1-nji OKTÝABR – GARTAŞAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.54 (24 Ses)

Birnäçe ýyllaryň dowamynda dünýäniň köp ýurtlarynda 1-nji oktýabr gartaşan adamlaryň Halkara güni höküminde bellenip geçilýär.

1982-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň garrylyk döwrüniň kynçylyklary boýunça kabul eden taslamasy esasynda, Birleşen Milletler Guramasy 1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda her ýylyň 1-nji oktýabryny gartaşan adamlaryň Halkara güni diýip bellemekligi yglan etdi. Ilkibaşdan gartaşan adamlaryň gününi Ýewropada, ondan soň bolsa Amerikada, 1990-njy ýylyň ahyrynda dünýäniň hemme ýerinde belläp ugradylar. Gartaşan adamlaryň güni Skandinawiýa ýurtlarynda her ýyl uly gerim bilen bellenilip geçilýär. 1-nji oktýabrda gartaşan adamlaryň jemgyýetdaky orny we olaryň hukuklaryny goramaga bagyşlanan konferensiýalar, kongresler, festiwallar gurnalýar. Jemgyýetçilik guramalary we fondlar dürli ynsanperwerlik işlerini geçirýärler.

Gartaşan adamlaryň halkara gününde Birleşen Milletler Guramasy ol adamlaryň diňe bir uzak ýaşamagyny gazanman, eýsem olaryň durmuşynyň oňat hilli, köpugurly, gyzykly, kanagatlanarly bolmagyny üpjün etmek ugrunda hemme ýurtlaryň tagalla etmeklerine çagyrýar. Häzirki döwürde dünýäde 60 ýaşdan geçen adamlaryň sany 700 milliona barabar diýip hasaplanýar. Bu sanyň 2030-njy ýylda 1,4 milliarda ýetmekligine garaşylýar.

Bu gün sene höküminde Russiýada, Azerbeýjanda, Belarusda, Latwiýada, Moldowada, Ukrainada hem bellenilip geçilýär.

Türkmenlerde altmyş ýaşa ýeten adamlar gartaşan, ýetmiş ýaşa baranlary goja, ýagny garry hasaplanýar.

Meniň pikirimçe, ýetmiş ýaşa ýetip barýan adama bu senäniň Halkara we döwlet derejesinde bellenilmegi örän oýlanyp kabul edilen ýakymly bir çözgüt diýip hasaplamalymyka diýýärin. Pikir edip otursaň, meniň bu ýaşan ýaşymyň durmuşymda ýakymly we şonuň bilen birlikde oňaýsyz taraplaram isleseň, islemeseň biri-birine çatlyşyp geçip gidip barýar. Durmuşda iň gymmatly zat adam saglygydyr weli, ýöne seniň adamlaryň arasynda bolup hem-de olara gerekdigiňi duýup ýaşamak ýakymlylygy sende oňat duýgy döredýär.

Geçen döwürlerde pensiýa ýaşyna ýeten gartaşan adamlar öz islegi bolmasa işleýän işinden boşadylmaýardylar. Oňa durmuşyň kadasyna öwrülen ýagdaý ýaly garaýardylar. Gartaşan adamlaryň köpüsi saglygy hakynda belli bir ýagdaýda aladalanýardylar. Türkmenistanda we öňki Soýuzda hyzmat edýän töleg ýagdaýlary esasynda elýeterli şypahanalarda bejergi alyp, öz saglyklaryny bejerdýärdiler.

Häzirki döwürde, pensiýa ýaşyna ýeten gartaşan adamlaryň aglaba köpüsiniň islemeden daşlaşdyrylmagy olaryň durmuşlarynyň başgaçarak bolmagyna getirdi. Olar indi höwes bilen işläp ýören işlerinden, öz kärdeşlerinden, gündeki pikir alşyp ýören adamlaryndan üzňe bolup, öýlerinde dört diwaryň arasynda öz gymmatly durmuş akymynda barýan ömürlerini geçirmeli bolýarlar. Bu aýdylanlar saglygyny ýitirip, işe ukypsyz gartaşan adamlara dälde, öz işlerini abraý bilen ýerine ýetirip ýören, akylly-başly, işeňňir gartaşan adamlara degişlidir.

Pensiýa bellemekden başga aladany göz öňünde tutman, jemgyýet ol adamlaryň uly durmuş, zähmet tejribesine garamazdan, olaryň her günki wagt geçirmelerini tukatlyga öwürdi.

Ýurtda döwlete degişli däl guramalar bolup, olar hakynda alada ýola goýulsady, belki hem azda-kände ýagdaýdan çykalga bolardy.

