DERMANLARY ÇAÝ BILEN KABUL ETMÄŇ!

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (10 Ses)

Dermanlaryň kabul edilmeli wagtyny anyk bilmeli.Soňky wagtlarda derman kabul edilenden soň allergiki täsire uçrap, lukmançylyk edaralaryna ýüz tutýan adamlaryň sany barha köpelýär. Adamlaryň köpüsi lukmanlara ýüz tutman, özlerini özleri bejermäge synanyşýar. Olar köplenç haýsydyr bir derman serişdesiniň reklamasyny görüp, dermanhana ylgaýarlar-da, şol dermany satyn alýarlar. Olar bu dermanyň özlerine ýarap-ýaramaýandygy bilen düýbünden gyzyklanmaýarlar.

Biz derman serişdelerini dogry kabul etmek babatdaky käbir maglumatlary siziň dykgatyňyza hödürlemekçi.

Birinji we iň esasy kada: dermany satyn almazdan öň hökman lukman bilen maslahatlaşyň. Haýsydyr bir derman serişdelerini hünärmen lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak ulanmak örän howpludyr. Bu allergiki täsirleriň bolmagyna, käwagtlar bolsa, zäherlenmä uçradyp biler.

Dermanlaryň keseli bejermän, organizmiň goranyş güýjüne bu keseli ýeňmäge kömek berýändigi hemişe ýadyňyzda bolsun.  Haýsydyr bir organizmiň dermany kabul edişi ony kabul edýän adamyň ýaşyna, saglyk ýagdaýyna we hatda dermanyň kabul edilýän wagtyna bagly bolýar. Belli bir dermany satyn almazdan öň, bu babatda lukman bilen maslahatlaşyň.  Şu wagt başga dermanlary kabul edýän bolsaňyz, olar barada lukmana habar beriň. Bu dermanlaryň size nähili täsir edýändigini jikme-jik gürrüň beriň.

Derman serişdeleri ulananylanda ýüze çykýan erbet täsirlere uçramaz ýaly, şu aşakdaky talaplary berjaý ediň:

Derman serişdesiniň ýanyna beklenen annotasiýany (düşündiriş hatyny) ünsli okaň. Annotasiýada berlen görkezmelere we lukmanyň beren maslahatlaryna doly eýeriň.

Dermanlary diňe suw bilen içiň. Şireli suwlary, çaýy, gazlandyrylan içgileri, aýratyn hem spirtli içgileri ulanmak düýbünden nädogry. Mysal üçin, derman çaý bilen içilende, ol eremeýän birleşmeleri emele getirýär-de, çöküp galýar. Şireli suwlar bolsa käbir dermanlary zähere öwrüp bilýärler. Bu spirtli içgiler babatda hem şeýledir.

Dermany kabul etmegiň wagty lukmanyň maslahatyna baglydyr. Ýöne şuny bilip goýuň: nahardan öň içilmeli diýlip bellenilen derman nahardan 30-40 minut öň kabul edilmeledir. Muňa iýmit siňdirişi gowulandyrmak üçin bellenilen dermanlar degişli däldir. Bu dermanlary naharyň dowamynda kabul etmelidir.

Nahardan soň kabul etmeli diýlip bellenilen dermanlary bolsa nahar iýip bolanyňyzdan iki sagat soň kabul etmelidir.

Uky dermanlar ýatylmazdan ýarym sagat öň kabul edilmelidir.

Dürli dermanlary şol bir wagtda kabul edilmese gowudyr.

Ýörite görkezmeleriň bolmadyk ýagdaýynda dermanlary bitinligine kabul edilse gowudyr. Olary çeýnejek, owratjak, suwda eretjek bolup azara galmaň. 

Siziň kesel alamatlaryňyz başga bir adamyňky bilen meňzeş bolsa-da, başga birine bellenilen dermanlary kabul etmäň!

Ilki bilen gerekli dermany alandygyňyza göz ýetiriň. Diňe şondan soň dermany kabul ediň.

Suwuk dermanlary kabul etmezden öň çüýşejigi çaýkaň.

Dermanlary çygdan we ýylylykdan goraň. Eger dermany holodilnikde saklamaly bolsa, onuň doňmagyna ýol bermäň.

Dermanyň çykarylan senesine üns beriň. Ol gutynyň ýa-da gabyň daşynda görkezilendir. Eger ulanyş möhleti görkezilmedik bolsa, dermany alanyňyza-da bir ýyldan köp wagt geçen bolsa, gowusy bu dermany zyňyň.

Dermanlardan zäherlenilen ýagdaýlarda edilmeli ilkinji kömek.

Derrew Tiz kömegi çagyryň. Syrkawy ýeke goýmaň.

Eger syrkaw özünden gidip, ýürek urgusy duýulmaýan bolsa, oňa emeli dem berip, tizden-tiz ýüregiň daşky owkalamasyna başlaň.

Tiz kömek ýetip gelýänçä, syrkawyň ýürek-öýken reanimasiýasyny dowam etdiriň.

