sebäbi keseliň hemme alamatlaryny diňe lukman anyklap biler. Şeýle-de bu keseli  Wuduň çyrasy arkaly ýüze çykaryp bolýar. Bu usulda deriniň kesellän ýerleri sarymtyl öwüsýär.

Reňkli demrewi ýüze çykarmakda ulanylýan başga bir usul — Saburonyň sredasyny ulanmak. Bu usulda kömelek infeksiýasynyň döräp ösmegine we ýaýramagyna ýardam berýän şertler döredilýär. Bu şertlerde 3 hepdeden gaýmak şekilli  bakteriýalar emele gelýär. Olar hamyrmaýa kömelegine meňzeş bolup, mikroskopiki barlaglaryň netijesinde kömelekleriň topbaklaýyn öýjükleri ýüze çykarylýar.

Melhemler kömelegi «öldürýär»

Ýokanç kömeleklere garşy ulanylýan köp dürli melhemleri saýlanyňyzda şulara üns beriň:

Reňkli demrew adatça derä çalynýan serişdeler arkaly bejerilýär. Keseliň has ötüşen ýagdaýlarynda ulgamlaýyn antimikotinleri ulanylýar. Olar bejergi möhletlerini gysgaldyp, keseliň gaýtalanmagynyň öňüni alýarlar.

Ýatda saklaň: eger-de siz özüňizde demrewiň alamatlary bardyr öýtseňiz, özbaşdak bejergi geçirjek bolmaň. Derrew lukmana ýüz tutuň. Lukman siziň keseliňizi doly anyklap, dogry bejergini maslahat berer.