ÝÜZÄRLIK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (8 Ses)

yuzarlik harmala

Ýüzärlik (latynça: peganum harmala) takyr ýerde ösýän ak güllüje, ysly haşal ösümlik.

Halk lukmançylygynda:

▣  Orta Gündogarda, Merkezi Aziýada we Demirgazyk Afrikada ýaman gözden goranmak üçin ulanylýar.

▣  Ýaşaýyş ýerlerinde ýakymly ys beriji hökmünde tüsseledilýär.

▣  Agyry aýryjy, aýbaşynyň gelmegine we çaganyň düşmegine (abort) kömek ediji serişde hökmünde ulanylýar.

▣  Adamda bolup bilýän parazit gurçuklary ýok etmek üçin ulanylýar.

Ylmy lukmançylykda:

Ýüzärligiň wiruslardan goraýjy güýji barmy?

Itiň böwrek öýgüklerinde geçirilen ylmy barlaglaryň biri ýüzärligiň dümew wirusynyň (influenza A) köpelişini haýallatýandygyny görkezdi. Emma dümewiň we täze koronawirusyň alamatlarynda meňzeşlikler bolsa-da, olaryň döremegine tapawutly wiruslar sebäp bolýarlar. Goşmaça ylmy barlag geçirmezden, biz ýüzärligiň täze koronawirusa nähili täsir edýändigini bilip bilmeýäris.

Howplary:

◉  Ýüzärligi artykmaç möçberde kabul etmek şeýle näsazlyklara eltip bilýär: neýrosensor alamatlar, gallýusinasiýa (göze her hili zatlaryň görünmegi), bradikardiýa (ýüregiň haýal hereketi), gipotaniýa (gan basyşynyň peselmegi), ynjalyksyzlyk, titreme, ataksiýa (bedeniňe erk edip bilmezlik), abort, we gaýtarmak. Şonuň üçin hem bu ösümligi seresaply ulanmaly.

◉  Ýüzärligiň çaganyň düşmegine ýa-da kemli dogmagyna sebäp bolup bilýändigi üçin, ony göwreli zenanlar asla ulanmaly däl.

Surat: Fanck Giazzi