YSSY HOWADA ÖZÜŇI NÄHILI ALYP BARMALY: ÖZÜŇI GOWY DÜÝMAGYŇ DÜZGÜNLERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.78 (18 Ses)

Biziň her birimiz tomus paslynyň ýetip gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Çagalar tomusky dynç alyş rugsadynda, size hem öňde zähmet rugsadyny alyp, dynç alma şatlygy garaşýar. Biziň köpümiz tomsy syýahatlara gitme bilen geçirmegi meýilleşdirsek, köpümiz güneşli tomsy öýümizde geçirmegi hyýallaşdyrýarys. Ýöne biziň yssy klimatymyzda, nädip saglyga zyýan ýetirmezden güneşli günlerden lezzet alyp, tomsuň jöwzasyndan goranmak mümkinkä?

Yssy we dymyk howada hemmeler üçin peýdaly bolup biljek birnäçe ýönekeý düzgünleri berjaý etmek peýdalydyr. Gartaşan, artykmaç beden agramly adamlara we ýürek-damar ulgamynyň kesellerinden ejir çekýän adamlara bolsa olary berjaý etme has hem möhüm bolup durýandyr.

Açyk reňkli we ykjam eşikleri geýiň

Yssy howada adaty geýýän ölçegli eşikleriňizden giňräk, ýeňil, açyk reňkli egin-eşikleri geýmäge çalşyň. Eşikler pagtadan ýa-da başga tebigy süýümlerden taýynlanan matalardan tikilen bolmalydyr. Yssy howada biziň tenimiz ýuka matadan tikilen eşik bilen goragly bolmalydyr. Arab Emirlikleriniň ýaşaýjylarynyň geýnişine syn ediň-eşik biziň bedenimizi mümkin boldugyndan, tutuşlaýyn örtmelidir. Aýakgabyňyz bolsa ykjam, ýeňil we howa geçirýän bolmalydyr. Eger siz günüň aşagynda uzak bolmagy meýilleşdirýän bolsaňyz, günden goraýan äýnegi, kelläni goramak üçin niýetlenen serişdäni (kepka, şlýapa, panama, ýaglyk we baş), saýawany ulanmagy ýatdan çykarmaň.

Lukmanlar tomus aýlary ýüzük, boýna dakylýan halkalar we bilezikler ýaly şaý-sepleri dakmazlygy maslahat berýärler – olar hem güne gyzyp, bedeniň ýylylyk çalşygyny erbetleşdirýärler.

Her bir oňaýly ýagdaý dörände aýakýalaňaç gezmäge çalşyň. Elbetde, gyzgyn asfaltyň üstünde däl-de, otuň üstünde. Dabanda içki agzalaryň işine täsir edýän nokatlar ýerleşip, olaryň gyjyndyrylmagy ol agzalaryň kadaly işine oňaýly täsir edýändir. Otuň üstünde köwüşsiz ýöreme gan aýlanşygyny kadalaşdyrýandyr, bedeniň göreşijilik güýjüni taplandyrýandyr.

Ýeňillik çeşmesi

Tomus günleri eger siz artykmaç agramly bolmasaňyz hem, tomusky berhize eýerseňiz peýdaly bolar. Esasy düzgün – aşa köp iýmezlik we "agyr" önümlere ýykgyn etmezlikdir. Ösümlik önümlerini iýiň, eti guş eti ýa-da balyk bilen çalşyň.

Yssy howada öz iýmitiňize ösümlik süýümlerine we witamin E baý çig gök önümleri goşmaga çalşyň. Olar ýaly önümlere kösükliler, ýaşyl sogan, zeýtun ýagy degişlidir. Mümkinçilige görä, teşneligi döredip biljek duzly, ýiti, kakadylan önümlerden saklanyň.

