ÖZ GABYŇDA IÝIP-IÇ WE SAGLYGYŇY WE TEBIGATY GORA

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

oz gabyn bilenKafeler, restoranlar, bazarlar, naharhanalar, we barlar – hiç bir plastiksiz!

Häzirki wagtda, ýurdumyzyň kafelerinde we restoranlarynda bir gezek ulanylýan plastik gap-gaçlar we plastik paketler diýseň köp gabat gelýär. Içgileriň ýany bilen plastik turbajyklar, naharyň ýany bilen bolsa plastik gap-gaçlar berilýär. Eger siz galan nahary ýanyňyz bilen alyp gitmekçi bolsaňyz, ony penopolistiroldan (ýylylygy uzak saklaýan) ýasalan guta salyp, plastik pakede dolap berýärler.

Köpçülik bolup iýip-içilýän ýerleriň iýmitdir içgileri müşderileriň ýanlary bilen alyp gelen gaplaryna goýup bermegini nädip gazanyp bolarka? Ýewropa ýurtlarynda, ABŞ-da, Kanadada, Awstraliýada bu medeniýete gabat gelseň bolýar. Emma, biziň ýurdumyzda, adamlaryň plastigiň zyýanlaryndan habarsyzdygy sebäpli, heniz beýle medeniýet ýok.

Näme üçin plastige "ýok" diýmeli?

Plastik öndürilen gününden başlap, tebigatymyza uly zeper ýetirýär. Zawodlar plastik öndürenlerinde millionlarça tonna kömürturşy gazyny atmosfera goýberýärler. Plastik ulanylyp bolnanyndan soň hem, tebigy taýdan çüýräp gitmegi üçin ýüzlerçe ýyl gerek bolýar. Topraga düşen plastik has ownuk bölejiklere bölünip, topragy hem-de ýerasty suwlary zäherleýär. Eger plastigiň mukdary azaldylmasa, geljekde ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlar we şol sanda adamlar, plastigiň ýetirýän zyýanyndan örän ejir çekerler.

Nädip plastige "ýok" diýmeli?

↪ Iýmit almaga gideniňizde, ýanyňyz bilen gaýtadan ulanyp bolýan gap ýa-da torba äkidiň. Taýyn kofe alanyňyzda, kružka görnüşindäki termoslary ulanyň. Restoranlara gideniňizde, galan tagamlary alyp gaýtmak üçin nahar gutusyny alyp gidiň.

↪ "Soramasaň, bermezler" düzgünine eýeriň. Tagamyň nähili gapda öňüňize getiriljekdigini we alýan içgiňiziň ýany bilen plastik turbajygyň berilýändigini öňünden anyklaň. Islegleriňizi aç-açan aýdyň: "Haýyş edýärin, maňa şu gaba guýup beräýiň we hiç-hili plastik gurallar hem-de salfetkalar bolmasyn. "Islegleriňiziň sebäbini şu äheňde aýdyp bilersiňiz: ".. sebäbi men tebigatymyzyň/saglygymyň aladasyny edýärin we plastigi azrak ulanjak bolýaryn".

Baran ýerleriňiz siziň haýyşyňyzy ýerine ýetirmäge razy bolsalar, olara sagbolsun aýtmagy unutmaň! Razy bolmadyk bolsalar, olardan düzgünlerini üýtgetmeklerini haýyş edip görüň.

Her bir müşderi üýtgeşiklik döredip bilýär!

Döwlet söwda gözegçiligi gullugy, jemgyýetçilik dolandyryjylary we marketologlar müşderileri diňleýärler. Olar başda hiç zat bolmaýan ýaly gözlerini ýumsalar-da, jaňlar we ýüz tutmalar ýygnananda, üýtgeşme girizmegiň wagtynyň gelendigine düşünýärler. Siziň bu hereketleriňiz başgalary ruhlandyryp, olara hem görelde bolmagyňyza getirer.

Siz näme edýärsiňiz? Türkmenistanda haýsy ýerlerde az plastik ulanylýar? Suratlaryňyzy, habarlaryňyzy, hekaýalaryňyzy paýlaşyň.

Makalanyň awtory: Batyr Bäşimow

Çeşme: Greenpeace.ru