EGER ISLEG BOLMASA... ÝA-DA JYNSY HÖWESI PESELDÝÄN SEBÄPLER

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.42 (50 Ses)

Elbetde, jynsy gatnaşyklary hemişe islemek ýagdaýy hem, edil oňa isleg bildirmezlik ýaly bozulmalara degişli edilýändir. Ýöne bu gatnaşyklara günüň dowamynda 5 gezege çenli isleg bildirme ýagdaýy bilen deňeşdirlende, jynsy höwesiň ýitmegi has ýygy duş gelýändir.

Seksologlaryň bellemegine görä, höwesiň ýitmeginiň sebäpleriniň anyklanylmagy, ony döretmegiň çärelerini tapmaga kömek edip biler.

Stress

Emosional dartgynlylyk ýagdaýynda adam jynsy gatnaşyklaryndan başga hemme işleri, gündelik endiklerini ýerine ýetirip bilýär. Stress bagtlylyk gormonlarynyň bölünip çykyşyny togtadyp, jynsy höwesi duýmakda bökdençlik döredýär. Ruhy dartgynlylyga getirýän sebäplere garamazdan: işdäki kynçylyklar, öý-hojalyk aladalary ýa-da ýakynlaryň bilen tersleşme − şeýle aladalardan hemişe adamyň seksual durmuşy "ýitgileri" çekip bilýändir. Strese getirýän sebäbi aradan aýryp, jynsy höwese bolan islegi dikeldip bolar.

Ýanýoldaşyň bilen aragatnaşygyň bozulmagy

Höwesiň ýitmeginiň has ýygy duş gelýän sebäplerine jübütleriň dawalaryny, tersleşmelerini, biri-birine düşünişmezliklerini degişli edip bolar. Eger erkek adamlar tersleşme meselelerini, "öýke ýazmagy" ýakyn gatnaşyklaryň kömegi bilen çözmäge ýykgyn edýän bolsa, tersine, aýallarda oňa bolan höwes doly ýitip bilýändir. Şonuň üçin hem, eger pynhan gatnaşyklara sowuklyk aralaşan bolsa, biri-biriňize bolan ynamlylygyň we aragatnaşyklaryň derejesini barlap görüň.

Alkogol

Güýçli bolmadyk alkogol içgisiniň köp bolmadyk mukdary siziň jynsy höwesiňizi ýokarlandyrmaga kömek etse hem, onuň mukdarynyň köpeldilmegi bedeniň seksual duýgurlylygyny peseldip biler. Ondan başga-da, köp aýallara serhoş, agzyndan aragyň ysy gelip duran erkek adam bilen aragatnaşygy gurmak diýseň ýakymsyz bolýar. Esasy çykalga − içmezlik.

Ukynyň ýetmezçiligi

Düşekde ilki bilen ukynyň alynmalydygyny, diňe soň onuň pynhan gatnaşyklary ýerine ýetirmegiň "meýdançasyna" öwrülýändigini ýatda saklamalydyr. Uky ýeterlik dowamly bolmalydyr. Eger siz ukyňyzy almaýan bolsaňyz, seksual "işdämenligiňiziň" peselýändigine geň galmaň. Siziň bedeniňiziň ol islegi döretmäge kuwwaty ýetenok, çünki bu gatnaşyklary amala aşyrnak uly güýji talap edýändir.

Çagalar

Eger çaga dogmazdan öň aýalyň jynsy gatnaşyklara bolan islegi bar bolan bolsa hem, çaganyň dogmagy bilen isleg üýtgäp biler. Onuň sebäbi çaga emdirilýän döwürde höwes dörediji gormonlary togtadyjy prolaktinde hem däl. Ýadawlylyk − esasy sebäpdir. Çaga idetmek köp wagty we güýji talap edýär. Hatda çaganyň atasy hem jynsy islegiň ýitendigini duýup biler. Çykalga − çaga seretmekde kömek etmäge isleg bildirýän ýakynlaryňyzyň kömegini almakdyr.

