KESELIŇ DÜNÝÄ SALÝAN AGRAMY: GLOBAL SAGLYGA TÄZEÇE ÇEMELEŞME

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

global saglykLancet žurnalynyň 2019-njy ýylda çykaran Keseliň Dünýä Salýan Agramy atly hasabatynda soňky 70 ýylyň dowamynda adamlaryň saglygynyň yzygiderli gowulaşandygy aýdylýar. Şeýle-de bolsa, global saglyga bütinleý täzeçe çemeleşmek zerurdyr.

Gowy habarlar: 2000-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli, täze dogulýan çagalaryň ömrüniň dowamlylygy 67.2 ýyldan 73.5 ýyla galdy. Şeýle-de, 5 ýaşdan kiçi çagalaryň ölümçiligi 9.6 milliondan 5 milliona düşdi.

Ulalýan kynçylyklar: Hasabat global saglygyň 21-nji asyrdaky ýagdaýy barada "ynjalyksyzlandyrýan soraglary" oýarýar. Ol soraglaryň içine garrap barýan ilat, ýokanç däl keseller, we beýleki kynçylyklar girýär.

Käbir pikirler:

↪ Hemme mesele saglyk ulgamlarynda däl: Adamlaryň sosial-emosional ösüşine üns bermek hem, ilatyň saglygyny gowulandyrmagyň bir bölegi bolmaly.

↪ Alkogol ulanmak, çilim çekmek, we bedeniň agyrlyk indeksi ýaly esasy töwekgelçilik faktorlaryna gönükdirilen berk kanunlaryň döredilmegi möhümdir. "Diňe bularyň zyýanlary barada maglumat bermek meseläni çözmäge ýeterlik bolmaýar".

↪ Ençeme ýurtlarda önelgelik görkezijileri peselip barýar. Bu meseläni immigrasiýa kanunlaryny has liberallaşdyrmak arkaly çözüp bolar.