Şu döwürde, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň üýtgemegi esasynda ýaşlaryň öz ýagdaýlarynyň ýabygorly bolup durýanlygy sebäpli, olaryň ol adamlar hakynda aladalary örän ujypsyz. Adalatyň hatyrasyna aýtsam, döwlet tarapyndan olaryň pensiýalarynyň möçberi ýylyň-ýylyna ýokarlanýar. Ýöne olaryň durmuşa degerli, akylly, paýhasly, hakykata gabat gelýän maslahatlary diňlenilmeýär.

Ýurtda hereket edýän ýaşlar guramalary öz işlerinde gartaşan adamlar hakynda aladalary göz öňünde tutup, olaryň durmuşlary bilen gyzyklanyp dursalar talaba laýyk bolardy. Ýöne olaryň bu ugurda alyp barýan önjeýli işleri duýlup, göze görnüp duranok.

Mümkinçiliklere görä, gartaşan adamlaryň we garrylaryň saglyklaryny gözegçilikde saklap, degişli lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün edip duran bejeriş edaralary bolsa, olar üçin aýratyn söwda dükanlary işledilse, bu bildirilýän aladalaryň oňat taraplary bolup durardy. Gazet-žurnallarda, radio we telewideniýede olar hakynda gepleşikler berilip durulsa, olaryň durmuşlaryny gowulandyrmakda öňe ädilen ädim bolardy.

Her bir kadaly durmuşda ýaşaýan adamyň, aýal ýa-da erkek bolsun, 55-60 ýaşa barýança çagalaryny ösdürme, terbiýeleme, olary kärli etmek üçin orta we ýokary okuw mekdeplerinde okatmak aladasy bilen ýaşap, şol ýaşa nähili ýetenini hem duýmaýar. Esasy aladalaryň biri hem, olary öýli-işikli edip, maşgala durmuşyny döretmek we olara bu babatda kömek bermek bilen utgaşýar. Ol aladalaryň ep-eslisini başdan geçirip, çagalary we döwlet tarapyndan goldawa garaşýan we ony duýmaýan gartaşan adam ýol çatrygynda diňe öz pikirleri bilen içini hümledip galyberýär.

Her bir adam sagdyn, akylly, zehinli bolsa-da, töweregindäki adamlaryň goldawyna, esasan hem ruhy goldawyna ýagny, mähre, ruhy dünýäsi üçin gerek bolan özara adam gatnaşyklaryna garaşmak bilen ýaşaýar. Olaryň ujypsyz ýa-da bolmadyk ýerinde ýaşuly adamynyň ýaşamaga islegi pese gaçýar.

Gartaşan adamlaryň köpüsi durmuşlarynda toplanan tejribe boýunça, adam aňynyň türgenleşmegi we ösmegi üçin zerur bolan küşt, şaşka oýunlaryny uly höwes we gyzyklanma bilen oýnaýarlar. Olaryň medeniýetli dynç almaklary üçin her şäherde, şäherçede, obada mümkinçilik döredip, aýratyn otaglar bilen üpjün edilse, olary oýunlara gyzyklandyrmadan başga-da, söhbetdeşlik gurnamak üçin çaý, kofe içer ýaly şertler döredilse örän gowy bolardy.

Başga ýurtlarda 65-75 ýaşyndaky adamlar wagtlarynyň gyzykly geçmegi we saglyklarynyň oňatlaşmagy üçin syýahatlara çykýarlar. Bu babatda işler ýola goýulsa ýaşuly adamlaryň durmuşlary şeýle gyzykly we manyly bolardy.

Gartaşan adamlara, garrylara aýratyn hem olaryň maýyp bolanlaryna, ýeke ýaşaýanlaryna ýaşlary, mekdep okuwçysyndan başlap, talyplara çenli kömege imrikdirmek zerurmyka diýýärin. Geçen ýyllarda hem "timurçylar" ady bilen mekdep okuwçylary olara kömege gelerdiler.

Umuman aýtsam, gartaşan adamlar hem bir mahallar ýaş bolup, döwlet edaralarynda işläp, döredip, oba meýdanlarynda öz janlaryny aýaman gujurly zähmet çekip, Watanymyzyň ösmegine, şu günki derejesine ýetmegine uly goşantlaryny goşan adamlar. Olar hakdaky edilen aladalar şu günki nesil üçin hem edilýän alada bolardy. Durmuş dowam edýärä!

Biziň ýurdumyzyň ykdysady ýagdaýynyň pajarlap ösmegi uly nesil üçin bildirilýän aladalary gowulandyrmaga we olaryň durmuşyny manyly, gyzykly etmäge uly mümkinçilikleri döredýär.

Ýaşuly okyjy