DÜŞÜNDIRIŞ: TEBIGY GAZ WE ADAM SAGLYGY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.38 (8 Ses)

metan CH4Bu maglumat Ekonomist (the Economist) žurnalynda Metan Awçulary (the Methane Hunters) ady bilen 2020-nji ýylyň fewral aýynda çap edildi. Kler atly emeli hemra 2019-njy ýylyň ýanwarynda günbatar Türkmenistanda läbik wulkanlaryň emissiýasynyň gözlegine çykýar. Gözlegiň dowamynda Kler töwerege ýaýrap barýan metan gazynyň ullakan dumanyna duşýar. 15 kg göwrümli Kler hemrasy 2016-njy ýylyň iýunynda kömürturşy we metan gazlarynyň emissiýalaryny ölçemek üçin äleme uçuryldy. Kler islendik senagat önümçilik zawodyndan syzýan gazlary we suwuklyklary anyklap bilýär.

Türkmenistandaky metan syzmasy Körpeje nebit-gaz ýatagynyň ýanyndaky gaz turbasyndan çykýana meňzäpdir. Şeýle-de, şol bir territoriýada ýene 2 sany gaz buludy anyklanylypdyr. Olaryň biri kompressor stansiýasyndan çykýan eken. Emeli hemrany dolandyrýan Kanadaly GHGSat şereketi bu maglumatlary diplomatlaryň üsti bilen Türkmenistan hökümetine ýetirýär. Birnäçe aýdan soňra, gazyň syzmasy duruzylýar.

Näçeräk metan gazy syzyp çykypdyr?

Kleriň beren maglumatlary Türkmenistandaky gaz syzmasynyň uly göwrümlidigini görkezýär. Garward Uniwersitetiniň alymlary hemranyň düşüren suratlaryny we syzmanyň dörän ýeri baradaky belliklerini barlap öwrendiler. Alymlar fewral 2018 we ýanwar 2019 aralygyndaky üç sany syzma sebäpli 142000 tonna metan gazy akandyr diýen netijä geldiler. Bu bolsa Amerikanyň Kaliforniýa ştatynda 2015-nji ýylda hasaba alnan iň aýylganç metan syzmasyndan (97000 tonna) hem has uludyr.

Syzma näme sebäp boldy?

Uly göwrümli metan syzmalaryna anyk nämäniň sebäp bolandygy näbelli. Maglumatlar muňa gaz alawynyň (artykmaç ýa-da galyndy gazyň ýakylmagy) jogapkär däldigini görkezýär. Bu gaz turbasynyň deşilmegi sebäpli döräne hem meňzemeýär. Oňa derek, çüwdürim armaturasynyň ýa-da turba geçiriji liniýanyň näsaz işlemegi ýa-da güýçli basyş astynda galmagy 2019-njy ýylyň 13-nji ýanwarynda görlen uly göwrümli emissiýalary döreden bolmagy ähtimal. 2019-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda bellige alnan emissiýalara bolsa, birnäçe enjamlaryň sebäp bolan bolmagy mümkin.

metan satellite

Metan gazy we klimatyň üýtgemegi

Tebigy gazyň esasy düzümini düzýän metan kömürturşy gazy ýaly atmosfera-da uzak wagtlap saklanmasa-da, onuň gyzgynlygy saklaýşy we tebigata täsiri has güýçli bolýar. Adamlaryň döreden global maýylganlygynyň dörtden bir bölegine metan gazynyň sebäp bolandygy çaklanylýar. Bu metanyň hem 20-30 göterimine nebit-gaz senagaty jogapkär hasaplanylýar. Temperaturanyň ýokarlanmagy we ýagynyň azalmagy sebäpli, gelejekki onýyllyklarda Merkezi Aziýanyň maýlamagyna we guraklaşmagyna garaşylýar.

Suw ýetmezçiligi: Günbatar Türkmenistanda ýygy-ýygydan ýüze çykýan gurakçylyklar pagta önümçiligine ýaramaz täsir edip biler; agyz we ekerançylyk suwuna talaby artdyryp biler; eýýämden bar bolan suw krizisini hem-de adamlaryň döredýän çölleşmesini beterleşdirip biler.

