ŞAMPUNY NÄHILI SAÝLAMALY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.87 (23 Ses)

Adamyň daş keşbine serenjam bermekde giňden ulanylýan serişdeleriň biri-de şampunlardyr. Adamlaryň hemmesi jynsyna we ýaşyna garamazdan, saçlaryny şampuna ýuwýarlar. Eýsem biz şampunlary dogry saýlamagy başarýarmykak?

Bu arassaçylyk serişdesini saýlamakda nämelerden ugur almaly? Giňden mahabatlandyrylýan şampuny almalymy ýa-da bahasy gymmat bolanymy? Belki, owadan gutusyna, ýakymly ysyna, goýulygyna, göze ýaramly reňkine üns berip saýlamalydyr? Ýa-da şampunyň köpürjikleme derejesine üns bermelimikä? Aslynda welin bu görkezijileriň biri-de şampunyň ulanyjylyk häsiýetleriniň ýokary hilli bolmagyny kepillendirmeýän eken.

Saçlar nämäni halaýar

Adamlaryň köpüsi şampuny öz şahry tejribeleriniň esasynda, ýagny synap görmeleri arkaly saýlaýarlar. Şampunyň täsiri ýaradymy, diýmek ol iň ýaramlydyr diýip hasaplaýarlar. Ýöne saça ýaraýan zatlar babatda her kimiň öz pikiri bolýar. Mysal üçin, köp adamlar saçlar arassalygyndan ýaňa «hytyrdamalydyr» öýdýärler. Olar ýuwlan saçlaryň arassalykdan «hytyrdaýan» seslerini eşidenlerinde, şampuny dogry saýlapdyrys diýip pikir edýärler. Ýöne oňat şampundan diňe kiri we ýagy ýuwup aýyrmak talap edilmeýär ahyryn. Oňat şampuna ýuwlan saçlar gurandan soň ýaldyramaly, ýeňil daralmaly, ýumşak bolmaly. Oňat şampun saçlary we kelläniň derisini ýumşatmaly, nemlendirmeli, olary gijetmeli däl. Mundan başga-da, oňat şampun saçlaryň kutikulylaryny, ýagny goraýjy örtgüsiniň teňňejiklerini ýylmamaly. 

Siziň saýlan şampunyňyz ýokarda agzalan talaplara laýyk gelýärmi? Eger laýyk gelýän bolsa, sizi gutlaýarys. Mundan beýläk-de şol şampundan peýdalanyberiň.

Şampunyň daşyndaky ýazgylary okaýarys

Ýöne käbir adamlar synaglary özlerinde geçirmän, beýlekileriň tejribesini ulanmagy makul bilýärler. Biziň indiki beýan etjek maglumatlarymyz hut şolar üçindir. 

Islendik şampunyň esasyny detergentler, ý‎agny serişdäniň ‎ýuwujylyk ukybyny kepillendir‎ýän maddalar düz‎ýär. Şampunyň hilini onuň mukdary däl-de, onuň düzümindäki detergentiň hili kepillendirý‎är. Şu detergentler näçe ‎ý‎umşak bolsa, ol saçlar we kelläniň derisi üçin şonça-da ýaramlydyr. Bu aýratyn hem çendenaşa duýgur bolan deri üçin ýaramlydyr. Ynha giňden ýaýran detergentleriň sanawy:  

Bahasy arzan bolan şampunlarda esasan-da sanawdaky birinji we ikinji detergentler ulanylýar. Olar arzan bolup, saçyň kirini we ýagyny oňat ýuwup aýyrýar, aňsat durlanýar. Ýöne olar saçy we derini gurak edýär. Sanawdaky beýleki detergentleri ýokary hilli şampunlara goşýarlar. Olar zeperlenen we gurak saçlar üçin niýetlenendir.  

Şampun saýlanyňyzda oňat hilli detergentli şampunlary saýlamaga çalşyň. Bu aýratyn-da saçyňyzy günde-günaşa ýuwan ýagdaýyňyzda, deriňiziň çendenaşa duýgur bolan ýa saçyňyzyň boýalýan ýagdaýlarynda wajypdyr. 

Indi bolsa şampunyň düzümindäki goşundylaryň nämä gerekdiginiň beýany:

  1. Proteinler (ösümlik beloklary). Zeperlenen we himiki buýralanma sezewar edilen saçlary dikeldýär. 
  2. Кеratin – saçyň düzümindäki belok. Ol saçyň daşky örtgüsini goraýar.
  3. Nemlendirijiler (ösümlikleriň ekstraktlary, gliserin, patenol, sorbitol, propilenglikol). Adatça gurak saçlar üçin niýetlenen şampunlaryň düzümine goşulýar.
  4. Ultramelewşe süzgüçler (SPF) we miweleriň mumy saçlary gün şöhlesinden we hapalanmadan goraýar.
  5. Witaminler. Saçlar üçin esasan-da A, PP we B toparynyň witaminleri peýdalydyr. Ýöne bu witaminleriň agyzdan kabul etmek has netijelidir. Giňden tanalýan witamin D-pantenol (B5 prowitamini) saçyň gorag örtügini berkidip, onuň gurluşyny we görnüşini gowulandyrýar.
  6. Ösümlik ýaglary (sürgi ýagy, repeýnik ösümliginiň ýagy, awakado, žažoba ýaglary) we lanolin. Olar saçyň daşyny gurşap, onuň düzümindäki suwlary saklaýar. Mundan başga-da, olar saçyň köküni berkidip, onuň ösmegine ýardam berýärler.
  7. Lesitin.  Saçlary ýumşadyp,olary ýüpek ýaly edýär. Şeýle-de ol şampunyň düzümindäki maddalaryň dargamagynyň öňüni alýar.
  8. Ösümlikleriň ekstraktlary. Mysal üçin, hna saçyň köklerini berkidýär, aloe wera saçyň düzümindäki nemi saklaýar, çopantelpek bolsa mele saçlara tylla öwüşginini berýär.  

Şampunlar babatdaky toslamalar

1-nji toslama. Şampuny her üç aýdan çalşyp durmaly. Ýögsa saçyň goňaklamagy ýa-da başga kynçylyklaryň ýüze çykmagy ahmal. 

Eger şampun siziň saçlaryňyza ýaraýan bolsa, ony çalyşmak hökman däl. Ýöne saçyňyzy boýanyňyzdan soň goňak peýda bolan bolsa, onda şampunyňyzy çalyşmaly bolarsyňyz. Sebäbi şampuny saýlanyňyzda saçyňyzyň görnüşine we ýagdaýyna görä saýlamalysyňyz. Haýsy şampunyň nähili saçlar üçin niýetlenendigi onuň gabynyň daşynda ýazylgydyr.

2-nji toslama. Eger şampunyň hili oňat bolsa, ol maşgala agzalarynyň baryna ýaramlydyr.

Şampun ýaly serişdäni maşgalanyň her agzasynyň saçyna laýyklykda saýlamalydyr, sebäbi biriniň saçy ýagly bolsa, ýene biriniň saçy gurak bolmagy ahmal. Şonuň üçin-de, hemmeler ýaraýan «maşgala» şampunlaryny satyn almakdan saklanmaly.

3-nji toslama. Şampun oňat köpürjikleýän bolsa, onuň hili hem oňatdyr. 

Köpürjikleme bilen oňat hiliň arasynda gönüden-göni arabaglanyşyk ýokdur. Mysal üçin,  psoriaz, ekzema we beýleki deri kesellerini bejermek üçin niýetlenen şampunlar köpürjiklemeýär diýen ýaly. Ýöne bu ýagdaý olaryň hiliniň pesdigini hiç-de tassyklamaýar. Şampunlaryň köpürjikleme derejesi olaryň düzümindäki detergentleriň mukdary bilen kesgitlenilýändir.  Döwlet umumy standartlaryna laýyklykda, şampundaky detergentleriň mukdary 18–20% -den az bolmaly däl (ýagly saçlar üçin niýetlenen saçlarda olaryň mukdary köpräk bolmaly).

4-nji toslama. Saçlary günde ýuwmak olara zeper ýetirýär.

Uly şäherlerde ýaşaýan adamlar saçyny günde ýuwsa-da bolýar, sebäbi töwerek-daşdaky tozan saçlara siňýär ahyryn. Ýöne «günde ýuwmaklyk üçin» diýen ýazgyly ýörite şampunlary saýlamaly. Saçlara olary günde ýuwmaklyk däl-de, olary saç guradyjy bilen guratmaklyk zeper ýetirýändir.

5-nji toslama. Düzüminde iki zat (şampun + kondisioner) bolan şampunlar sada şampunlardan pes däl. Olar hatda puly hem wagty tygşytlaýarlar.

Tygşytlama babatda bu hakykatdyr. Emma kondisionirleýän we ýuwýan serişdeler özara täsire girenlerinde, birek-bireginiň peýdaly häsiýetlerini gowşadýarlar. Şoňa görä-de, şampunlary we kondisionerleri aýra-aýra ulanmak has netijelidir. Kondisionerler diňe bir saçlaryň aňsat daralmagyna däl, eýsem şampunyň aşgar täsirini aýyrmaga hem ýardam berýär. Olar zeperlenen saçlary dikeldip, daşky gurşawyň, yssynyň, himiýanyň zyýanly täsirinden goraýar, saçyň timarlanmasyny ýeňilleşdirýär.

6-njy toslama. Oňat şampunyň düzüminde 20-30 madda bardyr.

Eger saçlar zeperelenen bolsalar, onda olara dogrudan-da düzümine köp ýaramly maddalar goşulan şampunlar gerek bolar. Tersine, allergiki täsirinden ejir çekýän adamlara sadaja şampunlar gerekdir.

Ulanylan WEB Salgy