ÝETGINJEKLIK DÖWRÜNIŇ SOSIAL AÝRATYNLYKLARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (11 Ses)

Adam ömrüniň her bir döwrüne özboluşlylyk mahsusdyr: bäbeklik, çagalyk, ýetginjeklik, jahyllyk...  Türkmenlerde aýdylyşy ýaly, her döwür – bir döwürdir. Döwürler bir - birinden tapawutlanýarlar, her bir adam olary başdan geçirýär, her döwürde-de onuň duýgulary, dünýä garaýşy kämilleşýär.

Ýetginjeklik döwrüniň hem özüne mahsus aýratynlyklary bardyr. Bu döwür adamyň çagalykdan kämillige geçýän wagtydyr. Elbetde, ýetginjeklik adam ömrüniň, ýaşaýşynyň iň çylşyrymly döwrüdir, onuň özboluşly aýratynlyklary bardyr.

Çagalyk ýyllary – iň bagtly ýyllar. Çaga ene – atasynyň söýgüsine, gyzykly oýunlara, oýunjaklara diýseň begenýär. Onuň dünýägaraýşy sada we düşnükli bolýar. Çaga ähli zady bolmalysy ýaly, özüçe kabul edýär, ulularyň aýdanlaryna doly uýýar. Gynansak-da, çagalyk hakydamyzda ajaýyp ýatlama görnüşinde galýar. Çaga ulalýar. Ýetginjeklik döwrüne gadam basýar. Onuň daş-töwerekdäki ähli zada garaýşy üýtgeýär. Ýetginjegiň aňy ösýär, ol köp zady ýönekeý kabul etmän, oňa düşünesi, akyl ýetiresi gelýär. Mysal üçin çagany ene – atasy özüçe geýindirýär, oňa özlerine ýaraýan egin – eşikleri, aýkgaplary alyp berýärler. Çaga bu zatlary uly höwes bilen kabul edýär, begenýär. Ýetginjek bolsa bu babatda-da öz isleg arzuwlaryny, pikirlerini öňe sürüp başlaýar. Ene – ata ýetginjek bilen bazarlara, dukanlara aýlanýarlar, öz saýlan zatlaryny hödürleýärler. Ynha hut şonda çaganyň ýetginjeklige ýetenini duýmak bolýar. Sebäbi ulularyň aýdanlary bilen ylalaşmazlyk başlanýar. Ýetginjek öz halan zatlaryny alasy gelýär. Ol diňe özüniňki dogry diýip hasaplaýar. Şeýle ýagdaýlar ýüze çykanda, çagaňyza eglişik ediň. Sähelçe zat üçin ýetginjegiň gaharyny getirmäň. Käte ene – ata öz diýenini edip, çaga ýaramaýan zat alýarlar. Aýdalyň – krossowkalar: gymmat, berk, gelşikli. Emma ýetginjek beýle pikir etmeýär. Ol alnan zady geýmeýär, geýäýse-de islegsiz, ene – atasynyň igenjine çydaman geýýär. Şonuň üçin öz halan zadyňyzy däl-de, çagaňyzyň halan zadyny alyň. Ýetginjek üçin bu örän wajypdyr.

Ýetginjekleriň daş-töweregindäkiler bilen gatnaşyklarynda hem üýtgeşmeler bolup geçýär. Ýetginjeklik ýaşyna ýetenlere diňe maşgala däl-de, eýsem deň-duşlary hem öz täsirini ýetirýärler. Ýetginjegiň esasy islegi – ulularyň, ene-atanyň, mugallymlaryň talaplaryny berjaý etmän, öz diýenini etmekdir. Ol öz pikiri, edýän hereketlerini töweregindäki ulularyňkydan has dogry hasaplaýar. Şeýle bolsa-da, ýetginjek özüni maşgalasyz göz öňüne getiresi gelmeýär. Maşgalada berilýän terbiýäniň ähmiýeti örän uludyr. Ol ýyllaryň dowamynda toplanýandyr.

Ýetginjek ululara garşylykly hereketleri edýän ýaly bolsa-da, olaryň goldawyna mätäçdir. Uly adamlar öz gezeginde ýetginjek bilen dostlukly gatnaşykda bolmaly. Bu örän paýhaslydyr.

Maşgalada ýetginjekden edilýän talaplar hökman delillendirilmeli, olaryň ähmiýeti düşündirilmeli. Ene-ata bir aýdanyny köp gaýtalasa, sebäpsiz talaplary öňe sürse, ýetginjek gaýtawul berme bilen bolýar, öz diýenini edýär. Ýetginjegiň özüni alyp barşynyň üýtgäp durmagy töwerekdäkiler bilen gatnaşygyna täsir edýär. Şonuň bilen baglanşykly hem ýetginjekleriň ulularyň aýdýanlaryna garaýyşlary hem dürli-dürli bolýar. Deň-duşlaryň arasynda ýetginjek özüni has oňaýly duýýar, olar bilen ähli zatlar barada gürleşip bilýär. Bu ýagdaý ony şeýle bir özüne çekýär – okuw, öý işleri düýbünden ýatdan çykýar. Deň – duşlaryň arasyndaky üstünlikler ähli zatdan ýokary tutulýar. Ýetginjeklik döwründe wepalylyk, dogruçyllyk, sahylyk ýaly düşünjeler has ýiti duýulýar. Biwepalylyk, ýalan, gysgançlyk ýazgarylýar.

