USSAT TÜRKMENISTANLY HÜNÄRMENLER

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

charyguly annageldiyewAdy: Çaryguly Annageldiýew.

Käri: Iç keseller lukmany; Gematologiýa we Onkologiýa ugurlaryndan hünärmenlige dalaşgär.

Alan bilim-tejribeleri:

↪ Meram lukmançylyk fakulteti, Selcuk Universiteti (Necmettin Erbakan Universiteti), Konýa, Türkiýe;

↪ Iç keseller rezidenti, Penn State University, Pensilwaniýa, ABŞ;

↪ Gematologiýa we Onkologiýa dalaşgäri, ABŞ – dowam edýär.

Hormat hatlary we baýraklary: 

↪ "Bond and Bradly" Syýahat baýragy, Penn State University;

↪ Rak institutynyň görnükli ylmy-barlag baýragy, Penn State Cancer Institute Annual Retreat.

Işde gazanan üstünlikleri: 

Amerika gelenim bäri esasy leýkemiýa (leýkoz) üstünde ylmy işler alyp barýaryn. Şu wagta çenli 20-den gowrak makalam Amerikanyň abraýly žurnallarynda çap edildi. Edil hazirki wagtda kärdeşlerim bilen ýazan 3 sany täze makalamyz Nature we Cell ýaly žurnallarda neşir üçin syndan geçirilýär. Ylmy işlerimi Amerikan Gematologiýa jemgyýetiniň we Amerikan Rak keseli assosiasiýasynyň halkara duşuşyklarynda prezentasiýa etmek miýesser etdi. Galyberse-de, bu ylmy işlerim üçin birnäçe baýraklara mynasyp boldum. 

Siziň ugruňyz we onuň ähmiýeti barada ilat köpçüligi nämeleri bilmeli?

Meniň esasy ugrum onkologiýa we gematologiýa. Onkologiýa rak keselleriniň we gematologiýa bolsa gan keselleriniň bilimi. Gynansagam, dünýäde her ýyl rak keselinden 10 million ynsan wepat bolýar. Bu bütin ölümleriň 6-dan birine deňdir. Dünýäde iň köp gabat gelinýän rak keselleri bolsa öýken, göwüs, içege, aşgazan we prostata rak keselleridir. Çilim çekmek, alkogol içmek we semizlik rak keselleri üçin in esasy töwekgellik faktorlardyr. Rak keselleriniň 10-15%-ine hroniki infeksiýalar sebäp bolýar. Eger bejerilmese, hroniki Gepatit B ýa-da C infeksiýasy bagryň rak keseline ýazyp bilýär. Gysgaça aýdanyňda, töwekgellik faktorlaryny ýok etmek bilen rak kesellerini 30-50% azalmak mümkin. Rak keselinden ölümleri azaltmagyn iň esasy ýollaryndan biri hem bu keselleri gowy tanamak we dowürleýin barlaglardan geçmekdir. 

Näme üçin käriňi dowam etdirmek üçin Amerikany saýladyňyz?

Amerika häzirki zaman medisina, lukmançylyk dünýäsiniň merkezi hasaplanýar. Medisinada täze, innowasion çemeleşmeler ABŞ-da çalt durmuşa geçirilýär. Şeýle merkeziň içinde bolup özümi ösdürmek we bu ösüşlere goşant goşmak meniň iň uly motiwasiýam boldy.

Lukman bolmak isleýän ýaş türkmenlere maslahatyňyz: 

Lukmançylyk ugruny okamak isleýän ýaşlary öňünden gutlaýan, şeýle gowy käri saýlandyklary üçin. Lukmançylyk käri gaty bir mukaddes kär. Sebäbi bu kär bir ylmy sungat we bu sungat bize adamlar üçin iň gymmatly bolan zady – saglygy – goramaga we bejermäge mümkinçilik berýär. Kärde başarnykly bolmak üçin iň esasy zat bolsa bu käri söýmek. Eger okaýan okuwyňy we edýän käriňi söýseň, senin öňüňde böwet bolup biljek zat ýokdur.

Gadyrly okyjy, ussat türkmenistanly lukman, alym, saglyk pudagynyň hünarmeni barada makala, maglumat paýlaşmak isleýärmiň? Onda biz bilen habarlaş.