JYNSY ÝOKANÇLYKLAR: NÄDIP ÖŇÜNI ALMALY WE NÄDIP SAÝGARMALY? – DIŇE HAKYKATLAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.78 (27 Ses)

jynsy yokanclyklarJynsy ýokançlyklar – bu sözleri eşidenimizde inimiz tikeneklemeýänimiz az-azdyr. Olaryň gorkunç suratlary görkezilýär we ölüm howply alamatlary barada köp gürrüňler edilýär. Jynsy ýokançlyklaryň gorkunç taraplaryna şeýle köp üns berilýärkä, sen nämäniň hakykat, nämäniň ýalandygyny nädip bilmeli? Dogry maglumaty nireden tapmaly? Özüňi nädip barlatmaly? Biz bu gün bu kynçylykdan çykalga hökmünde toslama bilen hakykaty aýyl-saýyl etdik. Bu saňa nädip sagdyn we rahat ýaşamaga, indiki gezek jynsy ýokançlyklar barada eşideniňde bolsa howatyrlanmazlygyňa kömek eder.

Toslama: Eger sende jynsy ýokançlyklaryň alamatlary ýok bolsa, onda sende jynsy ýokançlyklar ýokdur.

Hakykat: Jynsy ýokançlyklaryň köp görnüşiniň alamatlary bolmaýar ýa-da derrew bildirmeýär. Iň ýaýgyn alamat – bu alamatyň asla ýoklugydyr. Bar bolan alamatlar hem kesel ýokuşandan soň 10 günüň içinde ýüze çykýarlar. Emma olar hem köplenç başga zatdyr öýdülip, gözden salynýar. Sende jynsy ýokançlyklaryň bardygyny bilmegiň ýeke-täk ygtybarly ýoly – barlagdan geçmekdir.

Toslama: Adama seredip, onda jynsy ýokançlyklaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny bilip bolýar.

Hakykat: Birinde jynsy ýokançlyklaryň bardygyny oňa seredip bilmek asla mümkin däldir. Köplenç ýagdaýda alamatlar ýüze çykmaýar. Çykaýanda-da, olary aňsatlyk bilen saýgaryp bolmaýar.

Toslama: Jynsy ýokançlyklar oral ýa-da anal jynsy gatnaşykda ýokuşmaýar.

Hakykat: Jynsy ýokançlyklar beden suwukluklarynyň we bölünip çykmalaryň (jynshana nemi, gan, döl, tüýkülik) bar bolan islendik görnüşdäki jynsy gatnaşygynda ýokuşyp bilýär. Gerpes (uçuk) we HPV (adamynyň papillomawirusy) ýaly ýokançlyklaryň ýokuşmagy üçin bolsa, diňe bedenleriň biri-birine degmesi ýeterlikdir. Şonuň üçin hem, diňe waginal jynsy gatnaşyk däl-de, onuň oral we anal ýaly görnüşleri hem jynsy ýokançlyklara ulaşmak howpuny salýar. Haçanda ýokançlyklar agzyň ýa-da göni içegäniň nemli gatlagyna düşende olar bedene ýokuşyp bilýärler. Şonuň üçin hem elmydama goranmak zerurdyr.

Toslama: Jynsy ýokançlyklar diňe spermadan geçýär.

Hakykat: Jynsy ýokançlyklar spermadan başga-da ganyň, jynshanadaky we eýakulýasiýadan öň bölünip çykýan suwuklyklaryň üsti bilen hem ýokuşýar. Onuň käbir görnüşi bolsa bedeniň bedene degmegi bilen hem ýaýraýar. Meselem, agzy uçukly adamyň uçukly ýerine degseň saňa gerpes ýokuşyp bilýär. Hatda uçuk ýok hem bolsa, onuň wirusy ýaýrap bilýär. HPV bolsa hatda daşky jyns agzalaryň galtaşmagy bilen hem ýokuşyp bilýär.

Toslama: Eger kontrasepsiýa gerdejiklerini içýän bolsaň jynsy ýokançlyklar ýokuşmaýar.

