GÜNEŞLEME WE DERI ŞIKESLENMELERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (11 Ses)

Tomus möwsümi ajaýyp möwsümleriň biridir. Köp adamlar, aýratyn-da mekdep okuwçylary  bu möwsüme sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar, sebäbi okuw ýyly tamamlanýar, süýji ir-iýmişler, gök önümler bol bolýar, howuzlarda suwa düşüp bolýar. Tomsuna diňe çagalar däl, eýsem ulular hem howuzlarda, deňizde, derýalarda suwa düşüp, güneşlemegi halaýarlar. Emma siz tomsuň bereketli güneşiniň astynda çendenaşa köp güneşlemegiň gün ýanyklaryna, hatda deri kesellerine sezewar edýändigini bilýäňizmi? Dogry, günüň ultramelewşe şöhleleri peýdaly, olar adamyň bedenindäki alyş-çalyş işleriniň amala aşmagyna ýardam berýär, deride gan aýlanyşygyny gowulandyrýar. Ýöne günüň şeýle peýdaly täsiri üçin bary-ýogy 15 minut ýeterlikdir.

Tomsuna suwuň ýakasynda ýa-da salkyn ýerlerde güneşlemegi halaýanlar nämeleri bilmeli?

Günüň aşagynda uzak wagt bolnanda, deride ýanyklaryň döremegi ahmal. Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin, ýörite kremlerden peýdalanmaly. Ýene-de üns berilmeli zat —  käbir derman serişdeleriniň düzüminde adamyň derisiniň güneşe bolan duýgurlygyny ýokarlandyrýan maddalar bolýar. Şeýle dermanlary kabul edýän adamlar güneşlemekden saklanmalydyr, sebäbi deride tegmilleriň peýda bolmagy ahmal. Ýöne häzirki döwürde öndürilýän kremler adamyň derisini günüň ultramelewşe şöhlelerinden goramaga ukyplydyr. Eger siz şolar ýaly ýörite kremleri satyn alyp bilmeýän bolsaňyz, onda öý serişdelerinden peýdalansa-da bolýar. Mysal üçin, eger deriňiz gurak bolsa, güneşlemezden ozal oňa zeýtun ýagyny çalyň. Eger deriňiz ýagly bolsa, oňa goýy demlenen gök çaýy (mylaýym haldaky) çalyň-da, çaý bugaryp guraýança garaşyň. 

Emma gün ýanygyna uçranlar näme etmeli?

Gün ýanygyna uçran adam bu babatda tizden-tiz degişli çäreleri görmelidir. Eger deri ýagly bolsa, oňa gatyk çalmaly. Eger deri gurak bolsa, oňa gaýmak çalmaly-da, 20-30 minut goýmaly. Soňra gatygy (ýa-da gaýmagy) suwuk demlenen gök çaýa ezilen pamyk bölegi bilen süpüräýmeli. Ýanan derä ýapgy ediljek gatyk (gaýmak) sowuk bolmaly däldir. Gatykdan (gaýmakdan ) edilen  ýapgylar gyjyndyrylan derini rahatlandyryp, gijemesini köşeşdirýär. Süýt önümleriniň düzümindäki beloklar deride gorag gatlagyny emele getirip, deriň düzümindäki suwuklygyň bugarmagyna böwet bolýar. Bu bolsa enzimleriň, ýagny derini dikeldýän maddalaryň işiniň kadalaýyk bolmagyna ýardam berýär.

Eger gün ýanygy uly bolmasa, oňa çopantelpegiň, atgulagyň demlemeleri kömek edip biler. Munuň üçin owradylan derman otunyň 4 n.ç.-ni 30 ml gaýnag suwa demläp, iki sagat demine goýmaly. Soňra bu demlemäni hasanyň bölegine siňdirip, ýanan derä 15-20 min. goýmaly.

Gün ýanyklarynda süle ýarmasy hem oňat kömek edýändir. Munuň üçin süle ýarmasyny owradyp, ony gaýnag suwa ezmeli. Soňra onuň suwuny ýanan derä çalmaly-da, biraz wagtdan sowuk suw bilen durlaýmaly. Deri gurap ýetişmänkä, oňa nemlendiriji krem çalmaly.  

Günüň ultramelewşe şöhleleri diňe derini däl, eýsem deriniň aşagyndaky dokumalara hem zeper ýetirip bilýärler. Sebäbi bu şöhleler erkin radikallary(howply çiş kesellerine getirýän öýjükleri)döredýärler. Şonuň üçin-de güneşlemegi halaýanlar bu radikallaryň döremeginiň öňüni almak üçin antioksidantlary kabul etmelidirler. Gök çaý we naryň suwy iň oňat antioksidantlardyr. Olaryň sowuklama garşy täsirleri hem bardyr. Antioksidantlaryň ýeterlik mukdary ter gök önümlerinde we ir-iýmişlerde bolýar. Şonuň üçin-de, ter gök önümlerini we ir-iýmişleri günde 3 wagtyna iýjek bolmaly.

Gün ýanygyna sezewar bolan derä ilkinji günler aloe ösümliginiň şiresini ýa-da düzüminde aloe bolan serişdeleri çalmak maslahat berilýär. (Ýöne bu serişdeleriň düzüminde spirt bolmaly däl.) Aloeniň sowuklama garşy täsiri bardyr. Ol derini rahatlandyrýar, nemlendirýär we ýanan ýeri sowadýar. 

Gün ýanygyny, onuň netijesinde döreýän alawlama alamatlaryny aýyrmak üçin şu ýapgylardan peýdalanmak bolar:

Ýöne gün ýanygy güýçli bolsa, lukmana ýüz tutuň! 

Üns beriň!

Ýanan derini sabynlap ýuwmaly däldir. Ýanan derä düzüminde spirt bolan losýonlary we beýleki serişdeleri çalmaly däldir. 

Deri soýlup başlanda, oňa ýörite nemlendiriji losýonlary günde 3 wagtyna çalmaly.

Soýulýan derini özüňiz aýyrjak bolmaň. Şeýle derini ýygy-ýygydan nemlendirip duruň.

Deri soýlup bolýança, düzüminde glikoliý, salisil we beýleki gidroksi turşulyklary bolan serişdelerinden peýdalanmaň. Täze deri juda näzik bolany üçin, bu serişdeleriň zeper ýetiräýmegi ahmal.

Gün ýanyklaryň agyr görnüşinde: deride gabarçaklaryň emele gelen ýagdaýynda, kellagyrylaryň, ysytmanyň ýüze çykan ýagdaýlarynda hökman lukmana ýüz tutuň!

Iň esasy zat — derini gaýtadan gün ýanygyna sezewar etmezlik. Gün ýanygyna uçranyňyzdan soň birnäçe günläp güne çykmajak boluň. Egin-eşikler gün şöhlelerinden goraýandyr öýtmäň: sintetiki matalar gün şöhleleriniň 15%-ni, nah matalar 6%-ni geçirýändir. Öl egin-eşikler bolsa gün şöhleleriniň 20%-ni tene geçirýändir.

Gün şöhleleri adamyň bedeniniň kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar, bedendäki alyş-çalyş işleriniň kadaly geçmegine ýardam berýär, akyl we fiziki işjeňligi artdyrýar. ÝÖNE günüň şöhleleriniň gereginden köp kabul edilmegi saglyk we owadanlyk üçin zyýanlydygyny ýadyňyzda bolsun.