Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
2020-nji ýylyň aprel aýynda arzuw.news habarlar gullugy ýurdumyzyň okuwçy sany 300-den geçýän orta mekdeplerinde mugallym-psiholog wezipesini döretmek meselesiniň gozgalandygy barada habar berdi. Bu habar bizi begendirdi we pikirlerimizi we maslahatlarymyzy paýlaşmaga höweslendirdi.
Gurşun himiýa we metallurgiýa senagatlarynda giňden ulanylýan metallaryň biridir. Ondan başga-da, gurşun boýaglarda, şaý-seplerde, çaga oýunjaklarynda, gap-gaçlarda we käbir kosmetik serişdelerde hem duş gelýär.
Okyjalarymyzyň köp böleginiň ýaşlardygy sebäpli, bu ýyl Bütindünýä Ýaşlar gününde ýaşlaryň işsizligi we ruhy saglygy meselesini gozgamagy makul bildik.
Ruhy saglyk – bu adama öz potensiýalyny görkezmäge, stresi ýeňip geçmäge, öndürijilikli zähmet çekmäge we jemgyýete peýdaly goşant goşmaga mümkinçilik berýän ruhy we sosial abadançylyk ýagdaýydyr. Adamyň durmuşynyň ähli bölegi onuň ruhy saglygyna täsir edip bilýär.
Howa hapalaýjy bölejikler demgysma we allergiýadan başga, onkologik kesellere-de eltip bilýär.
Hapa howanyň öýken ragy bilen bagly bolmagy geň zat däldir. Biz hapa howadan dem alanymyzda gaty bölejikleri içimize sorýarys we olar organlarymyza ornaşyp, onkologik keselleriň emele gelmegine getirýär. Soňky barlaglar howanyň hapalanmagynyň bagyr ragynda, süýt we aşgazanasty mäzleriniň ragynda ölüm howpuny hem artdyrýandygyny görkezýär.
Gen üýtgetmek (iňlisçe: gene editing) – bu tehnologiýa arkaly organizmiň DNK-syny üýtgetmekdir. Munuň üsti bilen genomyň islendik ýerine genetik material goşup, aýryp ýa-da özgerdip bolýar.
Bu maglumat Ekonomist (the Economist) žurnalynda Metan Awçulary (the Methane Hunters) ady bilen 2020-nji ýylyň fewral aýynda çap edildi. Kler atly emeli hemra 2019-njy ýylyň ýanwarynda günbatar Türkmenistanda läbik wulkanlaryň emissiýasynyň gözlegine çykýar. Gözlegiň dowamynda Kler töwerege ýaýrap barýan metan gazynyň ullakan dumanyna duşýar. 15 kg göwrümli Kler hemrasy 2016-njy ýylyň iýunynda kömürturşy we metan gazlarynyň emissiýalaryny ölçemek üçin äleme uçuryldy. Kler islendik senagat önümçilik zawodyndan syzýan gazlary we suwuklyklary anyklap bilýär.
Sen çilimi taşlap gördüňmi ýa-da taşlan tanaýarsyňmy? Şahsy hekaýaňy paýlaş!
Temmäkiniň howplaryndan habarly çilimkeşleriň köpüsi bu endigi taşlamak isleýär. Konsultasiýanyň we dermanlaryň kömegi bilen, ulanyjylar temmäkini iki esse üstünlikli taşlap bilýärler. Emma welin, häzirki wagtda dünýäde diňe 23 döwlet ilatyna doly ýa-da ýarpy tölegine kömek edýän, hemmetaraplaýyn "temmäkiden el üzme" hyzmatyny üpjün edýär. Bu ýurtlarda dünýäniň ilatynyň diňe 32% ýaşaýar.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy dünýäde ýarym milliard adamda jyns agzalarynyň uçugynyň (gerpes ýokançlygy) bardygyny habar berdi. Täze çaklamalar birnäçe million adamyň agyz uçugy infeksiýasyndan ejir çekýändigini görkezýär. Bu habarlar adamlaryň uçuk baradaky bilimini artdyrmagyň we uçugyň öňüni alyş we bejeriş çärelerini ösdürmegiň zerurdygyny ýatladýar.
2016-njy ýylda dünýäde 15-49 ýaş aralygyndaky adamlaryň 13% töweregi 2-nji görnüşli ýönekeý gerpes wirusy infeksiýasyny (HSV-2) göterýär eken. Bu barada 2016-njy ýyldan soňra maglumat berilmeýär. HSV-2 jynsy gatnaşyk arkaly ýokuşýar we jyns agzalarynyň uçugyna sebäp bolýar. Bu infeksiýa gaýtalanyp bilýär. HSV-2 ýokuşan adamlaryň üçden birinde jyns agzalarynyň agyryly ýaralary döreýär.
Waksinasiýa – çagalary infeksion kesellerden goramagyň iň zerur we howpsuz çäreleriniň biridir. Öňüni alyş sanjymlary (immunizasiýa, waksinasiýa) – emeli ýol bilen bedene kesellere garşy göreşmek ukybyny berýär. Onuň üçin kesel dörediji bakteriýalaryň we wiruslaryň howply bolmadyk bir bölegi ulanylýar. Waksinasiýa dünýäde çaga ölümini azaltmakda uly rol oýnaýar.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.