Hakykat: Gormon gerdejigi jynsy ýokançlyklaryň öňüni alyp bilmeýär. Gerdejigiň bölüp çykarýan gormony aýallyk jynsy öýjükleriniň emele gelmegine päsgel berýär we spermatozoid ýumurtgalyga ýetmez ýaly ýatgynyň boýunjygyndaky nemi goýaldýar. Şeýdip gerdejik göwreliligiň öňüni alýar. Emma ol jynsy ýokançlyklara täsir etmeýär. Jynsy ýokançlyklardan goranmak üçin prezerwatiw ýa-da agza geýilýän agyzlyk (dental dam) ýaly gorag serişdelerinden peýdalanmaly.

Toslama: Sende bir wagtda iki sany jynsy ýokançlyk bolup bilmeýär.

Hakykat: Sen bir wagtda birden köp jynsy ýokançlykly bolup bilýärsiň. Aslynda, eger sende eýýäm bir jynsy ýokançlyk bar bolsa, immunitediň gowşaklygy sebäpli saňa başgasynyň ýokuşmasy aňsat bolýar. Lukmanyň bilen maslahatlaşyp, birnäçe jynsy ýokançlyklar üçin barlagdan geçmek zyýan etmeýär.

Toslama: Saňa şol bir jynsy ýokançlyk ýekeje gezek ýokuşýar.

Hakykat: Seniň bedeniň gepatit B-den başga hiç bir jynsy ýokançlyga immunitet döretmeýär. Şonuň üçin sen şol bir jynsy ýokançlyga birden köp gezek uçrap bilýärsiň. (Gepatit B keselini bejerip bolmaýandygy üçin oňa bir gezek duçar bolan adam bütin ömrüne ony göterip gezýär).

Toslama: Howuzda ýa-da wannada jynsy gatnaşyk geçirseň jynsy ýokançlyklar ýokuşmaýar. Sebäbi suwdaky hlor jynsy ýokançlyklary öldürýär.

Hakykat: Saňa suwdaky jynsy gatnaşykdan jynsy ýokançlyklar hem geçip bilýär ýa-da göwreli hem bolup bilýärsiň. Lateks prezerwatiwler hem suwda kän täsirli bolmaýar. Wannada ýa-da howuzda goragsyz jynsy gatnaşyklaryny geçirmek howpludyr. Has hem jyns agzalarynyň biri-birine hlorly suwda ýanaşmagy olaryň nemli gatlagynyň üýtgedip, jynsy ýokançlyklaryň ýokuşmagyny ýeňilleşdirýär.

Tosalama: Sen düzüminde jynsy ýokançlyklar bolan suwuklygy saklaýan unitaza, gapy tutawajyna, wanna ýa-da howuza ýanaşsaň, saňa jynsy ýokançlyklar ýokuşyp bilýär.

Hakykat: jynsy ýokançlyklar esasan jynsy gatnaşyk arkaly ýokuşýarlar. Jynsy ýokançlykly suwuklygyň degen predmetlerini ellemek jynsy ýokançlyklary ýokuşdyrmaýar. Jynsy ýokançlyklar ganyň, eýakulýasiýadan öňki suwuklygyň, dölüň, jynshana bölüp çykmalaryň agyz, jynshana ýa-da göni içegäniň nemli gatlagy bilen galtaşmagy netijesinde ýaýraýar. Gerpes we HPV bolsa bedeniň bedene degmegi bilen ýokuşýar.

Toslama: Saňa gerpes diňe ýoldaşyňda bu wirus bar bolsa ýokuşýar.

Hakykat: Uçukly ýaralar bitenden soň hem uçuk wirusy ölmeýär. Ol diňe wagtlaýyn bedende işjeň däl ýagdaýa geçýär. Adama uçukly adamdan onuň ýokuşmasy has köp gabat gelse-de, uçugy bedende saklap, ýöne onuň alamatlarynyň ýok wagty hem onuň ýokuşmagy ähtimaldyr. Gerpesiň beterleşmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin onuň bilen kesellän adam bejergi almalydyr.

Terjime eden: Şöhle Mämmedowa