PYNHAN GATNAŞYKLARY BARADA 6 TOSLAMA

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.03 (105 Ses)

Biziň döwrümizde jynsy gatnaşyklary meselelerinde hemme zat ap-aýdyň, düşnükli ýaly. Bu barada maglumatlary biziň dürli çeşmelerden almaga mümkinçiligimiz bar. Oňa garamazdan, jynsy gatnaşyklaryň fiziologiýasy barada döredilen toslamalar agyzdan-agza geçip, goşmaça "täzelikler" bilen baýlaşýar. Geliň, pynhan gatnaşyklarda duş gelýän iň ýörgünli toslamalar bilen tanşyp, hakykaty mälim edeliň.

Toslama 1 – Masturbasiýa – zyýanly

Elbetde, biziň günlerimizde ene-atalar öz ogullaryny gözbaşyny gadymýetden alyp gaýdýan, elhençlikler bilen gorkuzmaýarlar.

Öňler mastutbasiýa garaguşa, oňurganyň guramagyna getirýän ýagdaý ýaly seretseler, häzirki wagtda seksologlaryň köpüsi, oňa erkeklerde bolşy ýaly, aýallarda hem sagdyn seksuallygyň bölegi höküminde garaýarlar.

Meniň pikirimçe, hakykat iki pikiriň ortasydyr.

Masturbasiýa – bedeniň öz-özüni kadalaşdyrmasynyň tebigy ýagdaýydyr.  Bedende jyns gormonlarynyň möwç alyp, tebigatyň çagyryşyny ýerine ýetirmäge mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda,  masturbasiýa fiziki we ruhy dartgynlylygy aýyrmak üçin gowy usuldyr. Adam maşgala gurandan soň, elbetde, sunuň ýaly endiklerden daşlaşýar. Eger adam bütin ömrüniň dowamynda seksual kanagatlanmany diňe masturbasiýa arkaly alýan bolsa, onda ýagdaý näsazlyklardan habar berip biler.

Toslama 2 – Göwrelilik döwründe jynsy gatnaşyklar çaga zyýan getirip biler

Geljekki eneleriň köpüsi jynsy gatnaşyklara göwrelilik döwründe ýol berilmesiz ýagdaý höküminde seredip, ony çaga üçin howply hasaplaýarlar.

Elbetde, göwreliligiň birinji 6 hepdesinde we dogrumdan öňki 6 hepdäniň dowamynda,  şeýle hem göwredäki çaganyň düşme ýagdaýlarynda jynsy gatnaşyklardan saklanmak maslahat berilýär.

Galan mahalda ene-atanyň pynhan gatnaşyklary göwredäki çagany "hüwdüläp", oňa kislorodyň goşmaça mukdarynyň barylmagyna ýardam berýär.

Ýöne nämede bolsa, bu ýagdaýlaryň çägini bilmelidir: ýanaşma emaý bilen çemeleşip, garna agram salýan hereketlerden gaça durmalydyr.

Toslama 3 – Aýbaşy döwründe jynsy gatnaşyklar howpludyr

Iki tarapyň hem özara islegi bilen we hemme gigiýeniki talaplar berjaý edilende, aýbaşy döwründe jynsy gatnaşyklary alyp barma howpsuzdyr.  Hatda hemme zat tersine bolup hem biler. Aýbaşy döwründe döreýän agyrylaryň pynhan gatnaşyklaryň kömegi bilen ýeňip geçilen halatlarynyň  ençemesi bellidir.

Toslama 4 – G-nokady gyjyndyrman aýalyň jynsy kanagatlanmasyny gazanyp bolanok

Zenan maşgalanyň jynsy kanagatlanmasyny (orgazm) beýnini,  has takygy lezzet alma merkezini gyjyndyrmazdan gazanyp bolmaýanlygyny belläsim gelýär.

Dogrudan hem, G-nokady (jynshananyň öňki diwarynyň ortasynda ýerleşýär) aýalyň güýçli erogen nokady bolsa-da,  ol ýeke-täk däldir.

Kime doly kanagatlanma almak üçin kinnigi gyjyndyrma ýeterlik bolsa, kim göwüs emzikleriniň ellenmesinden lezzet alýar, kimler bolsa gulaga pyşyrdalan, mähir-muhabbata ýugrulan sözlerden "göge galýar".

Bir zady aýdyň bilýärin: jynsy gatnaşyklaryň dowamynda G-nokady tapmak ugrundaky sermenmeleriň aýaly kanagatlanma getirjegi gümanadyr.

Toslama 5 – Aýallary jynsy ýanaşma taýynlamak üçin uzak wagt gerekdir

Bu jümlä doly görnüşde toslama diýip hem bolmaz.

Hawa, gatnaşyklarda çalt "tutaşýan" aýallar bolýar. Ýöne düzgün bolşy ýaly, zenan maşgalany taýynlama hereketleri gerek bolup, bu aýal fiziologiýasynyň aýratynlyklary bilen düşündirilýändir.

Ýöne bu taýynlama çäreleriň, düşekde ýatyp erogen nokatlary gyjyndyrmakdan has öň başlanýandygyny unutmaň.  Bu taýynlaýyş "çäreleri" pynhan garaýyşlardan, öwgüli sözleri aýtmadan, aýratyn keýplilikden başlanýar.

Öz söýgüli zenanyňyzyň bişiren tagamyny ýa-da täze geýen köýnegini tankytlap,  jynsy gatnaşyklarda ony çalt "tutaşdyrmaga" tama hem etmäň.

Siziň pikiriňizçe, näme üçin aýallaryň aglaba bölegi kanagatlanma alma duýgusyny ýalandan suratlandyrýarlar?  Sebäbi olaryň ýanýoldaşlary taýynlama çärelerini "howul-hara geçirýärler".

Toslama 6 – Aýbaşydan galma döwürde jynsy gatnaşyklar aýala gerek däl

Gerek, ondada nähili gerek! Eger 20 ýaşda jynsy kanagatlanmany aýallaryň 50%-den azyragy başdan geçirse, 45 ýaşdan soň-95%-i lezzet alma duýgusyny duýýarlar.

Bu döwürde aýal göwreli bolma gorkusyndan azat bolup, arkaýynlaşýandyr. Aýbaşydan galma döwründe jynsy islegleriň ýokarlanýandygyny ylmy barlaglar görkezýärler.