SIZ ÝUWAŞ ÝATYP BILÝÄRMISIŇIZ?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (7 Ses)

Ukuda hor çekýän adamlar adatça öz horruldylaryny duýmaýarlar. Dürli sesleriň utgaşmasy bilen ýüze çykýan horruldy başgalara azar ýamanyny berip, olar gijeki asuda ukydan mahrum bolýarlar.

Gijeki "aýdymlar" kadaly ukyny bozup, gijäniň içinde birnäçe gezek oýanmaga mejbur edýär. Ýanyndaky adamlara päsgel bermezlik maksady bilen adamlar horruldydan dynmaga ymtylýarlar, ýogsam olaryň özlerini ol kän bir biynjalyk etmeýär. Ýöne köplenç horruldy saglykda düýpli üýtgemeleriň bardygyndan habar berip bilýändir.

Hor çekmekden dynmagyň ýollary barada gürrüň etmezden öň, onuň nädip döreýänligi barada aýtmak ýerliklidir.

Horruldynyň sesleri damagyň daralan diwarlarynyň titremesi netijesinde ýüze çykýandyr. Olaryň daralmagy bolsa, ýumşak kentlewügiň we diliň myşsalarynyň çendenaşa gowşaklygy bilen düşündirilýändir.

Käbir adamlarda, ukuda şol myşsalar has hem gowşap, kadaly dem alma bökdençlik döredýärler.

Adamyň ýaşynyň ulalmagy bilen, hor çekmäniň ýüze çykmagy ähtimaldyr. Sebäbi ýaş gitdigiçe, diliň we ýumşak kentlewügiň myşsalary gowşap, öňki ýaly dem alyş ýollaryny açyk ýagdaýda saklap bilmeýärler. Ýöne aýry ýagdaýlarda damagyň dogabitdi darlygy netijesinde hem horruldy döräp biler.

Burun germewiniň gyşarmagy, burnuň içindäki polipler (ýa-da başga çişler), burun kanallarynyň dogabitdi darlygy hem dem almany kynlaşdyryp, horruldynyň döremegine getirip biler.

Ýokarky we aşaky äňiň nädogry ýapylmagy, kiçi diliň uzyn bolmagy hem horruldynyň sebäbi bolup biler.

Horruldy ýatmazdan öň alkogol içgini içen adamlarda hem döräp biler. Mälim bolşy ýaly spirtli içgiler myşsalary gowşatmaga ukyplydyr, bu bolsa ýatan adamynyň dürli horruldyly sesleri emele getirmeginiň sebäbi bolup biler.

Edil şonuň ýaly  ýagdaý juda ýadan adamda hem ýüze çykyp biler, sebäbi ýumşak kentlewügiň we diliň myşsalaryny kadaly dartgynlylykda saklamaga ýadan bedeniň güýji bolmaýar. Şonuň ýaly, horruldylaryň bir gezek döräp, soň ýitip gitmegi adamyny ünjä goýmaly däldir.

Umumy saglyga zyýan ýetirip, horruldynyň sebäbi bolup bilýän ýene bir faktor – semizlikdir. Semizlik netijesinde boýunda emele gelen ýag gatlagy dem alyş ýollaryna basyş döredýändir.

Horlamany bejermegiň usullary saýlap alynmazdan öňünçä, onuň sebäbini anyklamak möhümdir. Eger ol Siziň saglygyňyza zyýan ýetirmeýän we başgalara hem päsgel bermeýän bolsa, belki ony bejermek hem gerek bolmaz.

Horruldynyň sebäplerini anyklamak maksady bilen somnologa (somniýa-uky, logos-öwrenme) ýa-da otorinolaringologa ýüz tutmak gerekdir. Ol lukmanlar gerekli anyklaýyş barlaglary geçirip, degişli bejergini bellemäge kömek edip bilerler.

Hor çekmekden dynmagyň birnäçe usullary bolup, olaryň käbiri halk içinde bellidir: hor çekmeklik yza gidýän dil sebäpli döreýän bolsa, arkan ýatmadan saklanjak boluň. Bütin gijäni meýletin ýagdaýda gapdal ýatyp geçirip bolmajagy bellidir. Onuň üçin şunuň ýaly usuly maslahat berýärler: gije arkasyna tennis topjagazy tikilen pižamany geýmelidir. Öz bedeniňizi türgenleşdirmäge bir aý wagt gerek bolar. Uky wagtynda rahatlyk peselse hem, bu usul derman serişdesiz we hirurgiki usulsyz, hor çekmekden özbaşdak dynmaga kömek edip biler. Ýöne her niçik hem bolsa, gapdal ýatyp uklamak hemişe gowy netijeleri bermeýär. Biz hor çekmeklikden dynman, diňe onuň ýüze çykyş güýjüni azaldyp bileris.