Derman serişdeleri

Käbir derman serişdeleriniň ulanylmagy seksual islegi peseldip biler:

► Ruhy gamgynlylyga garşy ulanylýan dermanlar;

► Gan basyşy peseldýän dermanlar;

► Göwreliligiň öňüni alýan gerdejikler;

► Himiýa bejergisinde ulanylýan serişdeler;

► AIW garşy serişdeler;

► Finasterid.

Bu derman serişdelerini kabul edýän wagtyňyz, başga sebäpler bolmazdan jynsy höwesiň peselýändigini duýýan bolsaňyz, lukmana ýüz tutuň. Ol dermanyň mukdaryny azaltmagy ýa-da ony täsiri boýunça başga dermana çalyşmagy maslahat berer.

Öz bedeniňi halamazlyk

Eger siz öz daşky keşbiňizden hoşal bolsaňyz, onda özüňizi seksual gatnaşyklarda ynamly duýup bilersiňiz. Eger özüňize aýnada seretmek ýakymsyz bolsa, özüňiziň üýtgedip biljek zatlaryňyzy üýtgediň (özüňize serediň, kosmetolog lukmanyna ýüz tutuň). Özüňize bagly däl zatlar (meselem, boýuňyz, aýagyňyzyň ölçegi, ýüzüňiziň görnüşi) oňaýsyzlyk döretse, psihoterapewt lukmanyna ýüzleniň. Öz bedeninden we görkünden nägile ýanýoldaşyňyza kömek ediň. Onda özüne bolan ynamlylyk, hoşallyk, söýgi dörediň.

Artykmaç agramlylyk

Bedeniniň artykmaç agramlylygyndan kösenýän adamlarda jynsy islegiň peselmegi ýygy ýüze çykyp biler. Onuň sebäpleri höküminde öz-özüňe göwnüň ýetmezligini hem, gormonal bozulmalary hem belläp bolar. Sport bilen meşgullanyp, iýmitiňizi çäklendiriň − höwes täzeden dörär.

Saglyk ýagdaýlary

Aýallarda keýp alma (orgazm) ýagdaýynyň, erkek adamlarda bolsa ujydyň gönelmeginiň bozulmalary pynhan gatnaşyklara bolan höwesi sowadyp bilýän sebäplerdir. Eger lukman erkek adamyň ýagdaýyny "erektil disfunksiýa" diýip kesgitlemedik bolsa, bu ýagdaýy onuň aýaly düzetmäge kömek edip biler. (Saýtda ýerleşdirilen "Jynsy gowşaklyk", "Jynsy gatnaşyklary "ajadýan" ýene bir sebäp" atly makalalary oka) Ýanýoldaşyňa bolan söýgi, düşünme we üstünlige bolan ynam şowsuzlyk gorkusyny ýeňip geçmäge kömek eder. Bu bozulmanyň psihologiki sebäplerini psihoterapiýa usullary aradan aýyrmaga kömek edýär.

Aýallarda hem meňzeşräk ýagdaýdyr. Eger aýal maşgala bu gatnaşyklardan ruhy lezzet alyp, oňa orgazm duýgusyny her gezek başdan geçirme hökman däl bolsa, onda aladalanmaga esas ýokdur. Biri-biriňizi duýuň we söýüň − lezzetlilik duýgusy hemişe siziň hemraňyz bolar.

Testosteronyň derejesiniň peselmegi

Eger endokrin keseller sebäpli ýa-da ýaş ulaldygyça (erkek adamlarda) testosteron gormonynyň derejesiniň peselmegi siziň jynsy höwesiňize zyýan ýetirýän bolsa, lukmana ýüz tutuň.

Ruhy gamgynlylyk

Ruhy gamgynlylyk sizi lezzet berip biljek hemme zatlardan, şol sanda jynsy höwesden hem juda düşürjek sebäp bolup durýandyr. Çykalga − psihoterapewt lukmanyna ýüz tutuň we gamgynlylygyň psihologiki bejergisini ulanyň.