Ýetginjek deň-duşlarynyň arasynda öz ähmiýetligini subut edesi gelýär. Şonuň üçin-de, ol deň-duşlaryň öňünde gowy görünjek bolup, olaryň "talaplaryny" berjaý edýär. Ýetginjekleriň şeýle toparlarynda "biz" diýen duýgy-düşünje emele gelýär. Bu bolsa ýetginjegiň özüne bolan ynamyny artdyrýar, onuň içki dünýägaraýşyny berkidýär. Ýetginjek deň- duşlary bilen ýygy-ýygydan duşuşasy gelýär. Käbir ene – ata muňa başdan sowma garaýarlar. Çaga näçe sagatlap öýe ýygnanmasa-da, darykmaýarlar, alada etmeýärler. Elbetde, bu nädogry. Ýetginjegiň kimler bilen nirä gideninden hökman habarly bolmaly. Çagalaryň bir-birleri bilen duşuşyklaryna, söhbetdeşliklerine ýardam beriň, öz öýňüze myhmançylyga çagyryň. Ýetginjekleriň ýene-de bir aýratynlyklarynyň biri – özüniň diňlenilmegini halaýar. Ulular hem çagalaryň söhbetdeşligine goşulmagy başarmaly. Mysal üçin, ogluňyz ýa-da gyzyňyz dost – ýarlary, öýňüze gelende, olar bilen çaý içip, erkin ýagdaýda gürrüňdeş boluň. Goý çagalar size öz uly ýoldaşy hökmünde garasyn. Şeýle edilse, ene – ata öz çagasyny "gözegçilikde" saklar, ol barada köp zatlary bilip, goldaw bermegi başarar. 

Ýetginjeklik döwründäki gapma-garşylyklaryň aýratynlyklary

12 ýaşa golaý çaganyň ünsi özünde jemlenýär. Ýetginjegiň öz-özüne pes baha bermegi içki şahsy gapma-garşylyklary döredýär. Onuň özüne bolan ynamy peselýär, güýjüne we mümkinçiliklerine bil baglap bilmeýär. Ýetginjegiň özünden göwni geçýär. Şu zatlar bilen baglanyşykly döreýän gapma-garşylyklar daşyna çykarylanda, ulular muny boýnyýogynlyk diýip kabul edýärler.

Munuň asyl sebäbi bolsa ýetgijegiň: "Maňa düşünüň! Meni eşidiň! Menem adam ahyryn!" diýmek isleýänligindedir.

Emma gynansak-da, ulular 11-12 ýaşly çaga heniz ýetginjekdir diýmeýärler, onuň şahsy nukdaýnazary  bardyr öýtmeýärler. Mysal üçin, mekdepde sapak gidip duran wagtynda, mugallym okuwça sorag berýär. Okuwçy dürli sebäplere görä jogap berip bilmese, mugallym gaharlanyp, çaga käýinip başlaýar. Käte bu käýinmeler çagany agladyp bilýär. Ýetginjegiň boýy pesräk ýa-da ol horrak bolsa, mugallym onuň fiziki kemçilikleri barada aýdyp kemsidýär. Ýetginjek gaýdyp şol sapaga barasy gelermi? Ol özüniň şahsyýet hökmünde kabul edilmegini isleýär ahyry!

Çaga bilen ulularyň arasynda gapma-garşylyklar, düşünişmezlik, öýke-kine ýüze çykmaz ýaly, köp zatlara üns bermeli. Ýetginjeklik döwründe çaganyň gylyk-häsiýetleri agyrrak bolýar. Munuň sebäbi — ol öz-özi, deň-duşlary, ata-enesi bilen täze gatnaşyklary nähili gurjagyny bilmän, içki gapma-garşylyklardan ejir çekýär. Ol indi "çaga" bolasy gelenok, ýöne "uly" bolmagy heniz başaranok. Şoňa görä-de, ol öýkelek, gaharjaň, kesir bolýar. Şeýle ýagdaýlar-da ulular (ene-ata, uly ýoldaşlar, mugallymlar) çaga düşünjek bolmaly. Beýle diýildigi – çagany öz başyna göýbermeli diýildigi däldir.

