REŇKLE WE ÖWREN: TÜRKMENISTANDAKY TÄSIN, SEÝREK WE ÝITIP BARÝAN HAÝWANLAR, ÖSÜMLIKLER WE KÖMELEKLER

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Renkle we owren

Mähriban ýaş dostlar! Biz "Reňkle we öwren: Türkmenistandaky täsin, seýrek we ýitip barýan haýwanlar, ösümlikler we kömelekler" atly reňkleme kitabyny sizi Türkmenistanyň baý haýwanat we ösümlikler dünýäsi bilen tanyşdyrmak üçin taýýarladyk.

Bu reňkleme kitaby Türkmenistandaky 20 sany seýrek we ýitip barýan haýwanlar, ösümlikler, hem-de kömelekler barada gürrüň berýär.Olaryň her biri reňklemesi aňsat bolar ýaly, ýönekeý suratlar arkaly görkezilen.Şeýle-de, seniň özüň we ene-ataň reňkleme kitabynda suratlandyrylýan jandarlaryň daşky keşpleri, aýratynlyklary, ýaşaýan ýerleri we olara ýitme howpuny salýan zatlar barada öwrenip bilersiňiz.

Reňkleme kitaby iki dilde taýýarlanyldy: türkmen we rus. Mundaky haýwanlar, ösümlikler we kömelekler barada berilýän maglumatlar Türkmenistanyň Gyzyl Kitabyndan alyndy. Neşirler 1999 we 2011 ý. Şeýle-de, kitaba ýurdumyzdaky goraghanalaryň we goralýan zonalaryň kartasyny goşduk.

REŇKLE WE ÖWREN (PDF ~9.6 MB)