DÜRLI HALKLARYŇ JYNSY GATNAŞYKLARYNYŇ SYRLARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.83 (92 Ses)

Dünýä halklarynyň durmuş ýörelgelerinde, däp-dessurlarynda  görünýän özboluşlylyk bu halkiaryň jynsy gatnaşyklaryna hem degişli edilip bilner. Jynsy gatnaşyklardaky dürli-dürli aýratynlyklar şeýle bir özboluşlylygy, kähalatlarda bolsa geňgaldyryjylykly häsiýeti bilen tapawutlanýar welin, "Bah, şeýle-de bolýar eken-ow?" diýeniňi duýman galýarsyň. Ýöne bu gatnaşyklar näçe köpdürli, özboluşly bolsa-da, olaryň aňyrsynda maşgala gatnaşyklaryny, özara duýgulary pugtalandyrmaga gönukdirilen synanşyklar, islegler ýatandyr. Başga tarapdan bolsa, şeýle ýokary duýgularyň manysyna her halkyň özboluşly düşündiriş berýändigini göz öňüne tutmalydyr.

Aýaly başga erkege  "hödür etmek"  ýa-da sagdyn nesil baradaky alada

Gadymy zamanlardan bäri dünýäniň köp künjeklerinde seksual myhmansöýerlik  dessury ýörgünli bolupdyr. Käbir ýerlerde ol häzire çenli hem saklanyp galyp, olaryň köpüsi öz gözbaşyny köphudaýlylyk medeniýetinden alyp gaýdýandyr.

Kamçatkanyň demirgazygynda ýaşaýan, azsanly halkyýet bolan korýaklarda öýe gelen myhmanyň öý eýesiniň aýaly bilen jynsy gatnaşygy amala aşyrmagy uly hormat hasaplanypdyr.  Bu maksat üçin öý bikesi özüne serenjam berip, gelen myhmany özüne çekmek üçin dürli tilsimleri ulanýan eken.

Haçan-da 9 aýdan  soň myhmansöýer öý bikesiniň myhmandan çagasy doglanda, bu wakany bütin oba uly baýramçylyk hökmünde belläpdir.

Bu ýagdaý näme bilen bagly bolduka? Bu mesele üzňe etniki toparyň kynçylygy bilen baglanşyklydyr. Korýaklaryň çagalary gowşak, näsag bolup doglup, köplenç ýogalýarlar eken. Şonuň üçin hem, önelgelilik meselesine daşdan başga bir adamynyň goşulmagy halkyýet üçin uly bir çykalga bolup hyzmat edipdir.

Alýaskanyň eskimoslary bolsa öz aýallaryny  gysga möhletleýin "peşgeş" berme ýagdaýyny ulanypdyrlar. Taýpanyň iň güýçli we sylanýan agzasy awa gidende, özüne yhlas bilen hödürleýän ildeşiniň aýalyny alyp gidipdir. Aw wagty aýal diňe öý bikesiniň gowy taraplaryny görkezmäge çalyşman, seksual tarapdan hem erjel hyzmat etmäge çalşypdyr. Bu ýagdaýlar demirgazyk  halklaryň ahlak taýdan bozuklygyny aňlatman, olaryň  geljekki nesil ugrundaky aladalarynyň bir bölegini görkezýändir.

Seksual myhmansöýerligi öňe sürýän awstraliýanyň arunta taýpasynyň agzalarynyň arasynda aýal çalyşma adaty giňden ýaýran bolup, bu hereket biri-biriňe edilýän hormaty aňladypdyr. Öý eýesiniň göwnünden turan goňşusyna  ýa-da  myhmanyna hormat etme hökmünde öý bikesi bagyş edilipdir. Edilýän hormatdan ýüz öwürmeklige öý eýesiniň hem-de onuň maşgalasynyň namysyna degilme höküminde seredilipdir. Beýle ýagdaýlaryň nämelere getirip biljekdigi bolsa bellidir...

