PALLIATIW KÖMEK: KÖP SORALÝAN SORAGLARA JOGAPLAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

Palliatiw kömekpalliative care faq agyr kesele duçar bolan pasiýentleriň we olaryň maşgalalarynyň ýüküni ýeňledip, durmuş hilini gowulandyrýar.

Palliatiw kömek kimlere gerek?

Durmuşynyň hiline täsir edýän ýa-da juda ynjalyksyzlyga salýan agyr keselden ejir çekýän islendik adam palliatiw kömekden peýda tapyp biler. Köplenç palliatiw kömege mätäç adamlaryň hroniki keseli bolýar: ýürek-damar keselleri, rak keselleri, hroniki dem-alyş ýollarynyň keselleri, AIDS we süýji keseli. Başga-da ençeme keseller palliatiw kömegi talap edip bilýärler, meselem, böwrek durmasy, demensiýa, dermanlara durnukly inçekesel, ýaýraň skleroz we rewmatoid artiti.

Palliatiw kömegiň adaty lukmançylyk kömeginden nähili tapawudy bar?

Adaty saglyk işgärleri pasiýentiň umumy saglygyna we keseliniň bejergisine üns berýärler. Palliatiw kömek berýän saglyk işgärleriniň üns merkezinde agyrylara we simptomlara çäre görmek, pasiýentiň durmuş hilini gowulandyrmak we pasiýente we onuň ýakynlaryna keseliň döredýän stresi we aladasy bilen göreşmäge ýardam bermek ýatýar.

Palliatiw kömegi haçan alyp bolýar?

Palliatiw kömegi agyr keseliň ähli döwürlerinde hem kabul edip bolýar. Ony beýleki bejergileriň hatarynda näçe ir alyp başlasaň şonça gowy.

Palliatiw kömegi nähili hünärmenler berýär?

Palliatiw kömek alýan pasiýente bir ýa iki däl-de, hersi aýratyn başarnykly dürli hünärmenler topary hyzmat edýär. Olar pasiýentiň öz lukmany bilen bilelikde işleşip, goşmaça goldawçynyň ornuny tutýarlar. Olaryň käbirleri: lukmanlar, şepagat uýalary we agalary, jemgyýetçilik işgärleri, farmasewtler, fizioterapewtler, dietologlar, psihologlar, palliatiw kömek berýän meýletinçiler.

Palliatiw kömek anyk nämeleri üpjün edýär?

Bir söz bilen aýdylanda, ol pasiýente agyr keseline garamazdan agyrysyz, rahat, işjeň we aladasyz durmuşda ýaşamaga kömek edýär. Bu kömegi alýanlar:

↪ Keseliň alamatlaryndan we gaýgy-gamlardan ynjalýarlar;

↪ Kesele, onuň diagnozyna we bejergisine has aýdyň düşünip bilýärler;

↪ Kesele çäre görmekde düşündiriş we goldaw alýarlar;

↪ Kesel bilen bagly dürli kararlara gelmekde ýardam alýarlar;

↪ Diňe fiziki däl, emosional we ruhy goldaw alýarlar.

Palliatiw kömegiň uly aýratynlyklarynyň biri pasiýenti agyrydan ynjaltmakdyr. Bu bolsa opioidleriň ulanylmagyna zerurlyk döredýär. Opioidler demgysma ýaly, beýleki ynjalyksyzlandyryjy simptomlary hem ýeňledýärler.

Opioidler ýaly, agyry kesiji dermanlar baglylyk döredýärmi?

Baglylyk zyýanly täsirlerine garamazdan, erkiňi elden berip, bir serişdäni yzygiderli ulanmak bolup, ony bes etmekligi başarmazlyk, borçlaryňy berjaý edip bilmezlik we käwagt serişdä bolan durnuklylygyň ýüze çykmagy bilen häsiýetlendirilýär. Agyrylaryna çäre görmek üçin agyra garşy dermanlary içýän pasiýentlerde baglylyk örän seýrek gabat gelýär. Emma olarda dermana bolan durnuklylygyň döremegi mümkin we agyrylaryndan ynjalmak üçin dermanyň has köp mukdaryny kabul etmeli bolup bilerler. Ýöne, bu baglylyk däldir we islendik derman bilen hem ýüze çykyp bilýär. Şeýle-de, pasiýentde dermany yzygiderli islemek endigi döräp bilýär, emma bu ýagdaý haçanda agyry ýeterlik derejede aýrylmasa bolup geçýär we agyra ýerlikli çäre görlende ýitirim bolýar.

Palliatiw kömegi keseliň adaty bejergileri bilen bir wagtda alyp bolýarmy?

Elbetde. Pasiýentiň bejergä degişli islegleri özüne baglydyr. Ol islese palliatiw kömek bilen beýleki bejergileri deň-deňine kabul edip biler.

Palliatiw kömegi nirede alyp bolýar?

Palliatiw kömegi birnäçe ýerde alyp bolýar: hassahanada, klinikalarda, ýörite palliatiw kömek berýän merkezlerde ýa-da öz öýüňde.

Palliatiw kömegiň pasiýentden başga kime peýdasy bar?

Palliatiw kömegiň özeninde pasiýentler bilen deň hatarda olaryň maşgalalary hem bar. Galyberse-de, mundan lukmançylyk işgärleri hem uly peýda görýärler, çünki pasiýentiň çekýän jebrini azaldyp, durmuş hilini gowulandyrmak olaryň işiniň manysyny we gadyr-gymmatyny artdyrýar.

Mähriban okyjy, sen Türkmenistanda palliatiw kömek barada näme bilýärsiň? Ol nirede we nähili berilýär?

BSGG