TÜRKMENISTAN: RAK KESELLERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

tkm rak keselleriSanlar

Jemi kesellänler (2018 ý): 5,828

Jemi rak kesellerinden ýogalanar (2018 ý): 4,079

Rak keselinden sagalma ähtimallygy: 30%

Rak keselleriniň onlugy (eýeleýän ornuna görä)

1. Süýt mäziniň rak keseli

2. Ýatgy boýunjygynyň ragy

3. Ýogyn içegäniň ragy

4. Ýatgynyň ragy

5. Leýkemiýa (akganlylyk)

6. Bagryň rak keseli

7. Oýken ragy

8. Gyzylödegiň ragy

9. Aşgazan ragy

10. Beýniň ragy

Çaklamalar: 2012-nji ýylda 656 adam süýt mäziniň ragy bilen keselläpdir, bu san 2040-nji ýylda iki esse artar.

Medisina hyzmatlary

↪ Ölümi hasaba almagyň hili – pes derejede.

↪ Milli Süýt mäziniň rak keselini barlamak programmasy bar. Oňa degişli hiç hili maglumatlar Internetde ýok. Geçirlen işler we alnan netijeleriň seljermesi barada hiç hili maglumat ýok.

↪ Irki kesgitlemek programmasy ragyň 4 görnüşi üçin (süýt mäzi, ýatgy, içege, çagalyk ýaşynyň onkologiýasy) bar.

↪ Süňk ýiliginiň transplantasiýasy ýok. Dünýä derejesinde ulanylýan himiýaterapiýa protokollarynyň bizde ulanylyşy we ornaşdyrylşy barada maglumat ýok.

Palliatiw ideginiň (agyrsyzlandyryjy) iş mehanizmy bellenilmedik.

Çeşme: WHO – Cancer Country Profile 2020

Sen süýt mäziniň rak keseli barada maglumatlary nirede okaýarsyň? Süýt mäziniň ragyny ir anyklamak üçin geçirilýän "öz-özüňi barlamak" düzgünlerini bilýärsiňmi? Rak keseliniň öňüni almakda Saglyk Öýleriniň serediş otaglarynyň, maşgala lukmanyňyzyň işine nähili baha berýärsiň?