ÖZ-ÖZÜŇI BEJERMEK NÄMÄ GETIRIP BILÝÄR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

oz ozuni bejermekAdam bedeni üçin her derman del himiki madda bolup durýandyr. Şonuň üçin hem lukman size derman serişdesini bellände, onuň peýdaly we döräp biljek zyýanly taraplarynyň gatnaşygyny göz öňüne tutýar.

Eger siz lukman bolmasaňyz, onda ynamlylyk bilen özüňize kesel kesgidini goýup bilmersiňiz. Käbir ýagdaýlarda hatda hünärmene hem laborator barlaglardan geçirip, dogry bejeriş üçin lukmanlaryň toparynyň maslahatyny almak zerur bolýar. Özüňize özbaşdak ýa-da tanyşlaryňyzyň maslahat bermegi bilen derman saýlanyňyzda, peýdasyz, hatda zyýanly dermanlary almak töwekgelçiliginden gaça durup bilmersiňiz. Siz dermanhananyň işgäriniň kömegine bil baglaýan bolsaňyz, onda ýalňyşýarsyňyz. Farmasewt siziň ýagdaýyňyza doly baha berip bilmeýär we öz beren maslahatlarynyň netijesine jogap bermeýär.

Öz-özüňi bejermegiň ýaramaz netijeleri ýüregiň çalt urmagy, ýüregagyry, gan basyşyň ýokarlanmagy ýa-da peselmegi ýaly alamatlar bilen ýüze çykyp biler. Ençeme dermanlar ganyň ýokary lagtalanmagyna getirip, adamda beýnä gan inme ýa-da ýürek infarkty bolup bilýär. Käbir dermanlar, tersine, gany suwuklandyryp, ganakmalaryň howpuny ýokarlandyryp bilýändir. Adamda gan azlylyk, leýkositleriň azalmagy bolup biler. Ýüzde we bedende örgünler we anafilaktiki şok ýaly allergiki hadysalar hem bolup biljek ýaramaz täsirler hasaplanýar.

Howpsuzlygyna we zyýansyzlygyna doly güwä geçilýän derman ýokdur!

Şonuň üçin hem, hiç haçan lukman bilen maslahatlaşman derman serişdelerini kabul etmäň!