Onuň ýaly ýagdaýda, ýumşak kentlewügiň we diliň myşsalaryny berkidiji maşklary etmek maslahat berilýär:

  1. Diliňizi hereketlendiriň, lukmana sowuklan bokurdagyňyzy görkezeniňizde edişiňiz ýaly, diliňizi öňe çykaryň. Näçe köp öňe çykaryp bilseňiz, şonça gowudyr. Siz diliň düýbündäki myşsalaryňyzyň dartylşyny duýmalysyňyz. Şu maşky 30 gezege çenli gaýtalaň. Edil şunuň ýaly edip, diliňizi yza, damaga tarap hereketlendirmäge çalşyň.
  2. Äňiňiz bilen işläň. Aşaky äňiňizi 30 gezek yza we öňe hereketlendirip, Siz gowşak myşsalaryň berkemegine ýardam berip bilersiňiz.

Soňundan dişiňize bir zat alyp, güýç bilen 5 min. dowamynda saklamaga synanyşyň. Bu maşklardan çalt netijelere garaşmaň. Ýöne Siz olary her gün kadaly ýagdaýda gaýtalasaňyz, käbir netijeleriň bardygyny duýarsyňyz.

Şunuň ýaly usul bilen hor çekmeklikden dynanyňyzdan soň, myşsalary kadaly ýagdaýda saklamak üçin, bu maşklary wagtal-wagtal gaýtalamak ýeterlik bolar.

Hor çekmeklikden dynmak üçin, agza salynýan ýörite enjamlar hem oýlanyp tapyldy. Olaryň biri çagalara beriýän emzigi (soskany) ýada salýandyr. Bu usulyň peýdalylygy, agza salnan del zada diliň degmäge ymtylyp, dartgynlylykda galjakdygyna esaslanandyr.

Ýene bir enjam, gorag üçin boksyorlaryň agza geýýän serişdesine meňzeşdir. Ýöne ondan tapawutlylykda, bu enjam aşaky äňi öňe çykaryp durar ýaly, her kime laýyklykda taýynlanýar.

Şeýle etmek, dem alyş ýollaryny giňeltmäge kömek edýändir. Ýöne bu enjamy taýynlamagyň gymmat düşýänligi sebäpli,ol hemmelere elýeterli däldir.

Agza salynýan enjamlaryň, hor çekmeklik gaýraüzülmesiz, ýeňil görnüşde ýüze çykanda ulanylýanlygyny ýatda saklamalydyr. Burundan dem almanyň kynçylyklary ýüze çykanda, bu enjamlary ulanmak netijesiz bolup biler.

Eger hor çekmeklik burun germewiniň gyşyklygy netijesinde ýüze çyksa, onda lukman ony hirurgiki ýol arkaly düzetmek bilen  aradan aýryp biler. Eger sebäp burun kanalynyň darlygynda bolsa, pružinli ýelmenmeler ulanylýar. Burundan dem alşy gowulandyrmak üçin, burnuň daşky deşigini gaty açyp, şol ýelmenmeleri  ýelmäp goýýarlar.

Hor çekmeklikden wagtlaýyn dynmak üçin ýörite gerdejikleri hem ulanmak bolýandyr. Olar Siz bejergi üçin keselhana ýerleşeniňizde ýa-da  iş sapary bilen başga ýerlere gideniňizde, başgalara Siziň horruldyňyzyň azar bermeginiň öňüni alyp biler.

Göwreli aýallara bu gerdejikleri ulanmak bolýan däldir. Gerdejikleriň täsiri birinji kabul edilen wagtdan bilinse-de, esasy netije birnäçe günden belli bolýandyr.

Lukmanlar hor çekmekligi bejermegiň bu usulyndan hemişe peýdalanmaga maslahat bermeýärler. Bu gerdejikleri bir aýdan kän kabul etmeli däldir. Bejergi tapgyryndan soň bir aý arakesme etmelidir.

Başga usullar kömek etmände, horruldyny bejermegiň hirurgiki usuly ulanylýar. Bu usuluň düýp maksady, kiçi diljagazy kiçeltmekden we yzky kentlewük eginlerini dilmekden ýa-da olary we ýumşak kentlewügi koagulirlemekden ybaratdyr.

Hirurgiki bejerme skalpeliň, ultrasesiň, lazeriň ýa-da radiopyçagyň kömegi bilen amala aşyrylýandyr.

Görşüňiz ýaly, hor çekmeklikden dynmagyň birnäçe usullary bardyr. Ýüze çykan sebäbini we her kim üçin onuň nähili kynçylyk bolup durýanlygyny, diňe lukman bilen maslahatlaşmadan soň anyklap bolar.

Hor çekmekligiň kislorod ýetmezçiligi we ukuda dem alşyň togtamagy ýaly düýpli kynçylyklaryň sebäbi bolup bilýänligini ýatda saklamalydyr.

Horruldy zerarly ýüze çykan kynçylyklary çözmäge diňe hor çekýän adam gatnaşman (ol kän ony duýup hem barmaýar), horruldydan oňaýsyzlyk duýýan  ýakyn adamlary hem gatnaşmalydyr.

Ýöne Siz üçin hor çekmekligiň saglygyň düýpli kynçylyklaryna getirmeýänligine bil baglap, ol ýagdaýdan özbaşdak halas bolup biljekdigiňize ynanýarys.