Saglyk meseleleri: Klimatyň üýtgemegi Merkezi Aziýada gurakçylyk sebäpli döreýän tozanly tupanlary güýçlendirýär. Tupanlar bolsa Aral deňzindäki zäherli himiki dökünleri we beýleki howply howa hapalaýjylary töwerekdäki ýurtlara ýaýradýar. Bu hem has köp keselçilige sebäp bolýar: ýiti demgysmalar, deri we göz meseleleri, we birnäçe başga keseller.

Iýmit kemçilikleri: Ösümlik keselçilikleri, zyýan beriji mör-möjekler, ýokuşýan haýwan keselleri, we suw ýetmezçiligi Merkezi Aziýada maldarçylygy we mal önümlerini uly howp astynda goýýar.

Metan adam saglygyna nähili täsir edýär?

Köpçülige elýeter bolan maglumatlara görä, Körpeje gaz ýatagyndan syzyp çykan metan gazynyň düzüminde saglyga täsir edýän beýleki zäherli himikatlaryň bolandygy belli däl. Emma welin, metan syzmalarynyň tebigy gazy çykarmak, saklamak, we ýakmak prosesleri bilen baglydygy mälimdir. Bu bolsa uzaklarda ýaşaýan ilaty hem gaz geçiriji turbalar arkaly metan bilen bile syýahat edýän zäherli maddalaryň howpy astynda goýýar. Bu howply maddalara gaty bölejikler, uçýan organiki birikmeler (VOCs), wodorod sulfidi, toluol, ksilolit, radon we onuň radioaktiw galyndylary degişli. Galyberse-de, kompressor stansiýalarynyň töwereginde azot dioksidi, etan, benzol, propan, metanol ýaly himikatlar hem tapylýar.

↪ Benzol ýaly zäherli hapalaýjyly atmosferadan dem alýan adamlaryň rak bilen keselleme ýa-da immun ulgamyna zyýan ýetme ähtimallygy uly bolýar. Beýle howadan uzak wagtlap dem almak leýkemiýa, önelgelik we ösüş bilen bagly näsazlyklara, we ragyň beýleki görnüşlerine eltip bilýär. Howada zäherli hapalaýjylaryň nähiliräk möçberiniň howpsuzdygy heniz bilinmeýär.

↪ Komressor stansiýalarynyň golaýynda ýaşaýan adamlar respirator we dem alyş kynçylyklaryny başdan geçirip bilerler. Munuň sebäbi bolsa, howa düşýän ýene bir zäherli madda formaldegiddir. Formaldegid köplenç tebigy gaz kompressor hereketlendirijisi tarapyndan bölünip çykarylýar.

↪ Kelleagyry, ýürek bulanma we ýüregiň çalt urmasy uçýan organiki birikmeler (VOCs) ýaly hapalaýjylar bilen hapalanan howadan aşa köp dem alýandygyň ilkinji alamatlarydyr.

↪ Uçýan organiki birikmeler (VOCs) ýerde ozon gatlagyny emele getirýärler. Muňa smog (zyýanly maddalar bilen hapalanan goýy duman) diýilýär. Smog örän howply howa hapalaýjy bolup, adamyň respirator ulgamyna zyýan ýetirip bilýär. Ýiti demgysma, beýleki öýken keselleri we respirator kesellerinden ir ýogalmak ýaly ýagdaýlar hem smogly howada ýaşamak bilen baglanyşdyrylýar.

↪ Gaty bölejikler müňlerçe ýük maşynlary we ençeme kompressor stansiýalarynda işledilýän dizel motorlary tarapyndan howa goýberilýär. Ylmy barlaglar gaty bölejikli howadan dem almagyň öýken gowşaklygyna, ýiti demgysma, ölüm howply däl infarkta, we gan basyşyň galmagyna sebäp bolýandygyny görkezýärler. Gaty bölejikler esasan hem çagalara uly howp salýar. Hapa howadan dem alýan çagalar öýken gowşaklygyndan, beterleşýän demgysma alamatlaryndan, we hroniki bronhitden ejir çekip bilerler. Düzüminde gaty bölejikler köp bolan howalardan dem alýan jemgyýetlerde çagalaryň wagtyndan ir dogulmasy, çagalaryň pes agramly dogulmasy we çaga ölümçiligi has köp duş gelýär.