ÇAGALAR BILEN ENE-ATANYŇ HAÝSY HAS KÖP WAGT GEÇIRMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

unicef videoUNICEF Türkmenistanyň täze wideosyna syn

Biz Saglykda "Çagaň bilen wagt geçir, terbiýesine gatnaş" diýenimizde käbir erkek okyjylarymyz "Saglyk, wagt ýok, men gazanç etmeli! Giň ýeriň gürrüňini edýäň" äheňinde jogap berýärler. Yzygideli barlaglar we ylmy faktlar atalyk mähri ýetmedik çagalaryň hem, çagalaryna mähir bermedik kakalaryň hem, ömrüniň gysga bolup, emosional we fiziki saglyk meselelerine sezewar bolýandygyny görkezýär. Muňa seretmezden, okyjylarymyzyň saldamly bölegi bu çagyryşa müňkürlik bilen garaýarlar. Biz şu hepde UNIСEF-iň hem bu il bähbitli işe goşulandygyna begendik.

29-nji iýunda UNIСEF Türkmenistan "Bile wagt geçirmek" atly wideosyny Instagram hasabynda paýlaşdy. Wideoda çaga psihology Babahan Berdiýew çaga terbiýesinde üns bermeli taraplar barada aýdyp berýär. Gysga wideoda ene-atalara çagalaryna wagt we üns sarp etmek ündelýär, bäbekler we ýetginjekler bilen gürrüňdeş bolmagyň ýaş aýratynlyklary barada gürrüň edilýär.

Biz şeýle mowzuklaryň içgin öwrenilmeginiň tarapdary. Şeýle işleriň we olarda öňe sürülýän gymmatlyklaryň ene-ata we çaga gatnaşyklaryny berkidip, jemgyýetimiziň ösüşine goşant goşma potensiýaly örän uly. Gynansakda, wideoda 9 sany "çagalaryň ene-ata bilen oýnaýan" pursatlarynda diňe ýekejesinde (iň soňky wideoda) ata görkezilen. Bu bolsa UNFPA, UNICEF halkara guramalarynyň ündeýän gymmatlygyna ters gelýäne meňzeýär – atalar çagalary bilen gündelik wagt geçirmek arkaly ata mährini görkezmeli, gazanç ýa sowgat bilen däl. Wideolarda atalaryň çagalary bilen wagt geçirişi şekilledirilmändir, görkezilen maşgalalar atasyz ýaly görünýär. Atanyň öz bäbejigi we ýetginjek çagasy bilen ýasama däl-de, tebigy gürrüňdeşligi alyp baryp bilmegi çaganyň terbiýesiniň möhüm we zerur bölegidir. Biz, pursatdan peýdalanyp, UNICEF-e şeýle bilim-terbiýe maksatly wideolaryň täsirliligini ösdürmek üçin birnäçe maslahat bermek isleýäris:

↪ Şu wagtky wideo "çaga wagty we üns-terbiýäni ene bermeli, ata bolsa gazanç etmeli" diýen zyýanly düşünjäniň saklanyp galmagyna goşant goşýar. UNICEF-e çagasynyň terbiýesine gatnaşýan atalar bilen aragatnaşyk açmagy maslahat berýäris. Şeýle türkmenistanly atalar bar, ýöne olar utanýarlar sebäbi "mähirli we ideg beriji ata bolmak" biziň medeniýetimizde erkege laýyk gelmeýän häsiýet hasaplanýar. Psiholog "günde çaga bilen söhbetdeşlige 20 minut wagt aýyrmaly" diýse-de, wideoda atalaryň kemçilik edýändigi sebäpli tomaşaçyda şeýle sorag döreýär: "Şu 20 min maslahat ene-atanyň haýsysyna degişli?" Belli bolşy ýaly, öý hojalykçy eneler şonsuz hem çagalary bilen 24 sagat wagt geçirýärler. Resmi maglumatlara görä, 2018-nji ýylda hojalyk işleri bilen meşgullanýanlaryň 91.4% aýal maşgalalar ekeni. Şonuň üçin, çaga terbiýesi hem esasan aýallaryň gerdenine düşýär. Döredilýän terbiýe maksatly işlerde şu sanlardan ugur alnyp, atalaryň hem çaga terbiýesine deň gatnaşmagy öňe sürülse, diňe bir çagalara we atalara däl, eýsem bütin jemgyýete peýdaly bolar.

↪ Wideoda "bagt" diňe köpçagalylykda, azyndan 3 çagada beýanyny tapýana meňzeýär. Şu wagt 1-2 çaga edinýän maşgalalar köpelýär we olar hem "bagtly we bagta mynasyp" maşgalalar. Şonuň üçin, döredilýän wideolarda hakyky durmuşdaky ýaly köpdürlülik görkezilse, jemgyýetimizde bagtly bolmaga has kän ýollar açylar.

↪ Psiholog wideoda ene-atalara "gyz ýetginjekler bilen nahar bişirmek" teklibini berýär, ýöne soňunda "ýetginjek bilen gowy görýän naharyny bile bişiriň" diýip, sözüne goşýar. Onuň diňe gyzlaryň nahar bişirmek bilen gyzyklanýandygyny we gyzyklanmalydygyny aňlatmaýandygyna ynanýarys. Ýetginjek oglanlar hem durmuşyň esaslaryny hökman öwrenmeli. Biz tagamly nahar bişirýän türkmenistanly ýetginjek oglanlaryň bardygyna we çaga terbiýesine buýruk bilen gatnaşmaýan atalaryň bardygyna ynanýarys. Biz UNIСEF indiki işlerinde şulardan ugur alar diýip umyt edýäris.

Saglygyň redaksiýasy

Surat: UNICEF Türkmenistan