Irdenki iýmitiňize beloga baý önümleri goşmaga çalşyň, çünki olar tutus gün üçin işjeňlik çeşmesi bolup hyzmat edýär. Agşamara uglewodlara (gök ömümler, ir-iýmişler) baý önümleri kabul ediň. Olar nerw ulgamyny rahatlandyryjy serotoniniň işlenilip çykmagyna ýardam berýärler. Iýmiti günde 4-5 gezek, uly bolmadyk mukdarda, şol bir wagtyň özünde kabul etmäge çalşyň.

Tomus ýaramaýan önümler

Tomsuň yssy günleri köçede, jemgyýetçilik iýmitleniş nokatlarynda satylýan etli somsalardyr, gamburgerleri satyn almajak boluň. Olar içege ýokançlyklarynyň çeşmesi bolup biler. Tomus günleri balyk we et önümleri adatdakysyndan hem uzak bişirilmelidir.

Içege ýokançlyklaryny süýt, süýt önümleri, krem goşulan we etli konditer önümleri hem ýaýradyp bilerler. Şonuň ýaly-da, deňiz önümleri bolan balyklary, işbili, kalmarlary hem seresaplylyk bilen iýmelidir. Yssy günleri beden üçin gök önümlerden taýynlanan işdäaçarlar has hem peýdalydyr. Ýöne hyýardyr, pomidorlar, bolgar burçy hem ýyly suwda gowy ýuwulmalydyr.

Tomus aýlary nahary iýjegiňizden artyk taýynlamaň. Önümleriň ýaramlylyk möhleti howanyň ýokary temperaturasyna däl-de, saklanşyň kadaly şertlerine niýetlenendir.

Suw – ýaşaýşyň gözbaşy!

Bize belli bolan bu jümle tomus günleri has hem aýratyn manysa eýe bolýar. Tomsuň yssy günleri 2-2,5 litra çenli suw kabul edilmelidir. Suwuk önümler – çorbalar, çaý, miwe şireleri hem bu mukdara girýändir. Wagtynyň köpüsini köçede geçirýän adamlara bolsa bir sagatda bir stakandan az bolmadyk suwuň mukdaryny kabul etme maslahat berilýändir. Bedeniň suwsuzlanmagynyň bir sebäbi – der bilen natriý duzunyň çykarylmagydyr. Bedeniň suw we mineral çalşygyny dikeltmek üçin mineral suwlaryny içmek peýdalydyr.

Kofeiniň suwuklygyň ýitirilmegine getirýändigi sebäpli, salkyn günlere çenli kofe, kola içgisini we gara çaýy aşa içmekden saklanyň. Ondan başga-da, bu içgiler yssy howada ýylylyk çalşygyny üpjün edip, agramly işleýän ýürek-damar ulgamyny hem has çalt tijendirýärler.

Hiliniň ýokarylygyna gözüňiz ýetýän, täze, çüýşelere gaplanan suwy içmäge çalşyň. Gyrantdan akýan, şol sanda filtrden geçen suwy hem gaýnatmaga unutmaň.

Mümkinçilik bolsa, günde azyndan iki gezek salkyn suwly duşdan peýdalanyň. Juda yssy günler, wagtal-wagtal ýüzüňizi salkyn suwa ýuwup, elleriňizi tirsegiňize çenli suwuň aşagyna salmaga çalşyň.

Tomus we sowuklama keselleri

Geň bolup görünse-de, hut yssy günleri dem alyş ýollarynyň sowuklama keselleri bilen kesellemä örän ýeňil sezewar bolup bolýar. Olaryň sebäbi kondisionerler hem bolup bilerler. Şonuň üçin hem, olary öý bilen daşaryň temperaturasyndan 100-dan köp aratapawut etmeýän temperatura bilen işletme maslahat berilýär. Awtomobil ulagynda işleýän kondisioner 23-240 düzgünde sowatmalydyr. Eger maşynda +190, köçede bolsa +450 bolsa, bu – bar bolan dowamly bronhitiň beterlemegi ýa-da öýken sowuklamasynyň döremegi üçin oňaýly şert bolup biler.

Juda sowuk suwa düşüp, buz bölejikleri atylan içgileri we köp mukdarda doňdurmany kabul etmejek boluň. Bolmasa, basyk (angina) keseli bilen kesellejegiňiz ikiuçsyzdyr.

Jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmagyňyzy azaldyň. Salondaky petiş howanyň baş aýlanma getirip bilme howpundan başga-da, sizin dürli ýokançlyklary alma mümkinçiligiňiz artýandyr. Şeýle şertlerde zyýanly ýokançlyklar uzak saklanyp, aňsatlyk bilen ýaýraýandyrlar.

Alkogol içgileri içmegi çäklendiriň

Yssy günleri alkogol içgileri näçe az içdigiňizçe, şonça hem beden üçin peýdaly bolup durýandyr. Alkogol bedeniň suwsuzlanmagyna getirip, ýürek-damar ulgamynyň işine agramlylyk salyp biler. Eger siz bardy-geldi alkogol içgileri içmek isleseňiz, onda hakyky, dogry taýynlanan çakyrlary içiň. Beden üçin zyýansyz alkogolyň mukdary höküminde, 200ml. çakyr ýa-da 30-40ml. arak hasaplanýar.

Günüň has ýiti wagty daşyna çykmaň

Sagat 12.00-dan 17.00 aralygy köçä çykmajak boluň. Iň gowusy, bu "ýaramaz" sagatlary öýde ýa-da işde geçirjek boluň.

Näsag adamlara maslahat

Esasan hem gartaşan adamlar, çagalar, ýokary gan basyşdan, ýürek-damar ulgamynyň kesellerinden ejir çekýän näsaglar, yssyda özlerini has hem oňaýsyz duýýarlar. Şeýle näsaglar yssy howanyň gan basyşyň peselmegine getirip bilýändigi sebäpli, kabul edýän dermanlarynyň mukdaryny peseltmek babatda lukmanlarynyň maslahatyny almalydyrlar. Şeýle-de, ganyň lagtalanmasyna täsir edýän derman serişdeleri dogry kabul edilmelidir. Bedeniň suwsuzlanmagynyň ganyň lagtalanmagyny ýokarlandyryp bilýändigi sebäpli, suwuklygy ýeterlik mukdarda we gany suwuklandyrýan serişdeleri dogry kabul etmek möhümdir.

Yssy howada käbir dermanlaryň täsiriniň üýtgeýändigini hem bellemelidir. Şonuň üçin hem, antibiotikler, gormon serişdeleri, sulfanilamid we himiýa serişdeleri bilen bejergi alýan näsaglaryň güne çykmazlygy möhüm şert bolup durýandyr.

Eger sizde, günüň urmasyny häsiýetlendirýän kellagyry, ýürek bulanma, gaýtarma, beden gyzgynlygynyň ýokarlanmagy, ýürek urmanyň ýygylaşmagy, tutgaýly alamatlar ýüze çykan bolsa:

► Kölegä geçip, teşneligiňizi gandyrýançaňyz suw içiň;

► Gan aýlanşygy ýokary bolan ýerlere – boýun, gasyklar, goltuklara sowuk zatlary (sowuk suwly çüýşe, buz, sowuk suwa öllenen ýaglyk) goýuň;

► Mümkin bolsa, salkyn suwly duş kabul ediň;

► Eger ýeňillik duýmadyk bolsaňyz, lukmana ýüz tutyň.

Gan basyşynyň ýokarlanmagyndan ejir çekýän näsaglara şeýle ýagdaýlarda kellesini beýik edip ýatyp, walokordin ýa-da korwalol, şeýle-de öz gan başyşyny peseldýän dermanyny kabul etmek maslahat berilýär.

Gan basyşy pes adamlara, umumy beden ýagdaýy üýtgän wagty, bir eliniň uly barmagy bilen beýleki eliniň uly barmagy bilen başam barmagynyň arasyny basma maslahat berilýär. Birnäçe minutdan eller çalşylmalydyr. Mümkinçilik bolsa, süýjüli çaý, limonnigiň, eleuterokokkyň, ženşeniň birnäçe damjasyny kabul ediň.