Syrkawy ögedip, gaýtartjak bolmaň.

Eger syrkawyň özi gaýtarsa, onuň agzyny gusukdan arassalaň-da, emeli dem berşi dowam etdiriň.

Zäherlenmä sebäp bolan dermanyň gutusyny reanimasiýa bölümine beriň.

 

Dermanlary nähili kabul etmeli

Organizmiň gerdejikleri ýa-da  suwuk dermanlary has oňat özleşdirmegi üçin, olary dogry kabul etmelidir. Dermanyň kabul edilýän wagty — nahardan öň ýa-da soň — örän wajypdyr. Sebäbi iýmitiň düzümindäki käbir maddalar dermanyň oňat özleşdirilmegine ýardam berse, käbirleri, tersine, muňa zyýan berýär.

Biziň kabul edýän dermanlarymyz aşgazandan geçip, inçe içegä barmaly. Şol ýerde-de derman biziň ganymyza geçmeli. Derman serişdeleri nahar bilen ýa-da nahar iýlen badyna kabul edilse, aşgazanyň işläp çykarýan duz ergini dermanlaryň güýjüni gaçyrýar. Mysal üçin, duz erginleri ösümlikden ýasalan dermanlara erbet täsir edýär. Aşgazanasty mäziň şiresiniň fermentleri lewomitisini bütinleý dargadyp, onuň güýjüni gaçyrýar.

Şeýle-de dermanlaryň özleşdirilişini haýalladaýan iýmitler bardyr. Mysal üçin, süýt önümleri, düzüminde fitin bolan azyklar (bugdaý çöregi, hoz) we kofe, çaý  ýaly içgiler demir derman serişdeleriň (ferrokal, ferroplesk we başg.) özleşdirilişini çäklendirýär. Şonuň üçin-de olary bile kabul etmeli däldir.

Düzüminde belok we foliý turşusy bolan azyklar (bagyr, ýumurtga, et) sulfanilamidleriň (sulfalen, biseptol, etazol we başg) özleşdirilmegine päsgel berýär.  

Ýagly naharlar hem dermanlaryň özleşdirilişini haýalladýar. Şonuň üçin-de, böwrek keseli bolan adam digoksin bilen ýagly iýmiti kabul edýän bolsa, dermanyň mukdaryny köpeltmeli bolýar. Uglewodlar bolsa, tersine, dermanyň özleşdirilişini tizlendirýär.

Buşukdyrjy derman serişdeleri organizmden kalini ýuwup çykarýar. Şonuň üçin-de, olaryň kabul edilen ýagdaýynda düzüminde kaliý bolan azyklary (noýba, ýer almasy, arahis) iýmeli.

Galkan görnüşli mäzi bejerýän dermanlar kabul edilende kelemiň ähli görnüşlerinden saklanmalydyr, sebäbi olar dermanlaryň dikelden deňagramlylygyny bozýarlar.

Eger siz gan basyşyny peseldýän dermanlary kabul edýän bolsaňyz, onda düzüminde natriý (nahar duzy) we kaliý (peýnir, tworog, noýba) bolan azyklary azrak iýmeli.

Bromly dermanlar kabul edilende duzly naharlary iýmejek bolmaly. Sebäbi olar bromyň rahatlandyryjy täsirini gowşadýar.

Käbir dermanlar nahar bilen birleşip, eremeýän maddalary emele getirýärler. Şonuň üçin-de iýlen nahar haýal siňdirilip, aşgazandan uzak saklanýar-da, derman içegä kabul edilenden 4-5 sagat soň ýetýär we öz şypa beriji güýjüni ýitirýär. Şular ýaly dermanlara papawerin, krasawkanyň alkaloidi, noşpa dagylar degişlidir. Şonuň üçin-de, şu dermanlary ajöze (nahardan 3-4 sagat soň ýa-da nahardan 30-60 minut öň) kabul edilmelidir.

Käbir gerdejikler duz ergininiň täsirinden goraýan örtükde çykarylýar. Bu dermanlar ajöze kabul edilende 10-15 minutdan içegä düşüp, gana siňip başlaýar. Eger dermanyň ýörite örtügi bolmasa, onuň ajöze kabul edilen ýagdaýynda dermany owradyp, suw bilen içmeli.

Antibiotikleri (eritromisin, oleandomisin we başg.) ajöze kabul etmelidir. Eger dermanyň düşündiriş hatynda ony kabul edilmeli wagty barada aýdylmaýan bolsa, ony ajöze kabul etmek maslahat berilýär.

Emma nahardan soň ýa-da naharyň dowamynda kabul edilmeli dermanlar hem bardyr. Olar turşulygyň we naharyň täsirlerine durnukly bolýar. Bulara A, E witaminleri, poliwitaminleri, lipoýewaýa kislotalar degişlidir. Nahardan soň ýa-da nahar iýlen badyna güýçli dermanlary, mysal üçin gan basyşy peseldýän dermanlary kabul etmek maslahat berilmeýär.