Ene-ata çagany söhbetdeşlige ymtyldyrmaly. Ýetginjegi biynjalyk edýän meseläni gozgamak üçin, ol mesele babatda  "tötänleýin" gürrüň açmaly, çaga gürrüňe goşulyp, "dil açar" ýaly etmeli. Hiç bir zat aýtmasa-da, çaga gahar etmäň. Ýetginjek siziň aýdýan parasatly gürrüňleriňizden hem az-kem netije çykarar, çözgüt tapar.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, ýetginjekler öz deň-duşlarynyň pikirine, aýdýanlaryna dogry diýip düşünýär. Şeýle ýagdaýlarda ýetginjegiň aga-gara düşünmekliginde ene-atanyň mugallymlaryň, umuman – ulularyň orny uludyr. Çaganyň "ýüregine düşmän", "takal okaman", gowy, gyzykly gürrüňleri etmeli, zyýanly endikleriň (çilimkeşlik, neşekeşlik, arakhorluk we ş.m.) adam saglygyna, ýaşaýyş durmuşyna ýetirýän zyýany barada hem gürrüň bermeli. Ene-ata çagalary bilen köpräk bile bolmaly, olaryň dürli hojalyk işlerine gümra bolmaklaryny, sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmaly. Garaz, ýetginjegiň her bir minutyny gyzykly, peýdaly zatlar bilen doldurmaly. Göz öňüne getiriň: çaga 5-6 sagatlap mekdepde bolýar. Oýe gelip, naharlanyp, türgenleşiklere gidýär (1-2 sagat). Soňra birnäçe wagtyny kompýuter oýunlaryna, we ş.m. zatlara bagyş edýär, öý işlerini edýär. Öýkelemäge, kesirlik etmäge, keçjallyga wagt-da galmaýar! Ulular çaganyň göwnüni tapyp, oňa dürli işleri hem etdirmegi başarmaly. Mysal üçin "Senden başga hiç birimiz şu işi oňarmaýarys    ýa-da kemini goýýarys" diýseňiz, ýetginjek aýdanlaryňyzy berjaý etjek bolup jan eder. Siz onuň işine gowy baha bermeli, ony ruhlandyrmaly.

Ýetginjek söýgi duýgularyny hem başdan geçirýär. Ulular bu meselede örän seresaply bolmaly, oňa saýlamaga mümkinçilik bermeli. Käbir maşgalada ene-gyzyny, ata-ogluny diňe çaga ýaly kabul edýär. Oňa ömürboýy maslahat bermeli diýip düşünýär. Çagaňyzy diňlemegi öwreniň! Diňleseňiz, eşidersiňiz, bilersiňiz, maslahat berersiňiz.

Käte gyz ejesine öz başdan geçirýän duýgulary barada aýdyp başlasa, ejesiniň diňläsi gelmeýär (aýyp hasaplaýar, wagty ýok we ş.m.). Çaga öwrülip gürrüň beresi gelmeýär, öz meseleleri bilen ýeke galýar. Çagaňyzyň siziň bilen syrdaş bolasy gelýänini görseňiz, oňa goldaw beriň, pähim-paýhasly pikirleriňizi aýdyň, durmuşdaky başdan geçirenleriňizi aýdyp beriň. Ýetginjegiň gödek bolmazlygy üçin, özüňiz gödeklik etmäň!

Ýetginjegi deň-duşlaryndan hem daşlaşdyrjak bolmaly däl, dost saýlanmagyň birek-birege düşünişmek arkaly amala aşyrmalydygyny hökman aýtmaly.

Käbir ene-ata çagasynyň ýetginjek döwrüne ýetendigine üns bermeýär. Onuň hereketlerine, bolşuna gaharlanyp, käýinýärler. Ulular bilmese, çaga ýetginjek bolanlygyny nireden, nämeden aňsyn? Ol ulularyň bolşuna has gaharlanýar, öýkeleýär, olardan daşlaşyp başlaýar. Çaga özüne üns berilmegini, özüne düşünilmegini isleýär. Bu zatlary maşgalada tapmasa, başga ýerlerden gözleýär. Bu gözlegler käte gowulyk bilen gutarmaýar!

Çagalaryň arasynda ýetginjeklik döwrüni örän ýeňil geçirýänleri hem bar. Maşgalada özara gatnaşyklar sazlaşykly bolanda, ähli zat ýerbe-ýer bolanda, uly-uly ýaly, kiçi-kiçi ýaly bolanda ýetginjek kynçylyk çekmeýär. Ol asudalyga oňaýly garaýar, gaharlanmaýar. Maşgalada şöýgi, duýgudaşlyk, birek-birege hemaýat etmeklik höküm sürende, çaga ýetginjeklik döwrüni ýeňillik bilen geçirýär.

Ýetginjeklerde bolup geçýän fiziologiki özgertmeler hem çagany biynjalyk edip bilýär. Ýetginjeklerde ýadawlyk, höwessizlik, bolýar. Öýe gelip olaryň ýatyp dynç alasy gelýär. Bu ýagdaýda hem ulularyň akyl ýetirmegi zerur. Muňa ýaltalyk diýip düşünmeli däl, çaga dynç almaga päsgel bermeli däl. Gijeki ukusynyň  9 sagatdan az bolmazlygyny üpjün etmeli, iýmitine üns bermeli.

Mähriban ene-atalar! Durmuşdaky kynçylyklara, ýadawlygyňyza garamazdan, çagany öz mähriňiz, aladaňyz bilen gurşap alyň, oňa düşünjek boluň!