Şeýle adat Tibet dagynda ýaşaýan halkyýetlerde hem ýörgünli bolup, myhmana başganyň aýalynyň ýaramagy, ilatyň ýaşaýşyny gowulandyryp biljek hudaý tarapdan berilýän abadançylygyň nyşany höküminde seredilipdir. Tibetiň ýaşaýjylary, aýal beýlekileriň göwnünden turmaga ukyplyka, uly öwgä mynasyp diýip hasaplapdyrlar.

Söýgi hyjuwyny tutaşdyrma ugrunda göreş

Adamlar asyrlar boýy söýgi oýnuny (häzir hem şeýle) tutaşdyrmagyň dürli usullaryny oýlap ulanyp gelipdirler. Oýlap tapmalaryň käbiri häzirki zaman adamsyny ör- gökden gelmäge mejbur etse-de, köpüsi dünýä ýüzünde giňden ulanylýandyr.

Söýgi oýnuny tutaşdyryp, öz söýgüli aýalyna lezzetli duýgulary bermek üçin, Samatra adasynda ýaşaýan batta taýpasynyň erkek adamlary ujydyň pürçüginiň aşagyna kiçijik daşjagazlary ýa-da demriň böleklerini sokup, ujydyň has dowamly "işjeňligini" gazanypdyrlar.

Hindi söýgi eserlerinde hem duýgurlylygy ýokarlandyrmak üçin dürli zatlary ulanmak maslahat berlip, şeýle kiçijik enjamlary "apadrawia" diýip atlandyrypdyrlar. Erkekler üçin niýetlenen şeýle şaý-sepler gyzyldan, kümüşden, agaçdan, öküziň şahyndan ýasalyp, olar kiçijik ýüzüjek ýa-da bilezik görnüşe eýe bolupdyrlar. Şeýle-de, hindi erkekleriniň ujydyna birnäçe deşijek deşilip, şol ýere "apadrawia" enjamlaryny goýma maslahat berilipdir.

Şol maksat üçin oýlap tapylan, üsti ýumşak düwmejikler bilen örtülen içi boş  "ýalaki" atly turbajyk hem, ulanmak üçin iň ýörgünli enjam bolupdyr.

Adamlar seksual duýgurlylygy ýokarlandyrmagyň aladasy bilen adaty bolmadyk usullary hem ulanypdyrlar. Bu maksat üçin Mikroneziýa adasynyň erkekleri öz aýallaryny dişleýän garynjalar bilen gyjyndyrýan bolsalar, koreý aýallary  jyns agzalaryna  iňňebajygy çümdirip erkekleriň "işjeňligini" saklapdyrlar.

Braziliýanyň ýerli topinamba taýpasynyň erkekleri aýallarynyň göwnünden turmak üçin özlerini ýylanlara hem çakdyrýan ekenler. Dogrudan hem, seksual lezzetliligiň gözlegi nämeleri etdirmeýär?

Dürli islegler, dürli mümkinçilikler

Erkek adamlaryň arasynda geçirilen soragnamalar netijesinde dürli milletleriň erkekleriniň jynsy häsiýetnamasyny aýyl-saýyl etmek başartdy. Meselem, koreý erkekleri hepdede geçirilýän jynsy gatnaşyklaryň sany boýunça öňde bolup (4,5  ýagdaý), olardan soň ikinji ýer grek erkeklerine (4,2 ýagdaý) berildi.

Jynsy gatnaşyklarda  dürli geçiriş  ýagdaýlary (pozalar) ulanmagyň köpdürlüligi babatda wenger erkekleri  has ugurtapyjy bolsa (8,27 sany), olardan soňky orny argentinaly erkekler (5,76 sany) eýelediler.

Aýaly jynsy lezzetliligi (orgazm) alma ýagdaýyna çenli ýetirmekde seksual kuwwatlylygy dyňzap duran italýan erkekleri (60%) öňe çyksa, iňlis erkekleriň jynsy gatnaşyklardan öňki  (17,44 min) geçirilýän taýynlyga has köp üns berýändigi tassyklandy.

Nemes erkekleri bolsa olara ýöňkelýän seksual häsiýetnamalara garamazdan, bu babatda juda asylly bolup çykdylar.