SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.73 (15 Ses)

«Saglyk  — bu her kimiň özbaşdak ýetmeli belentligidir!» diýen jümle bar. Bu jümle hiç döwürde-de öz döwrebaplygyny ýitirmez. Her bir adamyň durmuş hiliniň ýagdaýy onuň saglyk ýagdaýyna baglydyr. Şonuň üçin-de, sagdyn durmuş ýörelgesinden ýöremek diýseň wajypdyr.

Az hereketli durmuş, kadalaýyk iýmitlenmezlik, dyngysyz ýüregi sardyrýan durmuşy ýagdaýlar, işdäki kynçylyklar, erbet endiklere ýykgyn bolmak, ukyny almazlyk — bularyň bary ne owadanlyga owadanlyk goşýar, ne-de sagdynlygy berkidýär. Bütindünýä Saglygy Saklaýyş (BSG) guramasynyň esasy şygarlarynyň biri şeýle diýýär: «Diňe keselleriň we beden kemçilikleriň bolmazlygyny däl, eýsem doly fiziki, ruhy, ahlak we jemgyýetçilik abadançylygynyň bolmagyny gazanmalydyr».

Durmuşda iň esasy zat saglykdyr.

Saglygyň gadyryny bilýän adam sagdyn durmuş ýörelgesinden ýörejek bolýandyr. Sagdyn durmuş şahsy durmuşda üstünligi, işde öňe gidişligi, owadanlygy we saglygyň hilini kepillendirýär. Bu ýörelgäniň esasy ugurlary hemmeler aýan bolup, her bir adama başardýandyr.

Öz duýgularyňa, ýagny emosional ýagdaýyňa erk etmegi başarmalydyr. Biziň gündelik durmuşymyza aňsat we asudadyr diýip bolmaz. Ýöne şonda-da, her bir ýagdaýyň ýagşy tarapyna üns berjek bolmaly.

Gün tertibini saklamak, ýagny dogry we oňat gurnalan zähmet, oňat dynç alyşlar we ukyny almaklyk sagdyn durmuş ýörelgesiniň maksatlaryna ýetmäge ýardam berýär.

Gün tertibini saklamaklyk hatda agyr geçen günüň ýadawlygyny aýryp, maşgala we öý işleri üçin hem wagtyň ýetmegine mümkinçilik döredýär.

Çilimkeşlik, spirtli içgilere ýykgyn bolmak — ömri gysgaldýan faktorlara degişlidir. Olar adamy tiz garradýarlar. Tersine, bu endiklerden ýüz dönderilende ömrüň kuwwatlylygy artdyrýar.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniemele getirýän esasy şertler.

Esasy şertler — bu beden maşklaryny yzygiderli edip, dogry iýmitlenmekdir.  Sebäbi şu iki şert özüňi oňat duýup, bagtyýar we çydamly bolmaga ýardam edýärler.

Hereketjeňli durmuş — bu beden maşklaryny etmek, pyýada ýöremek, tämiz howada (seýilgählerde) gezelenç etmek, tebigata gezelenje gitmekdir. Sport türgenleşiklerine  yzygiderli gatnaşmak  wajypdyr. Oňat netijeleri gazanmak üçin bu türgenleşiklere uzak wagtyň dowamynda gatnaşmalydyr. Gezelenje gideniňizde şäheriň goh-galmagalyndan, ulaglaryň tüssesinde uzagrak ýerleri saýlaň.

Bu zatlaryň bary erjelligi talap edýär, ýöne edeýin diýseň, başartmajak zat ýokdur.

Şu ýokarda agzalan şertler bilen birlikde dogry iýmitlenmegiň talaplaryny hem berjaý etmelidir. Dogry iýmitlenilmese, sagdyn durmuş ýörelgesini edinmek mümkin däl. Muny  lukmançylygyň hemme hünärmenleri tassyklaýar.

Kosmetologlar hem öz gezeginde sagdyn durmuşyň owadynlygyň esasydygyny nygtaýar. Olar ýaşlygy uzaltmagyň, özüňi oňat duýmagyň, owadanlygyň, hereketjeňligiň we dogry iýmitlenmegiň wajypdygyny belleýärler.

Dogry iýmitlenmek – bu organizm üçin zerur bolan ýokumly iýmiti kabul etmekdir. Dogry i‎mitlenmäniň esasy ‎‎kadasy çenden artyk iýmezlikdir. Howul-hara bişirilen naharlardan gaça durmalydyr. Süýjülikleri hoz, bal bilen çalşyrylsa oňatdyr. Tebigy önümleri (balyk etini, ösümlik: zeýtun, günebakar ýaglaryny, et, guş etini, gök önümleri, ir-iýmişleri) iýmäge ymtylmalydyr. Şu önümleriň utgaşdyrylmagy, naharlaryň buglanyp taýýarlanylmagy, suwuň ýeterlik derejede kabul edilmegi —kadalaýyk agramy saklap, semizlikden we ol zerarly döreýän kesellerden goranmagyň girewidir. Oňat we dogry saýlanan iýmitlenme — sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir.

Gyzykly we sagdyn durmuşda ýaşamaga bolan ymtylyş, öňe hereket etmek, täze sepgitlere ýetmäge bolan höwes — bularyň bary sagdyn durmuş ýörelgesiniň hem maksady, hem netijesidir.