Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Psihologik zorluk adama göze görünýän şikes ýa-da ýara salmaýar, emma adamyň erkini elinden bermegine we özüne bolan ynamy peselip, içinden yza çekmegine alyp barýar.
Psihologik zorluk emosional ýa-da psihologik taýdan basyş etmegi, gorkuzmagy, manipulýasiýany öz içine alyp, pidada gysga we/ýa-da uzak möhletleýin psihologik trawma galdyrýar.
Palliatiw kömek agyr kesele duçar bolan pasiýentleriň we olaryň maşgalalarynyň ýüküni ýeňledip, durmuş hilini gowulandyrýar.
Palliatiw kömek kimlere gerek?
Durmuşynyň hiline täsir edýän ýa-da juda ynjalyksyzlyga salýan agyr keselden ejir çekýän islendik adam palliatiw kömekden peýda tapyp biler. Köplenç palliatiw kömege mätäç adamlaryň hroniki keseli bolýar: ýürek-damar keselleri, rak keselleri, hroniki dem-alyş ýollarynyň keselleri, AIDS we süýji keseli. Başga-da ençeme keseller palliatiw kömegi talap edip bilýärler, meselem, böwrek durmasy, demensiýa, dermanlara durnukly inçekesel, ýaýraň skleroz we rewmatoid artiti.
Iýmit zäherlenmesi haçanda adam mikroblar ýa-da beýleki zyýanly bakteriýalar bilen zäherlenen iýmit ýa-da içgi kabul edende döreýän keseldir. Alamatlary köplenç zäherlenen iýmiti iýeniňden birnäçe sagadyň ýa-da birnäçe günüň içinde ýüze çykýar. Esasy alamatlar:
Meniň goňşym, iki çaganyň atasy: "Men hemişe işde bolmaly. Çagalarym aç däl. Ilden kem iýenoklar, ilden kem geýenoklar. Olary zada zar edemok. Olary diňläp, gepleşip oturmaga meniň wagtym hem ýok" diýip, öz atalyk borjunyň dogry ýerine ýetirilýändigini belleýär. Ýöne, şahsyýeti diňe maddy baýlyklar kemala getirmeýär ahyryn.
Çagaň bilen içgin we pozitiw söhbetdeşlik çaganyň bilmeýän soraglaryna jogap tapmaga, özüne bolan ynamyny güýçlendirmäge, öz ýalňyşyny wagtynda anyklamaga, başgalar bilen gatnaşyk açmaga, öz arzuwlaryny amala aşyrmaga kömek edýär. Çaga ene-atasyna imrinmäge, olaryň başdan geçirýän ýaşaýyş kynçylyklaryna gowy düşünmäge, olaryň içki dünýäsine aralaşyp, maşgala gatnaşyklaryny öwrenmäge, olary hormatlamaga mümkinçilik berýär. Ene-atanyň beren maslahaty ýa-da ýerlikli aýdan belligi köp ýyllardan soň hem kompas kimin durmuşda dogry ýoly tapmaga kömek edýär.
Akupunktura (iňňe bilen bejergi) – gadymy bejeriş usuly bolup, onuň netijeliligi häzirkizaman lukmançylygynda hem ykrar edilendir. Akupunktura bedeniň anyk bellenilen nokatlaryna derasty inçejik iňňeleri goýmak arkaly geçirilýär.
Halk lukmançylygynyň uzyn taryhy bar. Halk lukmançylygy – saglygy goramak, fiziki we akyl keselleriniň öňüni almak, anyklamak, gowulaşdyrmak ýa-da bejermek üçin ulanylýan dürli medeniýetleriň ýerli halkynyň teoriýalaryna, ynançlaryna we tejribelerine esaslanýan, düşündirip bolýan ýa-da bolmaýan bilimleriň, başarnyklaryň we tejribeleriň ýygyndysydyr.
Tagtabit (Lat. Cimex lectularius) maýda, ýasy, mugthor (parazitik) möjejik bolup, ukuda ýatan adamlaryň we haýwanlaryň ganlaryny sormak arkaly iýmitlenýär. Tagtabitler gyzylymtyl goňur reňkli, ganatsyz, 1-7 millimetr ululykda bolýarlar we iýmitlenmän birnäçe aý diri galyp bilýärler.
Güýz-gyş aýlary başlanýan möwsümleýin dümew keseli dem alyş agzalarynyň keseliniň ýokarlanmagyna getirýän esasy sebäp bolup, adamlaryň saglygyna zeper ýetirýändir we zähmete bolan ukyplylygyny pesedýändir.
Möwsümleýin dümew-bütin dünýä ýaýran dümew wirusynyň döredýän ýiti ýokanç keselidir. Wirusyň dört görnüşini tapawutlandyrýarlar: A, B, C we D. Dümewiň A we B görnüşi hemişe keseliň möwsümleýin ýaýramalaryna (epidemiýalara) getirýändir.
Suplementleriň keseli bejermek üçin niýetlenen däldigini ýatda saklamalydyr!
Suplementler – bedeniň kadaly ýagdaýyny, syratly durkuny, sagdyn derini gazanmaga kömek edýän goşundylardyr. Başgaça aýdanyňda, hemmämize öňden mälim biologiki işjeň goşundylardyr (rusça – биологически активные добавки).
Öt halta uly bolmadyk içi boşlukly beden agzasy bolup, bagryň içki tarapyndaky çukurjykda ýerleşýändir. Öt haltanyň esasy işiniň biri hem, bagryň işläp çykarýan ödüni goýaldyp saklamakdyr. Bir gije-gündiziň dowamynda adam bedeninde ortaça 500-1200 ml. golaý öt işlenip çykarylýar. Şeýle hem, öt halta ödi umumy öt ýodajygyndan onikibarmak içegä geçirmek işini hem amala aşyrýandyr.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.